SPORT

Köne topardaşlar duşuşdy

«Liga 1»-iň üçünji tapgyrynda «Brest» bilen geçirilen (4:2) duşuşygyň düzümine alynmadyk PSŽ-niň hüjümçileri Messi bilen Neýmar Barselona şäherine gaýtdy.

«Mundo Deportivo»-nyň habaryna görä, olar Kastelfedels şäherçesine gelip, «Atletikonyň» hüjümçisi Luis Suaresiň myhmany boldular. Bu ýerde köne topardaşlar birek-birek bilen ýürekdeş söhbet etdiler.

Messi bilen Neýmaryň Pariže haçan gaýdyp barjakdygy heniz belli däl.

Bu üç futbolçynyň «Barselonada» bile çykyş edendigini ýatladýarys.

Polina Gurýewany sylaglama dabarasyndan suratlar

Related posts

Türkmen türgenleri 8 aýda 490 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýanyň iň köp gazanýan futbolçylary we tälimçileri

Ýewro-2020: Ýarym final duşuşyklary