DÜNÝÄ

Marokkoda güýçli ýer titredi

Marokkoda düýn agşam güýçli ýer titreme boldy. Ýeropa-Ortaýer deňzi Seýsmologiýa merkeziniň habar bermegine görä, bu ýurtda 7 bal ululygynda bolup geçen ýertitreme köp sanly adam pidalaryna we weýrançylyklara getirdi.

Ýertitreme hadysasynyň ýurduň paýtagty Marrakeş şäheriniň günorta-günbataryndan 80 kilometr uzaklykda bolup geçendigi bellenildi. Marrakeş şäherinde 839 müň adam ýaşaýar.

Ýertitreme hadysasynyň 10 kilometr çuňlukda bolandygy mälim edildi.

Marokkonyň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, bu ýerasty sarsgyn ýurduň birnäçe şäherlerine öz täsirini ýetirdi.

Hindistanyň paýtagty Täze Deli şäherinde “G20” sammitine başlyklyk edýän Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi Marokkonyö halkyna ähli mümkin bolan kömegi bermäge taýýardyklaryny mälim etdi.

Marokkanyň milli geofiziki instituty Marakeşde bolup geçen 7 ball ululykda ýer titremesiniň ýurduň taryhynda geçen asyryň iň uly ýer titremesi bolandygyny aýtdy.

Related posts

Japarow: Gyrgystan Daglyk şäherleriň halkara assosiasiýasyny döretmek başlangyçy bilen çykyş edýär

Türkmenistan Migrasiýa meseleleri boýunça Global Foruma gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýany öwreniş halkara institutynyň direktorynyň Aşgabada sapary