SIZDEN GELENLER

Jennet mekanymyň dal bedewleri

Taryhyň uzak ýyllarynyň dowamynda her bir halk özüne mahsus milli gymmatlyklaryny döredip, asyrlar boýy kämilleşdirip, ajaýyp sungat derejesine ýetiripdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen halky adamzadyň gadymy döwürlerinden bäri dünýäniň medeni-ruhy, ykdysady ösüşine ummasyz goşant goşan halkdyr. Biziň baý hem-de gadymy mirasymyz, bahasyna ýetip bolmajak medeni-ruhy gymmatlyklarymyz bar”diýip nygtaýşy ýaly, dünýäniň iň gadymy milletleriniň biri bolan türkmen milleti gymmatly we baý milli mirasyň eýesidir.

Paýhasly we gadymy halk bolan türkmenler dünýä medeniýetine goşan naýbaşy gymmatlyklarynyň biri bolan bedew ata özleriniň  esasy häsiýetlerini siňdirip bilipdirler. Bedewler taryhyň uzak hem çylşyrymly ýolunda hemişe türkmene iň durnukly, iň wepaly dost bolup galýar. Hut şonuň üçinem bu halkyň bedewe bolan garaýşynyň, oňa öz mährini siňdirişiniň öz aýratynlyklary bar.

Mähriban Arkadagymyz öz meşhur kitabynda “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” diýip bellemeklik bilen, türkmen halkynyň öz bedew atyna bolan söýgisini beýan edýär. At-türkmen üçin uly buýsanç. Bu geçmişde-de, şu günlerem şeýle. Ol barada müňlerçe nakyllar we atalar sözi döredildi, ol dilden aýdylýan ähli halk döredijiliginiň gahrymanyna öwrüldi.

“Behişdi bedewlere” aýratyn söýgi bilen garan kuwwatly ysraýyl şasy Solomon hakyndaky rowaýatlara nazar aýlalyň. Haçan-da onuň üçin şol atlary çöllükde kynlyk bilen tutanlarynda, Solomon dünýäde şu atlardan özge gözel zadyň ýokdugyny, olary ýöne synlamagyňam ähli wagtyňy alyp, takwa işleriňi gaýra goýduryp biljekdigini aýdypdyr.

Ahalteke atlarynyň ajaýypdan  näzik owadanlygyna, duýgurlygyna, batyrlygyna, ýuwrükligine, mähribanlygyna guwanyp, türkmen halky dal bedewe bolan yhlasyny, söýgüsini birnäçe dessanlarda, eserlerde, goşgularda beýan edipdirler.

“Yşk mülküniň şasy” ady bilen giňden tanalylýan  Mollanepes “Bedew” atly goşgusynda

“Häsiýetiňňi aýtsam, söýetiň söýgüli sen,

Akly adam, jynsy haýwan, keseri-dana bedew”

diýip nygtaýşy ýaly, adamlar atlarda uly bir gudratyň bardygyna ynanypdyrlar. Bedew gudraty güýçli Allatagalanyň hut şu jelegaýlarda türkmeniň paýhasy we yhlasy bilen kämilligiň çur depesine ýetiren ynsanpisint, ajaýyp jandardyr. Ol bu gün türkmen ruhunyň kämillik eýýamynyň belent ruhy bolup, tutuş dünýäni aýlanýar. Çünki at türkmen döwletiniň gerbinde-de aýratyn orny eýeleýär.

Dünýä ýüzünde atlaryň 350-den gowrak görnüşleri bellidir, şolaryň içinde diňe 3 sanysy arassa tohum atlarydyr. Olar ahalteke, arap we iňlis atlarydyr. Ahalteke ýa-da türkmen tohum aty dünýädäki atlaryň ähli tohumlarynyň iň gadymysydyr. Ahalteke atlary türkmenler tarapyndan 5000 ýyl mundan ozal Türkmenistanyň dag etek ýaýlalarynda döredilipdir. Şol döwrüň dowamynda olar sähra atlarynyň gany goşulmaz ýaly goralypdyr we häzirki wagta günorta jynsly atlaryň iň arassa tohumyny alamatlandyrýar. Öz atlarynyň tohumynyň arassalygyny berk gorap saklamagyň gadymy türkmen däpleri bu babatda has uly orny eýeleýär. Ahalteke atlary dünýäniň atlarynyň köp tohumlarynyň, şol sanda arassa ganly arap we iňlis tohumlarynyň döredilmegine öz täsirini ýetiripdir. Gadymy döwürlerden bäri türkmenler ahalteke atynyň tohumynyň başga atlaryň tohumlary bilen goşulmagyny günä hasaplapdyrlar. Şeýdip hem atlaryň ganynyň arassalygyny gorap saklapdyrlar. Ahalteke atlarynyň ýaşaýşa durnuklylygy, joşgunly gylyk-häsiýeti, erkin gorgunly ýörişi kämil bir sazlaşygy düzýär. Ahalteke tohumly atlar ýer ýüzünde atlar maşgalasynyň iň ajaýyp wekilleri hasaplanylýar. Onuň gerşiniň belentligi –1,59-1,68 metrdir. Dünýä belli ahalteke atlary dünýä ýaryşlarynda, olimpiýada oýunlarynda we sergilerde ýokary baýraklara mynasyp bolup gelýärler.

Bedew-bu ynsan akyly bilen tebigatyň bilelikde ýaradan nepis sungatydyr. Türkmenler tebigatyň gözellik dünýäsine ussatlyk bilen baha bermegi we ondan gözel, peýdaly zatlary seçip almagy başarýarlar, sebäbi olar tebigata has ýakyn durýarlar, ondan ruhlanýarlar, paýhaslanýarlar, tälim alýarlar. Olar öz bedew atlaryny hem hut şeýdip kemala getirmegi başardylar.

Gadymy türkmen aty tebigatyň peşgeşi boldy. Türkmenler ony daş-töwerege uýgunlaşan taýýar serişde hökmünde kabul eden hem bolsalar, häzirki kämil derejesine ýetirmek üçin müňýyllyklaryň tejribesine hem-de pederleriň paýhasyna esaslanyp, düýpli tohumçylyk-seçimçilik işlerini geçirmeli boldular. Şeýlelik bilen, onuň açyk altynsow reňki hem, uzyn inçe aýaklary, boýny, göwresi hem, ýeňillik bilen erkin dem alyşy hem-mahlasy çägeli toprakda göýä uçup barýan ýaly ýeňillik bilen gopup-galmagyna mümkinçilik berýän gujur-gaýratlylyk bu bedewlerde jemlenendir.

Ýyllar boýy ahalteke atlarynyň seýisläp kemala getirmekligiň jemini, olary türgenleşdirmekligiň tilsimatlary, usullary jemleýär. Arassa ýöräp, seýkin basmakdan-gorgunlap çapmaga çenli hereketleriň çalşylyp durulmagy bu türgenleşigiň esasyny düzýär. Munuň özi bolsa, alys ýollarda atlaryň ýüwrükliginiň we çydamlylygynyň esasy şertlerini üpjün edýär.

Türkmen atly goşuny taryhyň bütin döwründe dünýäde iň naýbaşy atly goşun hasaplanypdyr, türkmen atlary bolsa türkmen döwletlerine we hökümdarlaryna şan-şöhrat getiripdir.

Diýmek at-söweşiji, at-edermen esger, at-ýeňiji…..

Hemme halatlarda-da bedew at diňe bir merdana halkyň edermenligini däl, eýsem tutuş kysmatyny janlandyrýan janly nusga-nyşan bolup ör boýuna galýar.

Ahalteke bedewleriniň soňky müňýyllyklardaky tohumçylyk-seçimçilik işinde gazanylan üstünlikler-bir tohumdan bolan ajaýyp görnüşleriň çaknyşdyrylmagynyň netijesidir. Ýöne, munuň özi, bir aýyň ýa bir ýylyň işi dä, onuň üçin asyrlar, müňýyllyklar gerek boldy. Şonuň üçin biz türkmen topragynyň at baradaky düzgün-tertiplerini, usullaryny hemme babat-da düýpli öwrenmeli, sebäbi ol bir aňyrsynda tükenmez baýlyk, öwrenere köp zat bolan gymmatly genji-hazyna. Hut şu nukdaý nazardan hem biziň hut gadymy türkmen seýisçilik-atşynasçylyk ýollaryny öwrenmekligimiz zerur. Sebäbi biz atlary türgenleşdirip, ösdürip ýetişdirmegiň hem-de tohumyň arassa saklamagyň türkmen seýisçilik we atşynaslyk mekdebini doly özleşdirip bilsek, munuň özi dünýä derejesinde ähmiýetli işdir-ýoldyr. Çünki atçylygyň gadymy düýp ojagy bolan şu watan Garaşsyz we Baky Bitarap Türkmenistandyr. Hut şu toprakdan hem atlary ösdürip ýetişdirmegiň, seýislemegiň düzgünlerini beýleki ýurtlara ýaýrandyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  türkmen topragynda türkmen atçylygyny ösdürmekde, türkmen bedewleriniň dünýä dolan şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda gijesini gündiz edip  çekýän zähmeti, pähim parasada ýugrulan ynsanperwerlikli, parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasaty halkymyz tarapyndan doly goldanylyp, ýurdumyzda agzybirlik, jebislik, ýokary ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürýän döwri dowamat dowam bolsun! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň döwletli-döwranly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Ogulsuraý Gödekowa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy 

 

Çagalar üçin sözlük: Suratly Sözlük-Makul Sözlük

 

 

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty