DÜNÝÄ

Kemeronyň ilkinji sapary: Duşanbe-London uçar gatnawlary ýola goýlar

Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin iş sapary bilen Duşenbe gelen Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kemeron bilen duşuşdy. Bu barada Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler bu duşuşygyň çäginde Täjigistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda howa hyzmatlary baradaky hökümetara şertnamasyna gol çekdiler, bu Duşanbe bilen Londonyň arasynda göni uçuşlaryň açylmagyna esas döreder.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň taryhynda Beýik Britaniýanyň daşary işler ministriniň Täjigistana eden ilkinji saparydygyny bellemek bolar.

Related posts

Hytaý 75 ýurduň raýatlary üçin wiza düzgünini ýatyrdy

Gyrgyzystan Türkmenistana täze ilçi belledi

Ylym-bilim ulgamy: ýolbaşçylar wezipä bellenildi

Ata Watan Eserleri