TESWIRLER

Instagram döwrinde fotosurat: Döwür bilen aýakdaş

Türkmeniň taryhyna, däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna, medeniýetine göz aýlasaň, başyň göge direlýär. Her welaýatyň özüne mahsus däp-dessurlarymy, toý adatlarymy, nagyşlarymy, göllerimi… şu toprakda önüp-ösendigiňe buýsanmaga ullakan sebäp. Ahalyň nepis gölleri, inçeden inçe tikilen nagyşlary, Balkan iliniň gözüňi dokundyrýan deňi-taýy bolmadyk çüýçe ýakasy, şeýle-de dürli reňkleri özünde jemleýän ajaýyp geýimleri bu günki gün bu sungatyň naýbaşy derejesine älem haýran. Elbet-de başga-da ähli welaýatlaryň özüne mahsus nagyşdyr gölleri taryhy many-mazmunly nagyşa çekilen sungat eserleridir.

Her bir daşary ýurtly zenan ýurdumyza syýahata gelsin, iş sapary bilen gelsin, ilki bilen türkmeniň milli nagyşlaryny, şaý-seplerini görmäge isleg bildirýärler. Biziň gözümiz öwrenişen bolmagy ahmal, emma daşary ýurtly zenanyň bu gözellige berýän bahasy başgaça…Eýsem bu milliligiňi neneň goramajak…

Heňňamlar geçýär, döwür üýtgeýär, pikirler özgerýär. Dogry…bu ösüşiň alamatlary. Emma her bir ösüşde deňagramlylyk, çägiňi bilmek zerur…muny her kim bilýän bolsa gerek.

Türkmen zenanynyň gözellikde taýy ýok. Onuň sadalygy, päkligi bolsa, bu owadanlyga görk goşýar. Türkmeniň  gelniniň görküniň dünýäde hiç bir deňi ýokdur. Muny şahyrlaram, bagşylaram her döwürde wasp edip geldiler. Häzirki wagtda döwür bilen aýakdaş gidýän türkmen zenanlary nagyşdyr şaý-sepleri bilen türkmen gyz-gelniniň döwrebap nugasyny kemala getirdiler. Ony Modalar öýüniň moda görkezilişlerinde görmek, syn etmek bolýar…

Şeýle-de  döwür bilen aýakdaş gidýän zenanlaryň instagram ýaly habar alyş-çalşygynyň döwrebap görnüşlerinde dürli-dürli suratlary halk köpçüligi ýa-da ýakynlary üçin instagramyň sahypalaryna ýerleşdirmekleri soňky döwürde ýoň boldy. Ýöne gynansakda bu fotosuratlaryň arasynda döwrebaplygyň çygryndan çykýanlary hem bar. Elbet-de her kim öz pikirini, duýgularyny, pursatlaryny paýlaşmak isleýär. Kimisi söýgülisiniň görmegi üçin, kimisi ene-atasyndan uzakda bolup, öz ýakynlary bilen şatlygyny paýlaşmak isleýär. Ýöne bu islegler kähalatlarda adamy kanagatlandyranok we garaşylmadyk netijeleri berýär. Şonuň üçin paýlaşylýan suratlara üns bermek gerek…

Biz döwrebap döwürde ýaşaýarys, emma muňa garamazdan, biraz ünsli bolmakda peýda bar. Sebäbi internetiň mümkinçilikleri artýar, kämilleşýär, özgerýär. Emma gynansakda, bu mümkinçilikler zyýan hem getirip bilýär. Türkmeniň gelin-gyzy bu halkyň abraý-mertebesidir. Bu abraýy goramak, oňa buýsanmak gerek. Çünki her bir millet hiç wagt öz taryhyny, gelip çykyşyny, medeniýetini, milliligini unutmaly däl.

Degişli habarlar:

Türkmen gyz-gelinleriň waspyny edip…

Ýaşmak gelne ýaraşyk

“Gök Taýajykly” Türkmen Instagram hasaplary

“Wikipediýa”: Türkmen sungat ussatlary

Eserlerde söýgi setirleri : Owadan söýgi

Söýgi setirleri

Söýgi setirleri……..

 

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri