SIZDEN GELENLER

Käşiriň ekilişi we idegi

Käşir üçin hapa-haşal otlardan arassa çägesow, ýarym çägesow we  ýeňil mele topraklar saýlanyp  alynýar. Agyr we toýun topraklar käşir üçin amatsyzdyr, sebäbi kök  miweler gysylyp, ownap hasyly azalýar. Şorlaşan, zeýleşen ýerler hem käşir üçin ýaramsyz hasap edilýär. Käşir tohumy çäge bilen garyşdyrylyp sepilýär. Ekmäge taýýarlananda 2 bölegi çäge bir bölegi käşir tohumy bolmaly. Käşiriň tohumlary 1-2 sm çuňlukda sepilýär. Käşir ekilenden soň 2-3 gezek otamaklyk ýokary hasyly üpjün edýär. Birinji otag käşir ýaňy gögerip çykanda, ikinji otag ýekelemek we üçünji otag düýplän käşiriň arasyndaky otlary aýyrmak, iri miweleriň bolmagyna mümkinçilik döredýär. Ösüş suwy 6-7 günden berilýär. Käşiriň ösüş döwründe iki gezek mineral döküni  bilen  iýmitlendirilýär.

 

                                                                                   Gunça  NAZAROWA,

                                               Türkmen oba hojalyk  institutynyň mugallymy.

Ilkinji orun: Türkmenistan baradaky saýtlaryň arasynda

 

 

Ýene-de okaň

Mukaddes bedew – milli mirasymyz

Ýylyň şygary – üstünlikleriň açary

Ýylyň şygary — täze ýeňişlere badalga

2026-njy ýylyň şygary – üstünlikleriň gözbaşy

Saglyk ömrüň girewidir

Mekdep okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirilýär