HEKAÝALAR

Kitap

                                                                                                                                                                              Hekaýa

Bu zatlaryň bary obamyza arkasy torbaly ötegçiniň gelen gününden soň başlandy. Obamyz uly ýoldan sowa-da bolsa, garaz gel-git tapylýardy. Kim ýiten düýesini idäp gelýärdi, kime-de ýenebir şoňa meňzeş zat bahana bolýardy. Bu gezek gelen ötegçi olara meňzemeýärdi. Sebäp arkasynda torba bardy.

Ilki obamyzyň adamlary oňa ownuk-uşak zatlary satyp ýören jerçidir öýütdüler. Ýöne onuň gözi ikibaka oýnaklap duran jerçiňkä meňzemeýärdi. Birhili okymyş adamyňky ýaly gamlydy. Has beterem giň maňlaýydyr selçeň goýberilen uzyn sakgaly ony hasam beter tassyklaýardy. Haçan-da ötegçi torbasyndan çykaran kitabyny gören obadaşlarymyz oňa aýratyn hormat bilen seredişdiler. Seredişmez ýalam däldi. Ol häkibir içi suratly kitap däldi-de, hemmeleriň hyýalynda göterip ýören Magtymgulyň kitabydy.

Obamyzyň köp adamsy Magtymgulynyň goşgularyny tas ýatdan diýen ýaly bilýärdi. Şonuň ýalam “şahyryň o sözi pylan zat diýdigi, bi sözi pylan zat diýdigi” diýşip, ony biri-birine düşündirýärdilerem. Ýöne hiç kimdede Magtymgulynyň kitaby ýokdy. Şonuň üçin obamyzyň aýalu-erkegi Magtymgulynyň goşgusyny diňlemek üçin bary ötegçiniň daşyna hümer boldy. Hatda obamyzyň garry iti Baltaga çenli bardy.

Ötegçi jomart adam bolarly. Ol mähetdel etmän Magtymgulynyň goşgularyny okamaga başlady. Onuň özüniňem şondan lezzet alýandygy bildirýärdi. Sebäp ol çaý-suw diýmän, käýarym bir guran dodaklaryny donunyň ýeňine süpürip şo goşgyny okar oturardy. Adamalardanam ne ses çykçardy, ne seza. Sebäp gaty köp ýyllardan bäri obamyz beýle hezillige gabat gelmändi.

Ahyry ötegçi myhman ýadadymy-nämemi, ol birsellem goşgy okamasyny goýdu-da ruhanyňky ýaly aladaçyl gözlerini töweregine alýap şeý diýdi.

– Obaňyzyň şahyryň goşgularyna teşneligi meni diýseň begendirdi. Şoň üçin bi kitaby size galdyryp gitmekçi, ýöne bir şert bilen…

Oturanlaryň hyşy-wuşysy eşidilip başlandy.

– Näme şert goýjakkaraý?..

–  Ýa bir kitap üçin dünýäň bahasyny aýdaýjakmyka?

– Men birwagt etekdäki obalaryň birinde bir kitaby guba düýä çalşylypdyr diýib-ä eşidipdim…

– Menem kitabyny berse, sagyp oturan düýämi berjek. Goý il-gün ýerbentdillerem bir kitaba bir düýesini beripdir diýsinler.

Ötegçi myhman o hörpden gopman, garaşylmaýan zady tozatdy.

– Kimde-kim Magtymgulynyň etme diýen zadyny etmeýan bolsa, kitap şoň bijesinden çykar…

Adamlar nämä garaşsalaram beýle söze garaşmadyk borly. Olar biri-birleriniň ýüzlerine seretmäne-de utanyşyp, ýüzlerini barha aşak saldylar. Hemem gözleriniň gyýtagy bilen “şul-a bize görä elhalyrakdyr” diýşip, obamyzyň mollasyna ýeňastyndan seretdiler.

Men mollamyz Magtymgulynyň etme diýen zadyny  etmeýändir öýütdüm. Sebäp ol bize görä kelamallany köp aýdýardy. Onsoňam ol molla bolansoň Alla has ýakynyrak adam hasaplanýardy. Ýöne ýalňyşan ekenim. Şü söz eşdilenden mollamyz “Öýleden gijä galyp barýan” diýip, oýkanjyrama bilen boldy.

Obamyzyň dymmagy meni gaty utandyrdy. Sebäp küren oba bolup etmäň diýýän zadyny etmeýän ýeke adamam ýokdy. Bi iň erbedidi. Sebäp Magtymgulynyň tutýan ýolam gaty inçedi. Ol asla adama ajy söz urma diýýärdi. Onsoňam häkim bolsaň Gün kibi çoý diýýädi. Biziň obamyzda bolsa deňligiň ýoklugyny hemmeler bilýädi. Arada süýji suwly guýyny perme müdir öz agasyna berende hemmeler närza bolupdy. Şonda adamlar hiç zat geplemedigem bolsa, olaryň içinde kitüw galypdy. Bu aça-açan Magtymgulynyň Gün kimin çoýgun diýen sözüne ters gelýärdi.

Aý garaz, şoňa meňzeş zatlary sanasaň sanap oturybermelidi. Şonuň üçin obamyzyň adamlary öz eden günälerine diňe şu günki gün düşünen ýaly ýüzlerini galdyrman otyrdylar.

Bu ýagdaý “Ogurlyk eden utanmaz, üstüne gelen utanar” diýenleri boldy. Ötegçiniňem öňki bady gaçdy. Ikinji ýola ol ýuwaşja ses bilen gaýtalady. Ýöne ýene-de hiç kimden seda çykmady. Adamlar hiç haçan günäsini geçip bolmajak günäkär ýaly dymýardylar. Hat-da gyz-gymyrdyr aýal-ebtatlaram olaryň bolşuna özleri günäkär ýaly açan dünýe bilen ylalaşyp dymýardylar.

Ötegçi myhmana üçünji gezek aýtmak zerur bolmady. Mähelläniň içinden şeýle ýagdaýa özi günäkär ýaly ýuwaşja ses eşidildi.

– Men Magtymguly şahyryň etmäň diýen zadyny henize çenli edenim ýadyma düşenok…

Bu ses ysgynsyz çykanam bolsa hemmeler kyn ýagdaýda özlerini halas edeni üçin ses çykan tarapa begençli seredişdiler. Ony diýýän Ýerbendiň Işannurydy. Oňa obamyzda akly ýukarakdyr öýderdiler. Ol hiç kime goşulman öz süji arzuwy bilen ýaşap ýören ýetimekdi. Ol hemişe şeýle sözleri aýdardy: “Alla maňa kimdir biriniň hyzmatyny etmän, öz-özüňe hyzmat etmegi ýüregime guýupdyr”.

Oň bu sözi maňa diýseň ýaraýardy. Sebäp menem erkinligi, özbaşdaklygy ir söýüpdim.

Ötegçi myhman üstünden agyr ýük aýrylan ýaly uludan demini alyp, hamrak enäniň balasyny uzak ýola ugradanda edişi ýaly Işannuryň maňlaýyndan öpdü-de, kitaby iki eli bilen oňa goşwurdy. Işannuram ony üç ýola maňlaýyna degrip, goltugyna saldy.

Soňam ötegçi myhman adamlara birlaý gözüni aýlap çykdy-da, bizden daşlaşmak bilen boldy. Bu bolup geçen waka haýran galamsoň meniň oý-pikirlerimem onuň yzy bilen bile barýardy. Şeýdip ol obamyzyň tukat durmuşyny hemem özi hakda süýji pikiri bize galdyryp selin tümmekleriniň aňyrsynda gözden ýitdi.

***

Obamyzyň indi bar gürrüňi Işannurdy. Mollamyz Magtymgulynyň kitaby özüne berilmän ol “aýlandyrylyp göýberilen” ýaly bolup ýören Işannura berlenine namys edýämiş diýen gürrüň çykdy. Kimem Işannury mahabatlandyryp “Häk, şoňky ýaly päk wyjdanly ýaşap bolsady” diýip başyny yrady. Umuman Işannur hakynda aýdylýan gürrüň öwgä mynasypdy. Onuň bi eden işini hormata mynasyp diýip gürrüň ederdiler. Arada-da obamyzda bir gürrüňçilikde “kime meňzäp ýaşamaly? diýlen sowal ýüze çykanda adamlar Işannury ýatlapdy.

Işannur aýdyşlary ýaly aýlandyrylyp goýberilenem däldi, akly ýuwkada. Ol edebiýata düşünýän dörediji adamyny – pikirdeşini gözleýärdi. Oň diýýän adamsy bolsa uly dünýede-de gyt bolşy ýaly, Ýerbendiň oýundada gytdy. Işannur käte duýgularyna bäs gelip bilmän ýyllaryň beýnisine guýan zatlary, okan kitaplary barada hezil edip gürrüň beresi gelerdi. Obamyzyň adamlaryna bolsa o zatlar beýle bir gyzykly däl ýaly bolup görünýärdi. Oňa derek olar düýeleriň tagmasy hakda, goýun-geçileriň alygy hakda gürrüň gozgalsa hezil edişip gürlärdiler. Işannuryň ýaşaýşyny bolsa manysyz ýaşaýyş hasaplardylar. Biri-birine “Onuň okaýan kitaplaryny görsene, içinde ýekeje suratam ýok. Ony okamaga däl, ýekän-ýekän agdaryp çykjagam bolsaň görgi” diýerdiler. Işannur bolsa Sokratyňky ýaly elini maňlaýyna ýetirip: “Allajan, seniň hemme berýän jebir-jepalaryňa men razy. Ýöne, edebiýata düşünmeýänleriň ýanynda indiberi edebiýatyň gürrüňini etmeli bolmaýyn” diýerdi.

Biz şeýle günler bilen ýaşap ýördük. Näme diýseňem obamyzda indi Magtymgulynyň kitaby bardy. Işannuram ony dabara bilen okap, ýat tutan şygyrlaryny ýaltanman ile-güne aýdyp bererdi. Ony diňlän adamlar hut Magtymgulynyň özüni gören ýaly Işannura guwançly serederdiler hemem gussa bilen pyşyrdap şeý diýerdiler.

– Ýigide öz ýüregi ýaly mynasyp maşgala duşaýbilseýdir…

“Il agzy – keramat” diýleni boldy. Işannur şeýle maşgalaň söýgüsini gazanyp bildi. Ol gyz Ýerbendiň Gülgyzydy. Gülgyzam edil Işannur ýaly obamyzda garaýer ýaly diýilýän gyzdy. Hemem ol Işannur ýaly durmuşyň iň kyn ýoluna düşüp, kitaby gowy görýärdi. Indi ol – obamyzda ýeke-täk Magtymgulynyň etme diýen zadyny etmeýän Işannura köňül berip, gyz gözleri bilen yzarlap başlady. Bir gezegem üýşmeleňleň birinde Işannur kitap okap otyrka oň nazary ýigidiň nazary bilen sataşdy. Ol şonda ýigide bakyp husytja ýylgyraýypdyram öýüdýän. Ana, şondan soň öň “aýlandyrylyp goýberilen ýaly” diýilýän Işannur söýgüniň pyrlampajynda has bek aýlanmaga başlady. Öň bu ýoldan ýörän adamlar Işannuryň bu bagtyna kim begenýärdi, kimem çal başyny yrap “Bi ýol heserli ýoldur” diýýärdi. Käbirleri bolsa “Magtymgulynyň setirleri adama ýekebir aň-paýhas bermän, maşgala gurmaga-da kömek edýär ekeni” diýýärdi.

***

Tebigat ýylgyran mahaly sähralarda bitýän owadan ak güller ilki Işannuryň ýüreginde, soňam sähralaryň göwsünde bitýärdi. Şonuň üçin ol Gülgyzyň ýeke bakyşyny özüne hemra edinip, Magtymgulynyň Meňli gyza ýazan setirlerini hamala ol Gülgyz üçin ýazan ýaly olary ýygy-ýygydan ýatlaýardy. Käte-de öz goşgusynam edil Magtymgulynyňky ýaly edip begenç gözýaşlary bilen owazlandyrady. Ol goşgy häzirem meniň ýadymda. Ýalňyşmaýan bolsam goşgy şeýleräk başlanýardy öýüdýän.

Kerwen, kerwen, kerwen, kerwen ýöresin,

Kyrk gulak gazan doňýag eresin,

Özüň adam bolsaňam aslyň perisiň,

Sähralaryň güli sensiň Gülgyz.

Indi Işannur sähralaryň ak güllerini gujak-gujak edip getirip, Gülgyzyň suw almaga barýan ýoluna düşeýärdi. Gülgyzam edebiýatyň nämedigine düşünensoň o güllere perwaýsyz garaman, köwşüni goltugyna gysyp, gyz ýöreýşi bilen bägülleri ynjytmajak bolup guýa gatnardy. Bu bolşy obamyzyň adamlary synlap “Bi söýgi gadymky çyn söýgüleriň ysyny berýä” diýşip, köne söýgüniň ýene öwrülip gelenine begenişýärdiler. Şeýdip Işannur tä otlaryň ýüzi gaýdýança ýaltanman gyzy begendirerdi. Özem ol ony gijelerine symgylt ýyldyzlaryň ýagtysyna şeýderdi.

Bir gezek ol ak güllerden gujagyny dolduryp gelende, Gülgyzyň başyny ýuwup goýan başýuwlugyna gözi düşdi. Gum gyzlary ol döwürler saçyny diňe düýäniň çalyna ýuwardylar. Ak zady gijesine dökmeli däl diýensoňlaram ony daşarda goýardylar. Gülgyzam şonuň üçin başyny ýuwan suwuny – legenini daşarda goýan bolmaly. Işannur ilki gyzyň başyny ýuwan suwuny eňegini berip, tä ganynça içdi, soňam galanyny süýr depesinden goýberdi…

Şondan soň ol çyn telbä öwrüldi. Bi ýerde Işannuryň çigit ýalam günäsi ýokdy. Akylam öz ýerindedi, üşügem. Bu zatlary gyzyň gaýtalanmajak jemaly etdirýärdi. Indi ol ne dünýäni görýärdi, ne-de özüni. Gülgyza bolan  söýgüsi bolsa barha ýigidi otdan alyp, suwa oklaýardy.

***

Hernä alabahar golaýlap, tebigatyň ýylgyran mahaly Işannuryň ýagdaýy hasam kynalşan ýaly bolýardy. Sebäp ol durnalar gelip başlandan tä otlaryň ýüzi gaýdynça sähralaryň goýnunda ýatyp turýardy. Bu bolşy synlan obamyzyň adamlarynyň kimsi oňa nebsi agyrýardy, kimsem oňa “telbe işigaýdan” diýerdi.

Işannuryň bolşy şonam diýdirýärdi. Şol gezekki alabaharda ýa-ha onuň telbeligi güýjedi, ýa-da yşkyň ody onuň garagyny gapdy. Ol şeýle günleriň birinde süýrgünortlar namaz okap oturan mollamyzyň öňünden geçipdir. Ol ýagdaý din hadymlaryna ýaranokdy, şonuň ýaly kitaplarda-da geçmeli däl diýilýärdi. Iň erbedem Işannur “Men geçemok” diýýärdi. Obamyzyň mollasy bolsa “geçdiň” diýýärdi.

Indi ber habary! Obamyzyň galapasy namazhon adama – dine ynanýardy. Ýöne Işannurada nebsi agyrýan bardy. Işannur bolsa birsyhly “Men aldap bilemoga” diýýärdi. Bu deňdawa obamyzyň hemmesini örüzdi. Indi mollamyz “sen ýalan sözleýäň” diýenokdy-da “Ähdiňi bozduň! Kitaba ikilik etdiň. Indi seniň ony ýanyňda göterip ýörmäge hakyň ýokdur. Sebäp sen Magtymguly şahyryň etme diýen zadyny etdiň. Kitapda şeýle diýilýär:

Yşk derýasy joşar geler sakadan,

Köňlüňi saklagyl ýalan wakadan…

Oturanlaryň köpüsi başlaryny ýaýkap, hyrçyny dişleýärdi. Kitabyň Işannuryň elinden gitjegine gynanýardylar. Hatda eýýäm iki sany adam Işannura tarap ýönelipdem. Men Işannuryň aldamaýanyny, hiç haçan aldamajagynam bilýärdim. Şonuň üçin güýjümde baryny edip gygyrdym.

– Ol aldap bilmeýär! Işannuryň ýüregi sähralaryň ak çägesindenem päk…

Meniň sözüme pitiwa eden bolmady. Kimdir biri eşidiler-eşidilmez pyşyrdady.

– Seňki nämaý…

Men hakykaty kimdir birine – düşünýän adama aýdasym gelýärdi. Ýöne maňa duýgudaşlyk edýän hem-ä Baltak janawerdi hemem bi bolýan zatlary synlap duran Gülgyzyň günäsiz gözleridi. Ýöne oda gyz uýaljaňlygy bilen dymýardy.

Men soňky bolýan zatlary görmejek bolup gözlerimi ýumdum. Şol wagt çasly ses eşidildi. Bi obamyzyň iň garry adamsy Jüýten kempiriň sesidi. Ol gelşine goýnuň bogaz-gysyrlygyny barlaýan ýaly Işannuryň eýlesine geçip bir seretdi, beýlesine geçip bir seretdi. Iň soňunda-da şeýle sözleri ýekeje dişem bolmadyk gemmik agzyndan çykardy.

–  Hakyllym, näme üçin sen adamlary aldaýaň? Namazhon adamyň öňünden geçipsiň-ä…

Bu sözi eşiden märeke wagyrda öwrüldi. Sebäp Jüýten kempiriň sözi sözdi. Oňa hemmeler ynanýardy.

Men aglamakdan zordan saklanyp, Işannuryň ýüzüne seretmejek bolýardym, ýöne barybir seredýärdim. Hemem öz içimden “şuňa ynanmasaň, kime ynanyp bor” diýen sözleri gaýtalaýrdym. Hemmelerem edil meniň ýaly yzy nähili borka diýip diňşirgenişýärdiler. Diňe obamyzyň mollasy şelaýynsyrap şeýle sözleri aýdýardy:

– Dorymy aýtsam, ýigide dözemogam, ýöne Magtymgulynyň sözlerinede sarpa goýýanda…

Onuň bu sözi hasam dartgynlyga itekleýärdi. Şonuň üçin adamlar ertekiniň döreýän ýerine seredişýän ýaly bir Işannura seredýärdiler, birem molla adamyň ýüzüne.

Kitap entek Jüýten kempiriň elindedi. Ol häzir, häzirjek kitaby namazhon adamyň eline gowşurar. Onsoň… Men yzyny pikir etmäge gorkdum. Jüýten kempir bolsa kitaby üç ýola maňlaýyna degirdi-de, namazhon adama şeýle sözler bilen ýüzlendi.

– Oglan hakykatdanam siziň öňüňizden geçipdir. Ýöne ol şo söýýän gyzyndan başga hiç zady görmänsoň geçenini ýa geçmänini bilenok. Eger sizem Allany bi oglanyň gyzy söýşi ýaly söýýän bolanyňyzda Hudaýdan başga zady gözüňiz görmeli däl…

Men begenjimden Jüýten garryny arkama alyp hopba edesim geldi. Adamalar bolsa wagyrda öwrülipdi. Işannur bolsa günäsiz gözleri bilen Jüýten kempire minnetdarlygyny bildirýärdi. Meni begendiren zat diwanyň dogry kesilip ýene kitabyň Işannura gaýtarylyp berlenligidi. Men Gülgyza tarap seretdim. Ol begenmegiň ýerine gyz gözlerini çygjardyp aglaýardy. Ýöne bu begenjiň agysydy. Sebäp hakykat dabaralanan wagty kalby päk adamlaryň aglaýandygyny men öň eşidipdim…

***

Ondan bäri kän-kän ýyllar geçdi. Bu gün men ýene obama barýan. Meni ilki garşylan birtopar aşyk oýnap ýören oglanjyklar boldy. Men olardan Işannury soradym. Olar onuň janynyň sagdygyny aýtdylar. Ýöne az-kem gözüniň ümezläninem duýdurdylar. Has begençli zat bolsa ol entegem kitaby ýanyndan aýyrman ýörmüş.

Men Işannuryň daşy täze saman suwagy bilen suwalan tamkepbesine golaýlamda mekdepden gaýdyp gelýän birtopar çaga gözüm düşdi. Meni begendiren zat çagalaryň gözleriniň aýdyňlygydy, onsoňam olaryň elinde Magtymgulynyň kitabynyň bardygydy.

                                                                                Öwezmyrat ÝERBENDI.

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Ýazyň gyşa öwrülen güni

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)