TEHNOLOGIÝA

“Android” ulgamly telefonyň näsazlygyny çözmegiň aňsat usuly

“Android” ulgamly telefonlaryň ilkinji wersiýalaryndaky işleýiş ulgamynda emele gelen näsazlyklar köp adamy kyn ýagdaýa saldy. Bu ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin adamlarda telefon bejerýänlere ýüz tutmak zerurlygy ýüze çykdy. Bu esasan hem, ulgamyň täzelenip durmagy bilen baglanyşyklydyr.

“Android” ulgamly telefonlarda ozal hem şeýle ýagdaý ýüze çykypdy, ýöne ol şol wagt çözülipdi. Emma şeýle ýagdaý täzeden ýüze çykdy.

Tutuş dünýäde “Android” ulgamynda ýüze çykan kynçylyklar sebäpli 2-3 günden bäri telefon ulanyjylar kyn ýagdaýda galdy. Bu barada “Google” kompaniýasyndan degişli beýannama ýaýradyldy.

Bu beýannama esasynda bu näsazlyk “Android ulgamy web görnüşi/ Веб-просмотр системы Android” sebäpli ýüze çykdy.

Bu näsazlygy aradan aýyrmak üçin nämeler etmeli.

“Samsung” kompaniýasy bu babatda şu usullary amala aşyrmagy maslahat berdi:

  • Sazlamalar> Programmalar> ýokarky sag burçdaky üç nokat> ulgam programmalaryny görkezmek> Android ulgam web sahypasy> Täzelenmeleri aýyrmak arkaly meseläni düzedip bilersiňiz.
  • щелкнув Настройки> Приложения> Три точки в правом верхнем углу> Показать системные приложения> Веб-просмотр системы Android > Удалить обновления.
  • Settings> Applications> Three dots in the top right corner> show system apps> Android System Webview> Uninstall updates

Dünýä çempionatynyň Ýewropa saýlama duşuşyklarynyň netijeleri

Related posts

Garramagyň öňüni almak üçin maýa goýum

Ata Watan Eserleri

“TCL 20 SE” atly smartfon satuwa çykdy

2022-nji ýylyň iň güýçli telefonlarynyň batareýalary synag edildi

Ata Watan Eserleri