SIZDEN GELENLER

Küşt- özüňi tanamagyň ýoly

“Küşt – bu sport oýny” diýip jogap bermeklik kanagatlanarly däl, sebäbi şeýle diýmeklik bilen onuň sportuň beýleki görnüşlerine meňzeýän diňe bir tarapyny görkezýäris (bäsdeşlik wagty, turnirlere gatnaşmaklyk, gujurly güýç). Küşt oýnunyň hem edil sportuň beýleki görnüşleri ýaly özüne mahsus aýratynlygy bar. Ine, şu aýratynlyklary ýüze çykarmak bilen onuň peýdasyna we jemgyýetçilik ähmiýetine dogry baha berip bileris.

Küşt oýnunyň gelip çykyşy baradaky rowaýat, elbetde, her bir küştçä mälimdir. Söweşjeň patyşasyny weýrançylykly uruşlardan halas etmek isläp, oňa küşt oýnuny hödürlän brahminiň hekaýasy ýadyňyzdamy?! Küştüň döreýşi baradaky rowaýatyň hakykylygyna garamazdan, onuň uly manysy bar: küşt – göreşiň beýany. Göreş bolsa adam bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Ýöne küşt diňe harby çaknyşygy görkezýär diýip hasaplamaklyk düýbünden ýalňyşdyr. Küşt – bu göreşiň abstrakt beýany, ýagny dialektiki gapma-garşylyklaryň görkezijisi. Küşt oýnunda gapma-garşylyklar ýüze çykýar, çözülýär we ýene gaýtadan emele gelýär. Lasker “Küştüň dogry manysy” atly kitabynda ownuk artykmaçlyklaryň toplanmagynyň iru-giç hil üýtgemelerine getirýändigi barada aýdýar. Ony bolsa amatly pirimler ýüze çykanda ulanyp bolýar.

Küşt oýnunyň 2,5 müňýyllyk taryhynyň bolmagy ýöne ýerden däldir. Adamzat jemgyýetçilik hukukda we gurluşda dialektikanyň esasy kanunlaryny ýüze çykarýan, abstrakt görnüşde beýan edilýän, emma aýdyň oýnalýan oýna duşdy. Bu oýunda ynsan özüni tanaýar.

Tehniki döwürde adamzadyň tebigat we öz-özi bilen alyp barýan göreşi jemgyýetiň esasy bölegi bolup durýar. Geraklitusyň sözleri bilen aýdylanda “Jedel – ähli zadyň özeni”. Ylmy gözlegler döwründe daşky gurşaw bilen gapma-garşylyklar adamzatdan tutanýerliligi, ünsliligi, batyrgaýlygy we töwekgelçiligi, öz-özüňe tankydy, duçar bolnan şowsuzlyklara we lapykeçlige çydamlylygy we hemişe üstünlik üçin göreşmekligi talap edýär.

Hakyky şahsyýeti kemala getirýän bu gymmatly häsiýetler sallançakda oturan adama berilmeýär. Olar aňyň ösmegi netijesinde döreýär. Biziň belläp geçen küşt oýnumyz bolsa şu ajaýyp häsiýetleriň kemala gelmegine goşant goşýar. Öz oýnuna tankydy baha berip bilmeýän küştçi utuş gazanyp bilmez. Her bir ýitgi küştüň tankytlarydyr. “Küşt erk-islegiň ajaýyp mekdebidir, ol özüňe erk etmegi we berkligi talap edýär” diýip, professor Klaus hem belläpdir.

 

                                                                                             Annagöze MEKANOWA,                                                                  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,

Bütindünýä küşt merkeziniň Ussady

(Woman FIDE Master)

 

 

Türkmen gelin-gyzlaryň saýty hereket edip başlady:Turkmengazet.com

 

 

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika