SPORT

Lowren “Zenitde”

Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň goragçysy Deýan Lowren Russiýanyň “Zenit” toparyna geçdi. “Zenit” topary 31 ýaşly horwatiýaly oýunçy bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy.

“Zenit” Sankt-Peterburgda Deýan Lowreni garşylaýar we janköýerleri bilen bilelikde üstünlik arzuw edýär! ” diýip, – rus toparynyň web sahypasyndaky habarynda bellenilýär.

Futbolçynyň transferiniň bahasy 12 million ýewro, aýlygy bolsa ýylda 2,5 million ýewro tölenjekdigi habar berildi.

Lowren 2014-nji ýyldan bäri “Liwerpul” toparynda çykyş edip gelýär. “Liwerpul” üçin 185 oýun oýnady we 8 gol geçirdi. 2018/19 möwsüminde “Liwerpul” bilen Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy we bu ýyl Angliýanyň çempiony bolmagy başardy. Horwatiýa milli ýygyndysynyň düzüminde 57 oýun oýnady we 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynda kümüş medaly gazandy.

Ýene-de okaň

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi

Dünýä çempionaty-2026: ýatda galan gyzykly maglumatlar

Türkmenistan Bakuwda geçiriljek ýaşlaryň dünýä çempionatyna gatnaşar