DÜNÝÄ

“iPhone 13-de” kabel we maglumat geçiriş bölümi bolmaz

 

«Apple» kompaniýasy tarapyndan 2021-nji ýylda öndürilmegi meýilleşdirilýän «iPhone 13» telefonynda zarýadlandyryş we maglumat geçiriş bölümi bolmaz. Bu barada «ÐœÐ°cРуморс» habar berýär. Täze smartfon kabelsiz zarýadlandyrylar.

Aslynda, «IPhone» tapgyrlarynda «iPhone 8» we «iPhone X» smartfonlaryndan başlap, kabelsiz zarýadlandyryş aýratynlyklary ornaşdyryldy. Köpçülige 2016-njy ýylda ýetirilen «iPhone 7-de» bolsa gulaklyk üçin bölüm ýok. Umuman, kompaniýa täze «iPhone» smartfonlaryny doly kabelsizleşdirmegi meýilleşdirýär.

 

 

Agageldi ITALMAZOW

Related posts

Rumyniýada türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Bütindünýä Azyk maksatnamasy Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar

Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidentini we Halk Maslahatynyň Başlygyny sapar bilen gelmäge çagyrdy