JEMGYÝET

Kuraş-2023: Sabina Kadyrowa altyn medal gazandy

Paýtagtymyz Aşgabatda dowam edýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň 2-nji gününde Wepa Awlýakulyýewden soňra Sabina Kadyrowa hem-de altyn medal gazandy.

Dünýä çempionatynyň dowamynda gyzykly hem-de çekeleşikli tutluşyklar geçirilip, türkmen türgenleriniň üstünligi bilen jemlenýär.

78 kg agramda çykyş eden Sabina Kadyrowa güýçli garşydaşy, kuraş sportunyň dörän ýurdy bolan özbegistanly Filura Ergaşowany ýeňip, altyn medal gazandy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň bu çempionatda gazanan altyn medallarynyň sany 4-e deň boldy. Şeýle hem türkmen türgenleri 3 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar.

Related posts

9-njy iýuldaky howa maglumaty

Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky täze şertnamalara gol çekdiler

Ata Watan Eserleri

Yabancı şirketlerden Türkmenistan’a büyük ilgi

vepa