BIZNES

«Malaý» känindäki gaz gysyjy bekedi ulanmaga taýýar

Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylyň ilkinji wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi bilen halkara ähmiýetli birnäçe infrastruktura desgalaryny ulanyşa girizmäge taýýarlamak meselelerini maslahatlaşyldy. Bu barada “oilgas.gov.tm” internet neşirinde hem bellenilip geçilýär.

Ulanyşa girizmäge taýýar edilen desgalaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Malaý gaz känindäki gaz gysyjy bekedi, Akina-Andhoý demir ýol şahasy, Ymamnazar-Akina, Mary welaýatyndaky Serhetabat-Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, Kerki elektrik bekedinden türkmen-owgan serhedine çenli elektrik geçiriji ulgamlary bar.

Bu ulanmaga taýýar edilýän desgalaryň hataryndaky Malaý känindäki gaz gysyjy bekedini gurmak boýunça taslamany «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda «Petro Gas LLP» britan kompaniýasy amala aşyrdy. Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti 2018-nji ýylyň 22-nji awgustynda gol çekdi. Onuň kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr gaza barabardyr.

Malaý — Türkmenistanyň iri gaz känleriniň biri bolup, bu ýerde ençeme ýyllardan bäri tebigy gazy netijeli çykarmak işi alnyp barylýar. Türkmenistan — Hytaý döwletara gaz geçirijisine «mawy ýangyjy» ibermek işi hem hut şu känden amala aşyrylýar.

Bu infrastruktura desgasyny gurmak boýunça «Türkmengaz» DK bilen «Petro Gas LLP» kompaniýasynyň arasynda şertnama türkmen tebigy gazynyň eksportyny artdyrmak maksady bilen baglaşyldy. Täze gazkompressor desgasynyň ulanyşa girizilmegi «mawy ýangyjyň» eksport möçberlerini artdyrmaga ýardam eder.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Waşingtonda türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça assosiasiýasy döredildi

Türkmenistanda düýe ýüňünden we geçi çöpürinden ýüň ýüplük öndüriler