BIZNES

Hytaý Türkmenistandan üstaşyr ýük ugratmak bilen gyzyklanýar

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň wekiliýeti Hytaýyň Şandun welaýatynyň Sindao şäherinde birinji gezek geçirilen “Hytaý-Merkezi Aziýa” senagat we maýa goýum hyzmatdaşlygy forumyna gatnaşdy.
Forumyň açylyş dabarasy Sindao şäheriniň Merkezi konsultatiw merkezinde geçirildi. Onuň barşynda Hytaýyň ösüş we özgertmeler boýunça komitetiniň ýolbaşçysy He Lifen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň gutlag hatyny okady.
Soňra Gazagystanyň birinji wise-premýeri Roman Sklýar, Gyrgyzystanyň wise-premýeri Adylbek Kasymaliýew, Täjigistanyň wise-premýeri Sulaýmon Ziezoda, Türkmenistanyň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradow we Özbegistanyň wise-premýeri Jamşid Hojaýew sanly ulgam arkaly çykyş etdiler.
Resmi çykyşlardan soňra foruma gatnaşyjy döwletleriň üstünlikleri ayp görkezýän sergä tomaşa edildi. Maýa goýum we senagatlaşdyrmak ugruna gönükdirilen bu foruma gatnaşyjy ýurtlar öz milli ykdysadyýetlerindäki ösüşler we maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat berdiler.
Şeýle hem türkmen diplomatlary birnäçe duşuşyklary geçirdi. Şol duşuşyklarda Türkmenistan bilen Hytaýyň Şandun welaýaty we Sindao şäherleriniň arasynda gönüden-göni gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Sindao bilen Arkadag şäherlerini doganlaşan şäherler hökmünde yglan etmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Hytaý tarapynyň Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr ýük geçirmek mümkinçiliklerini öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Hytaýyň “Hisense” kompaniýasy hem Türkmenistanda lukmançylyk we beýleki tehnologiýa ulgamlarynda “akylly” çözgütleri ulanmak babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy mälim edildi.

Ýene-de okaň

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär

Türkmenistan Hytaýdan 439 million dollarlyk nebitgaz enjamlaryny satyn alýar

Hytaý kompaniýalary Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge gyzyklanýar

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy köptaraply ösüşiň täze derejesine çykýar

Türkmen işewürleri Londonda iş saparynda bolarlar

Ministr: häzirki ýagdaýlar-täze energiýa ugurlaryny kemala getirmek üçin pursatdyr