HEKAÝALAR

Kitjin (hekaýa)

Obamyzyň gaýra gyrasynda ýalňyz özi gugaryp oturan kiçijik jaý Kokan aganyň jaýy. Ol şol jaýyň gapysynyň agzynda lagşan süýeklerini Güne çoýup ömrüni ötürdi. Soň o jaýy obamyza mugallym bolup gelen är-aýal eýeledi. Ýöne olaram obada ýaşasak çagalam rus dilini öwrenip biljek däl diýip, basym gitmek bilen boldy.

Soňam maldarçylyk ugrunda okap ýören student oglan obamyzda tejribe geçmek üçin gelip, ilki ýaşaýjak-ýaşaýjak ýalam etdi. Soň olam obany yssy gördümi nämemi, bahym goşuny düwmek bilen boldy. Ýöne gitmänkä jaýyň daşyny agardyp ýetişdi.

Soň jaý esli wagt boş durdy. Bir günem giçden soň, obamyzyň dükanyň ýüküni getirýän maşynyň kabinesine münüp bir aýal göçüp geldi. Ol hiç kim bilen gatnaşyk etmän, bir özi gapysynyň agzynda oturyp gününi geçirýärdi. Onuň hiç kime goşulman, ýadaw dünýäniň ýüzüne seredip oturmagy obamyzda hyşy-wyşyny köpeltdi. Ilki ony guýa suwa barýan aýallar pyşyrdap gürrüň etdiler.

– Onuň şo gapynyň agzynda oturşy oturşy…

– Arada tasatlyk paýlamaga baramda, ol ýerindenem butnaman, diňe “kabul boilsun” diýdi.

– Maşyna münüp gelýärkä-de, ol hiç zat geplemändir…

– Belki laldyr…

– Ýok, sürüji onuň nähilidir bir gamgyn heňe hiňlenýanini eşidipdir…

– Toba. Hudaýym, akly bir düzüwmikä?..

Soň bu gürrüňe erkeklerem goşuldy. Olaň gürrüňe goşulmagynyň sebäbi, şol ýyl – keseki, ýat aýalyň gelen ýyly sähralar gurak geldi. Ýyl gurak gelensoň, mal-garaňam ýüzi bolmady. Owlak-guzy, seçir- gaçyrrak boldy. Düýeleriňem heniz ýaldyrak görünmänkä süýdi kesildi.

Haçan-da, hemme kişiniň eý görýän aty – Kümüş guýruk otuna-suwuna gelmän kemislände, mundan artyk çydam edip bilmedik adamalar täze göçüp gelen aýalyň gapysyny kakdylar.

– Öň obamyz beýle düýşleri görenokda…

– Bessir indi, çydap billik…

– Owarrasyny tapsyn…

Gyýkylyk näçe gopsa-da, gapy açylmady. Oňa derek iç işikden doga okalýan ýaly zaryn owaz eşidildi. Soňam ol nähilidir bir hili ýürek gopduryjy,  biygtyýar butnamazlygy mejbur edýän gamgyn ybadata öwrüldi. O sesi eşiden adamlar, etmesizini eden ýaly biri-biriniň ýüzüne seredişip ökje ogurlamak bilen boldular. Ses bolsa entägem, öýüň içinden däl-de, uzak bir ýerlerden – alyslyklardan eşidilýän ýaly gamly ýaňlanyp durdy.

*  *  *

Şol günden başlap obamyz oňa – Kitjine bolan garaýyşyny düýpgöter üýtgetdi. Ýöne meňki henizem üýtgänok. Sebäp şo bolan wakanyň öňsyrasy, ýanyna baramda, gyňajynyň ujuna düwlen bir düwür nabady uzadyp maňa şeý diýdi.

– Me şuny al-da, indi gelme…

Men muňa gaharym gelip, nabada elimi uzatman dillendim.

– Süýji bermeseňem, gelme diýseň gelmen…

Ynha bi gün bolsa ýüregimiň diýenini etmän ýene oň ýanyna barýan. Sebäbi oň ýekelikdäki erkin, tarhan ýaşaýşy göwnümden turýady. Sebäp menem erkinligi ir söýüpdim.

Ol öýünde eken. Meň äpişgeden seredýänimi görüp, şo ýerden giräý diýen manyda yşarat etdi. Oň äpişgeden giräý diýmesi hasam ýüregimden turdy.

– Sen hötjetmi?

Men başymy atdym.

– Hawa…

Şol günden başlabam oň bilen dostlugymyz başlandy. Men indi her gün oň ýanyna barýadym. Hemem Kitjiniň obamyzda hiç kime meňzemeýänligini gowy görýädim. Ýöne onuň az gepleýänligine içim byjyklaýardy. Eger ondan bir zatlar soraýmasaň, onda ol bütinleýin dymýardy. Soraýsaňam şeý diýerdi.

  • Sen ähli zady biläýsem diýýäň. Ýaşlygyňda hemme zady bilseň, garraňsoň soramaga zat tapmarsyň…

Şeýle bolanda men agşamyň tizräk düşmegini islärdim sebäp ol gijelerine ýyldyzlara seredip öz-özünden gürlärdi.

  • Seret, Öwekge, han-ha ýyldyz süýnýär. Kimem bolsa biri gamlanyp ene topragyny ýatlaýandyr…
  • Hon-ha, ýene biri süýşdi. Zeminiň bir künjeginde ýüregi gowy adam dünýä inendir…

Onuň gürrüňleri gijäni has täsin, has gözel edýän ýalydy. Bir gezegem ol hiç zat soramakam şeýle diýdi.

– Bize öwredere adam galmady, hemme zada indi özüň düşünmeli…

Kitjiniň aýdýan zatlary gijeki düşýän çyg ýaly barha ýüregime aralaşýady. Şonuň üçin gijelerine ukym tutmasa asman giňişliginde ýyldyzlaryň nähili ýüzýändiklerini syn edýädim. Hemem Kitjiniň gürrüňlerinden nähildir bir gamly wakany ýatlaýadym.

Şol döwürler Hudaý hakdaky duýgular meň oglan ýüregimiň höregidi. Ömrümdäki iň gözel zat bolupdy. Sebäp Kitjiniň Hudaý baradaky aýdan zatlary meniň öňki eşidýänlemden düýp başgady. Ol geçirimlidi. Ezizdi. Mähremdi. Hemişe kömek etmek üçin ýanymda gezerdi. Öň bolsa gorkuzylyp Allany söýdüriljek bolýan ýaly şeýle sözleri köp eşidýärdim.

– Öwekge, beýtme, günä bolar…

  • Öwekge, eýtme, Alla garagyňy gapar…

Kitjiniň Hudaý barada aýdýan zatlary bolsa, düýpden başgady. Ol Hudaýa ýürek sözüni aýdardy. Hemem men onuň şeýle sözleri köp gaýtalaýanyny eşiderdim.

  • Ömür baky ýaşaweri gowgasy ýetik ýagty dünýe…

Kitjin Alladan hiç zat hantamaçylyk etmezdi. Bardy-gelli bir zat diläýse-de, özüne däl-de uly ile dilärdi. O gürrüňlerden soň, meniň kalbymda öz güýçlerime bolan ynam, hut şu günki gün dörän ýaly bolýardy. Şonuň üçinem onuň agzyndan çykýan sözleri üns bilen diňlärdim. Diňledigimçe ol özi bilen bile pikir etmäge çagyrýan ýaly bolýady.

*  *  *

Obamyzda gyzykly hezil zatlar gyt däldi.emma wagtal-wagtal sussuňy basýan düşnüksiz gam-gussa meni özüne alýady. Şeýle bolanda meniň oglan göwnüme Kitjin nähilidir bir üýtgeşik – Allalyk  söz aýtsa, bar zat hat-da, uly dünýä diýilýän garry dünýede üýtgäýjek ýalydy. Şonuň üçin onuň haýsydyr bir sözi gygyryp aýtmagyny näler isleýädim. Bu pikir soň-soňlaram menden aýrylmady. Häzirem ol kalbymda ýaşap ýör. Göwnüme kimdir biri gelip üýtgeşik bir söz aýdaýsa, biziň emgegini çekip ýören azaply dünýämz ertekilerdäki kysmy ajaýyp durmuşa öwrüläýjek ýaly bolýar. Özem men muňa gara çynym bilen ynanýaryn. Özem ol bu gün gelmese-de, ol ertir geläýjek ýaly bolup durýar…

*  *  *

Indi obamyzda kimdir biri gaýdyş etse, Kitjini şol bir wagtky biygtyýar tarsa ýeriňden turmaga mejbur edýän gaýgyly sesi bilen aglaýady. Ýakyn hossaryndan jyda düşen bende-de, Kitjiniň özündenem beter hasrat çekýänini görüp sesini kesýädi. Kitjin bolsa ýeke merhuma däl, bütin dünýä nebsi agyrýan ýalyşol aglap oturardy. Soň ýene biri ýurduny täzelärdi. Kitjiniň gamgyn sesi ýene obamyzyň depesinde aýlanardy. Özem ol ses aglaýanyň kükreginden çykman uzak bir ýerlerden eidilýän ýaly bolardy. Hasam ol agynyň arasynda üýtgeşik sözleri aýdanda onuň gyryjjyk sesi, göýä iň soňky demde ýalbarýan ýaly zarynlaýardy. Soňam ol sesini goýup, gözlerini alysdaky asmana galdyrardy. Şonda men ol asmanda özüni tanaýan birini görýändir öýdüp menem asmana garaýardym.

Şol ses eşidilip başlandygy hemmelere, özüň özüňe nebsiň agyrardy. Şol gün epeý adamlaram kiçijik çaga ýaly bolup görnerdi. Ol meniňem ýüregimi gopduryp, düşnüksiz gamgyn galagoply duýgyny dörederdi.

Kitjin meň kalbymda özi hakda örän köp mylaýym pikirleri oýarypdy. Şonuň üçinem maý tapdygym oň ýanyna eňýädim. Şu gün bolsa ol, hiç zat bolmadygam bolsa gözleriniň ýaşyny dökmäge başlady. Gyzgyn elleri bilen meni gysyp, nämedir bir zady doly aýtman saklandy. Kitjiniň şo durky häzirem gözümiň öňünden gidenok.

Ol şo gün köp gürledi. Gürrüňlerinde-de nähilidir bir syrly naýynjarlyk bardy. Daňa golaýam ol şeýle sözleri aýtdy.

– Öwekge, men amanadymy tabşyraýsam, agyma kim aglarka?..

Ýürek gysgynç asudalyk, nähildir bir hili çala eşidiler-eşidilmez şygyrdy, jaýy öz içine gaplap aldy.

Ol şeý diýip başga hiç zat gürlemedi. Ümsümlik jaýyň içini öz goýnuna gysdy, şonuň üçinem sussum basylýady.

Biz hiç zat hakda geplemän daş çykdyk. Gijelik ebedi garaňkylyga öwrüläýjek ýaly barha ümsümleşýärdi. Hünji ýaly sepelenip, siňitlik bilen ýagýan ýagyş Kitjini ezýärdi. Uzakdan durmuşyň iň soňky demi – Baltagyň ýaltalyk bilen üýrýän sesi eşidilýärdi.

Men soň-soňlaram Kitjin bilen durmuşyň içinde terslin-oňlyn kän gezdim. Bir günem ol, ertiriň şapagynda kiçijik ýyldyzyň bildirmän sönşi ýaly söndi gidiberdi. Han-ha indem ol, öz jaýynyň gapysynda – meniň bir wagtlar eý görýän gapymyň öňünde süýnüp ýatyr. Adamlar gynanyja däl-de, endik üçin ýüşen ýaly. Aglamaga däl, wah eý diýýänem ýok.

Men durup bilmän agladym. Özem elden-aýakdan çykyp kän agladym. Ilki men gaýdyp hiç haçan Kitjini görmejekdigime gynanyp agladym. Soňam indi hiç kimiň onuň agysyna aglamaýanyna öňküdenem beter gynanyp agladym. Şeýle bolanda birwagtlar Kitjin ýüreginiň hasraty bilen jebir çekýän bendäni köşeşdirerdi. Ýöne meni köşeşdiren adam bolmady. Özüm aglap, özüm goýdum. Bu iň erbedidi.

Bir adamsyny ýitiren obamyz giňelmegiň deregine gaýtam, tersine daraldy. Bu asyl şeýle bolýan eken. Soňam, hawa, soňam ýürek gysgynç asudalykda ýaşalyp başlandy. Günler hiç hili ýütgeşik bolmasyz bir meňzeşlikde geçip durdy.

Soň obamyzda kimdir biri ýurduny täzeledi. Indi hiç kimden ses çykanokdy. Diňe kyýamat gopan öý zarynlap aglaýady. Bi iň erbedi boldy. Hamana her kim il-güni undup, diňe özi üçin ýaşaýan ýaly. men durup bilmän tas aglapdym. Görsem, töweregimde-de iki-ýeke burnuny çekýän bar. Ýöne olar gynanja däl-de, utançlaryna aglaýan ýalydylar. Bu bolşu görüp, men möňňürip agladym.

Soňam men Kitjin ýaly, heý bolmanda özüm ýaly adam gözläp tapylmazmykan diýen niýet bilen kän selpedim. Ýöne tapyp bilmedim. Häzirem men şozeýilli, ýüregime düşünjek adamyny gözläp ýörün. Taparmykam… Bilmedim…

…Agşam Kitjin düýşüme girdi. Ol öňküsi ýaly bir zatlar gürrüň berýär. Sözlerem edil ertekilerdäki ýaly. Men oýanaýmankam onuň öňem, gaýtalan sözüni ýene bir ýola eşitdim.

–  Öwekge, bize öwredere adam galmady, hemme zada indi özüň düşünmeli…

Bi indi onuň ikinji ýola düýşüme girişidi.

                                                                                    Öwezmyrat ÝERBENDI.

 

Ýene-de okaň

Ýazyň gyşa öwrülen güni

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)