TEHNOLOGIÝA

Hytaýda pensionerlere robotlar kömek eder

Hytaýda, pensionerlere kömek etmek üçin robotlary ulanmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalar işjeň ösdürilýär.
2023-nji ýylyň ahyryna çenli 65 ýaşdan uly adamlaryň sany 216,76 milliona (umumy ilatyň 15,4%) ýetip, garry ilat üçin robotlary ornaşdyrmak zerurlyga öwrülýär. Bu robotlar garrylara gündelik durmuşynda kömek eder, howpsuzlygy we rahatlygy üpjün eder.
Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komiteti tarapyndan tassyklanan özgertmelere laýyklykda, garry adamlaryň isleglerini hyzmat üpjünçiligi bilen birleşdirmek üçin bitewi milli maglumat platformasy meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, garry adamlar üçin howpsuzlyk töwekgelçiliginiň öňüni almak üçin akylly öý ulgamlary işlenip düzülýär. Möhüm tarap, robotlaryň berip biljek emosional goldawydyr. Şeýlelik bilen, duýgulary beýan edip, adamlar bilen aragatnaşyk saklamagy başarýarlar. Emosional baglanyşyk esasanam uly ýaşlylar üçin möhümdir.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi