Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow maliýe-ykdysady toplumyň edaralarynyň işi hem-de karz serişdelerini we maýa goýumlary çekmek, telekeçiligi goldamak üçin halkara maliýe guramalary we banklar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalary maliýeleşdirmek üçin Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama we maliýe şertlerine gol çekişmek baradaky teklip hödürlenildi. Maliýeleşdirmäge degişli eksport ugurly taslamalara milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda döredilen degişli döwlet toparynda seretmek we seljermek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzyň kompaniýalarynyň we hususy kärhanalarynyň gatnaşmagynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge aýratyn üns berilýändigini belledi. Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bazaryň täze ugurlarynda üstünlikli işleýärler, pudaklaýyn maksatnamalary, dürli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, daşarky bazarlara bäsdeşlige ukyply önümleriň köp görnüşlerini çykarýarlar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen işewürliginiň wekilleriniň taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen, netijeli çäreleri görmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdy.
Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, şol sanda iri sebit we halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistan bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän Aziýa ösüş banky hem bar. Dürli ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalaryň onlarçasynyň amala aşyrylmagy netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Milli Liderimiz wise-premýeriň hödürlän tekliplerini makullap, bellenen işleriň ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.