TEHNOLOGIÝA

Kompaniýanyň ilkinji simsiz gulaklygy bolar

“OnePlus” kompaniýasy özüniň ilkinji simsiz gulaklygyny öndürmegi meýilleşdirýär. Ol TWS ady bilen müşderilere ýetiriler. Täze simsiz gulaklygyň haçan satuwa çykaryljagy barada heniz belli sene aýdylmaýar. Ýöne kompaniýanyň hünärmeni täze önümleri barada şeýle gürrüň berýär.

— “OnePlus Buds” iýul aýynda satuwa çykar. TWS gulaklyklarynyň amatly bahadan “OnePlus Z” smartfony bilen birlikde iýul aýynda satuwa çykarylmagyna garaşýarys. Şu ýerde bellemek isleýän zatlarymyň biri hem kompaniýamyzyň simsiz gulaklary “Apple AirPods” we “Samsung Galaxy Buds Plus” bilen gönüden-göni bäsleşer. Önümiň bazara çykarylandan soň bazarda näderejede oňat netije berjekdigini görmek biz üçin örän gyzykly — diýip, aýdýar.

Related posts

“Amazon” onlaýn görnüşde awtomobil satyp başlar

Ata Watan Eserleri

Domen atlaryny we internet saýtlaryny bellige almagyň tertibi tassyklandy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Köp garaşylan “Xiaomi 12” seriýasy hödürlendi: Ine aýratynlyklary