DÜNÝÄ

Dewid Kemeron Gyrgyzystanda saparda boldy

Merkezi Aziýa ýurtlarynda saparda bolýan Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kemeron Täjigistandan soňra Gyrgyz Respublikasynda saparda boldy. Ol bu ýurtda Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

Gyrgyzystanyň habarlar gulluklarynyň habar bermegine görä, duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alşyldy.

Şeýle hem taraplar bilim we möwsümleýin zähmet migrasiýasy, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Sadyr Žaparow Beýik Britaniýanyň öz ýurdunyň daşary syýasatynyň günbatar ugry boýunça möhüm orny eýeleýändigini belledi.

Taraplar Dewid Kemeronyň resmi saparynyň Gyrgyzystan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Ertir Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kemeron Merkezi Aziýa saparynyň çäklerinde Özbegistanda saparda bolar.

Soňky gezek Özbegistanda 1997-nji ýylyň fewralynda şol döwürdäki Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Malkolm Rifkind saparda bolupdy.

Related posts

Koronowirusyň Ýewropadaky merkezi rahatlaýar  

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler

Tähranda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

Ata Watan Eserleri