JEMGYÝET

Türkmenistan Maldiwler Respublikasyna ilçi belledi

Türkmenistan özüniň diplomatik gatnaşyklarynyň gerimi barha giňeldýär, şunuň bilen baglylykda, Maldiwler Respublikasyna ilçi bellendi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminama gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şalar Geldynazarow şol bir wagtda Türkmenistanyň Maldiwler Respublikasyndaky ilçisi wezipesine bellendi.

Maldiwler Hindi ummanynda Hindistanyň we Şri-Lankanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän arhipelagiki döwletdir.

Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar.

Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçileri, BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti ilkinji döwlet sapary bilen Gruziýa bardy

Ahalteke atlarynyň dünýä çempionaty üçin meýletinçiler taýýarlanýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 23-nji sentýabrda geçiriler

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabatda saparda boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy