JEMGYÝET

Jewdet Ýylmaz: Türkiýä Hazar deňzindäki “Dostluk” känine aýratyn ähmiýet berýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bilen duşuşan Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Jewdet Ýylmaz Türkiýäniň Hazar deňzindäki “Dostluk” känine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Bu barada Türkiýäniň resmi habarlar gullugy habar berýär. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gün Türkiýe Respublikasyna başlan ilkinji resmi saparynyň öňüsyrasynda geçirildi.

Türkiýäniň Hazar deňzindäki “Dostluk” käniniň özleşdirilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini bellän Jewdet Ýylmaz bu ugurda işlere gatnaşmaga taýýardyklaryny hem belläp geçdi.

Şeýle hem Jewdet Ýylmaz Türkmenistanyň tebigy gazyny Türkiýäniň üsti bilen daşary ýurt bazarlaryna ibermek mümkinçiliginiň durmuşa geçirilmegi we energetika pudagynda gazanylan ylalaşygyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi.

Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary mundan beýläk, Türkiýäniň “akylly” şäherler ýaly beýleki ugurlardaky tejribesini Türkmenistan bilen paýlaşyljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew hem öz gezeginde Iki ýurduň taryhy umumylyklaryna ünsi çekip, söwda möçberini 5 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak üçin bilelikde işlejekdiklerini aýtdy.

Şeýle hem B.Atdaýew Türkiýäniň Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşlaryndan biridigini aýtdy.

Hazar deňzindäki “Dostluk” känine bilelikde özleşdirmek babatda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda degişli ähtnama gol çekilipdi.

 

Ýene-de okaň

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi

26-njy mart -Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni hökmünde kesgitlendi

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi

Türkmenistan «RES 2026 EXPO» sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Aral sammitinde çykyş etdi