JEMGYÝET

Iň gadymy aýakyzlary tapyldy

Nemes arheologlary Arabystan ýarym adasynda iň gadymy aýakyzlaryny tapdylar. 120 müň ýyl öýdülýän 7 sany aýakyzy, Saud Arabystanynyň Nefud çölünde pil, düýe aýak yzlary we galyndylary bilen birlikde tapyldy. Gözlegçiler bu sebitiň Afrika bilen Ýewraziýa yklymynyň arasynda derweze bolup hyzmat edýändigini, aýakyzlarynyň adamzadyň Afrikadan dünýäniň beýleki ýerlerine ýaýramagy barada möhüm maglumatlary berýändigini düşündirdi.

Hünärmenler ozal adamlaryň bu syýahaty kenarýaka ugurlary boýunça amala aşyrandyklaryna ynanýardylar, ýöne ýüze çykan aýakyzlary munuň dogry däldigini görkezýär.

Adamlar göçüp baranlarynda halkyň ynanjyna ters gelýän kenar däl-de, derýalara we köllere eýeren bolmagy mümkin.

Aýakyzynyň işini alyp barýan gözlegçiler, adatça kabul edilýänleriň tersine, deňiz we ummanlary yzarlamagyň deregine, içerki ýollardan ýöräp, köllere we derýalara eýerip göçüp bilendiklerini düşündirdiler.

Şeýle-de bolsa, ekspedisiýa meýdançasynda 7 aýakyzyndan başga-da, 44 sany pil aýakyzy, 107 düýe aýakyzy we 233 sany galyndy tapyldy.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi