TEHNOLOGIÝA

“Jetson One” elektrik ulagy uçmaga taýýar

Şwesiýanyň “Jetson Aero” kompaniýasy 92 müň dollara satmak üçin hödürleýän uçýan awtoulaglaryň alyjylara gowşurylmaga taýýardygyny habar berdi.

Elektrikli awtoulaglardan soň awtoulag tehnologiýasyndaky öwrülişik uçýan awtoulaglar bolar. Köp kompaniýalar öz uçýan awtoulaglaryny ösdürmek üçin eýýäm uly maýa goýumlaryny goýýarlar.

Şeýle kompaniýalaryň biri şwesiýaly “Jetson Aero” kompaniýasy “Jetson One” atly şahsy uçýan awtoulag öndürdi we ony geçen ýyl 92 müň dollara satmak üçin hödürledi.

BU AWTOULAGYŇ AÝRATYNLYKLARY

Bir orunlyk “Jetson One” uçýan awtoulagy ýeňil alýumin we uglerod süýüminden ýasaldy. Agramy 86 kilograma barabar bolan bu ulagyň 118 at güýji bolan hereketlendirijisi bilen  sagatda 101 kilometre çenli tizlik bilen hereket edip biljekdigi habar berildi.

“Jetson Aero” kompaniýasy ulagyň 20 minut töweregi howada galyp biljekdigini we ABŞ-da ultra ýeňil uçar toparyna degişli bolup durýandygyny mälim etdi. Şonuň üçin ulagy ABŞ-da dolandyrmak üçin synag ygtyýarnamasy talap edilmeýär.

Şwed kompaniýasyny esaslandyryjylardan Piter Ternström şu wagta çenli 163 sany  sargyt alandyklaryny aýtdy.

 

“Omikron” bilen pandemiýa tamamlanyp biler

Ýene-de okaň

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoly 4G ulgamy bilen üpjün edildi

“Apple” kompaniýasy baş direktory täzelenýär

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar