TEHNOLOGIÝA

Mars planetasynda dikuçar uçurylar

ABŞ-nyň Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenýän milli edarasy (NASA) aprel aýynda Mars planetasyna iberen “Perseverance” marsohodyna berkidilen dikuçaryny uçurmagy meýilleşdirýär. Dikuçaryň uçurylmagyndan jogapkär Haward Grip dikuçaryň 3 metr belentlige galyp, 30 sekunt howada galyp, soňra öwrüm edip, yzyna gonjakdygyny belledi.

“Ingenuity” dikuçary başga planetada uçurylan ilkinji dikuçar bolar. Marsohod hem ýuwaş-ýuwaşdan hereket edip, dikuçary surata alar. Bilermenler dikuçaryň gaçmazlygy üçin tagalla edýärler. Eger ol gaçyp, zeper ýeten halatynda, onda ony düzeltmek mümkin bolmaýar.

Mäim bolşy ýaly, şu ýylyň 19-njy fewralynda “Perseverance” marsohody Mars planetasynda Ýezero krateriniň golaýyndaky sebitine gonupdy. NASA hünärmenleri Marsda ýaşaýşyň yzlaryny tapmak ugrunda tagalla edýär. Marsahod tarapyndan alnan toprak nusglary 2026-njy ýylda başga marsohod tarapyndan Ýere getiriler.

 

“Tesla” ulaglaryny bitkoin bilen almak bolar

 

Related posts

Elektrikli awiasiýa üçin strategiýa

Ata Watan Eserleri

“Samsung Galaxy S22” we hereketli kamera

Akyl we akyllylyk barada nakyllar Iňlis dilinde