SPORT

Ildeşimiz Gyrgyzystanda «Iň gowy derwezeçi» diýlip yglan edildi

Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» futbol toparynyň derwezeçisi ildeşimiz Rahat Japarow 2022-nji ýyldaky möwsümiň «Iň gowy derwezeçisi» diýlip yglan edildi. Bu barada liganyň metbugat gullugy habar berýär.

“Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berlişine görä, geçen ýylyň futbol möwsüminiň iň gowy wekillerini saýlamak üçin toparlaryň tälimçileriniň, kapitanlarynyň, gözegçileriň, sport žurnalistleriniň we sport jemgyýetçiliginiň beýleki käbir wekilleriniň gatnaşmagynda ses berlişik geçirildi. Ses berenler geçen möwsümiň iň gowy derwezeçisi hökmünde türkmenistanly derwezeçini saýladylar.

Gyrgyz ligasynyň geçen möwsüminde Rahat Japarow 21 duşuşykda derwezäni gorap, şolaryň 13-sinde goraýan derwezesinden bir pökgi hem geçirtmedi. Garşydaş toparlaryň futbolçylary möwsümiň dowamynda onuň goraýan derwezesinden 11 pökgi geçirip bildiler.

26 ýaşly Rahat Japarow «Abdyş-Atada» geçen ýylyň ýanwaryndan bäri çykyş edip gelýär. Ol toparyň düzüminde ýurduň çempiony boldy we Gyrgyzystanyň kubogyny eýeledi.

Rahat Japarowyň 2021-nji ýylda Täjigistanda hem iň gowy derwezeçi hökmünde ykrar edilendigini ýatladýarys. Ol 2019-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hem agzasydyr.

Related posts

Futbolyň iň abraýly kubogy Italiýada öndürilýär

Klose “Bawariýa” toparynyñ esasy kömekçisi bolup biler

Ata Watan Eserleri

Ýewropa çempionatlarynyň geçirilýän ýurtlary belli boldy

Leave a Comment