SIZDEN GELENLER

Magtymguly, sözüm bilene sözdür

Şygryýet äleminiň ummany beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez goşgularyndaky öňdengörüji pelsepewi pikirler diňe bir döwre, bir halka degişli bolman, eýsem, ähli halka, ähli döwre degişlidir. Asyrlar geçen-de bolsa, şahyryň halkyna, geljegiň belent sepgitlerine, ýol-ýodalaryna arzuwy “Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr, erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy” diýlen öňdengörüjilikli danalyk häzir biziň zamanamyzda – Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýar. Diýarymyzda alnyp barylýan tutumly işleriň hemmesi beýik akyldaryň arzuwlan köňül küýsegidir.

Döwrüniň alymy Magtymguly Pyragynyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň, Gündogar edebiýatynyň görnükli wekilleri Nyzamy, Firdöwsi, Saady, Jamy, Nowaýynyň öňdengörüjilikli däpleri şahyra örän güýçli täsir edipdir. Şunlukda şygryýet äleminiň ussadynyň goşgy setirleri şol däplere eýeriji bolup, şol täsiriň güýjüni saklapdyr. Muny şahyryň ýazan dürli döwürlerdäki goşgularynda aýdyňlykda görmek bolýar. “Sözüm ýerde galmaz, diýdigim geler, nazarym kimýadyr, mis altyn bolar” diýlen akyl dürüniň egsilmez setirlerinde şahyr himiýa ylmyny öwrenýändigi, misden gymmat bahaly metaly alyp bolýandygy barada söz açýar. Şahyr “Hynany ýaksaň reň bolar, gyzyly sökseň seň (daş) bolar”, ýa-da “Hozuň daş gabygy gülälek suwun, garyp saça çalsaň, gara reň bolar” diýmek bilen reňkleriň alnyş usullaryny örän ussatlyk bilen beýan edýär. “Ýagmyr ýagdyr, Soltanym” şygrynda şahyryň ynsan durmuşynda wajyp hyzmaty bolan tebigy hadysalaryň: ýagyş-ýagmyryň, garyň öz wagtynda ýagmagyny, “Ýamanlyk göterlip ýaýylsyn iller, rehm eýleýip ýagmyr ýagdyr, Soltanym” diýip, Beýik Allatagaladan dileg edýär.

“Dile gelen sözleri köňül nagşy edip, taraşlap şagladan” söz ummany Magtymguly Pyragy “Dag saýar” goşgusynyň “Sirke aýdar: “Bal menem”, nebit özün ýag saýar” setirlerinde dürli himiki maddalaryň biri beýlekisi bilen garylyp, ynsan durmuşy üçin zerur, peýdaly maddanyň tebigy şertlerde alnyp bolunýandygyny tekrarlaýar. Ussatlyk bilen beýan edilýän ylmy-barlag şahyryň döredijiliginiň, alymlyk derejesiniň köpugurlydygyndan habar berýär.

Şahyryň şygryýet älemindäki tebigatyň bolluk bilen eçilen suwuna, dürli görnüşdäki janly-janlarlaryna, ösümlik dünýäsiniň görnüşleriniň waspyna ser salsaň, öz döwrüniň “ägirt uly ensiklopediýasy”, öňdengörüjisi divip düşünýärsiň. Bu pikirimizi söz ussadynyň “At islärin” goşgusynda “Halal ryzk ber, kesp bildir, kimýa atlyg ot islärin” setirleri tassyklaýar.

Şahyr magdanlaryň ýerleşen territoriýalary bilen-de tanyş bolupdyr. Ony “Aly siziňdir”goşgusyndaky:

 

Bagşaşyň bent eder biler-bilmezi,

Ykbalyň nist (ýok) eder dogry gelmezi,

Dükan käni (hazynasy) Jahangiriň almazy,

Badahşan magdany-lagly siziňdir –

diýen setirlerde almazyň (göwheriň), laglyň (rubiniň) örän gymmat bahaly daşlaryň hazynasy salgy berilýär.

Gündogar şahyrlarynyň däplerini dowam etdiriji ussat şahyr “Jahan peýda” goşgusynda ösümlikleriň ösüşinde daşky gurşawyň (howanyň, ýagtylygyň…) wajyplygyny nygtaýar. Goşguda “Dähr içre bolar  hemdem, jahan içre jan peýda” diýlip ösümlikleriň ýaz paslynyň ýoldaşydygyny (hemdemi), bu döwürde olaryň janlanýandygyny, kislorod bilen baýlaşýandygyny tekrarlaýar. Ekini ösdürip ýetişdirmekde suwuň ähmiýetini “Kadyr Alla, dökgün rahmet barany, ekiniň hemdemi ýeriň ýarany” diýip, ösümlikleriň tebigatdaky ornuny, suwuň olaryň iň ýakyn ýoldaşydygyny (hemdemdigini) belleýär. Bu pikiri şahyr “Gögerer ýagmyryň suwy birle ýer”, “Ýagmyr birle ýer gögär…”. Ýerlere baran (ýagyş) gerek diýip tekrarlaýar. Beýik akyldar Magtymgulynyň ýaşan döwri üçin bu açyşlaryň hemmesi öňdengörüjiligiň iň ýokary alamatydyr.

Şahyr ýaz paslynyň gelmegi bilen jahanyň ýaşyl reňke bürenýändigini al-elwan gülleriň açylyp, hoştap howa döredýändigini belleýär. Adam ýaşaýşy üçin ýaramly gözellikleri, ýaramly zerurlyklary döredýän ösümlik dünýäsiniň ynsan ýaşaýşyny emele getirýändigini “Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda, ebrler (bulutlar) awaz urup, dag kylar duman peýda” – diýýär.

Magtymguly Pyragy pelsepewi goşgularynyň käbirini daglara, baýyrlara, belentliklere, düzlüklere, olaryň gözelliklerine bagyşlap, “Daglar ýeriň myhydyr” diýýär. Şahyr beýle diýmek bilen daglaryň ýeriň özenidigini belleýär. Ylmy açyşlarda aýdylyşyna görä, dogrudan-da, Ýeriň emele gelmeginde daglar ilki döräpdir. Olar örän gaty jisimlerden düzülipdirler. Daglaryň ýeriň platformasy, fundamentidigini geologiýa, geofizika ylymlary tassyklaýar.

Tebigatyň kanunalaýyklygyna görä, uzak wagtyň (ýüz, müňýyllyklaryň) geçmegi bilen “Boz dumanly beýik daglar, garraýyp zemine (ýere) batar”, şeýle-de “Serin duman  tutan bu belent daglar, gojalyp serinden duman göterler” diýip, daglaryň-da wagt geçse, gaty daşlarynyň topraga öwrülýändigini; olaryň ýere siňip gidýändigini ýazýar Beýik akyldar ýeriň ýedi gatdan düzülendigini “Aşyk boldy är Ýusubyň görküne, saldylar ýedi gat ýeriň berkine” diýip ýer gurluşyndaky hakykaty düşündirýär. Hakykatdan-da ylmy taýdan alanyňda-da onuň şeýledigi dogry. “Aglarlar” goşgusynda “Sag-salamat sermest bolup gezen jan, dört belanyň birisinden aglarlar” diýmek bilen ynsan ýaşaýşynda oduň, suwuň, ýeriň, ýeliň kähalatlarda örän uly betbagtçylyga, elhençliklere getirýän tebigy hadysalar döreýändigini “Dag dereler lerzan urar owsun atyp sil biläni”, “Weýran bolar beýik jaýlar, ýagmyr ile ýel biläni” diýýär.

Şahyr jahankeşde bolupdyr. Ol köp ýurtlara syýahat edip, olaryň ýaşaýşy däp-dessurlary, ýerli şertleri, howasy, ösümlik dünýäsi bilen tanyş bolupdyr. Bularyň hemmesi beýik ummanyň goşgy setirlerinden eriş-argaç bolup geçýär. “Hindistanda hyýalym” goşgusunda:

 

Gözüm görmüş Hindistan,

Eýran bilen hem Owgan,

Umman Hazar, Dehistan,

görsem mizana düşmez.

“Ussesi bolmaz” goşgusyndaky:

Bagdatda nar bişse, Turşişde (dag ady) injir,

Hyrat dek hiç ýeriň pissesi bolmaz.

Bagdatda gyş bolmaz, Gyrgyzda tomus,

Bulgaryň şähriniň ýassysy bolmaz –

setirler şahyryň diňe bir jahankeşde bolman, gezen ýurtlarynyň howasyny, ösümlik dünýäsini beýan etmegi Magtymguly Pyragyny ylmy jähtden-de örän ýokary derejelere ýetirýär.

Beýik alym şahyryň daglaryň, deňizleriň, derýalaryň, tokaýlaryň ýurduň howa şertlerini döredýändigini, üýtgedýändigini bilmegi we ony goşgy setirlerine salyp halka hödürlemegi şahyryň alymlyk derejesiniň ýokary basgançagydyr. “Köňül joşundadyr” goşgusynda:

Köňül bir beden  şahydyr,

Her söz köňül joşundadyr.

Ýedi yklymyň tagtynda,

Her biri bir işindedir –

diýmek bilen ýedi yklym (kontinent) barada söz açylýar. Bu bolsa şahyryň dünýäniň gurluşy baradaky ylymlardan habarlydygynyň nyşanydyr. Şol goşguda:

Üç essesi däli derýa,

Bir esse ýerde müň gowga,

Kim biler bu köne dünýä,

Ýa, Rep, niçe ýaşyndadyr –

diýip, Ýer şarynyň üç böleginiň suwdugyny bir böleginiň gury ýerdigini tekrarlapdyr. Elbetde, bu aýdylan sanlar göni gabat gelmese-de, onuň hakykata ýakyndygyny bellemek örän ýakymly. Çünki şahyr örän giň dünýägaraýyşly, öňdengörüji filosofdyr (pelsepeçidir). Goşgy setirlerinden görşümiz ýaly, ol ýeriň haçan dörändigini, onuň näçe ýaşyndadygyny bilmek arzuwyny edýär.

Magtymguly Pyragynyň wesýet eden bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasy halkyň taryhyny öwrenmekde, watansöýüjilik, edep-terbiýe, geljege bolan ymtylyşy, ylma-bilime söýgini döretmekde uly ähmiýete eýedir. Çünki onuň döredijiligi türkmen dilinde neneňsi  baýlyklaryň bardygyny we dünýä şeýle ajaýyp şahyry beren halkyň nähili ruhy güýjüniň bolandygyny görkezýär.

 

Ogultäç Rejepowa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň

                                                               mugallymy.

 

Hytaý Aýda beket gurar

 

 

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty