BIZNES

Hytaý 13 ýyl bäri Türkmenistanyň iň uly söwda hyzmatdaşy

Hytaýyň Halkara Söwda Ösüş Geňeşiniň (CCPIT) başlygynyň orunbasary Ýuý Szýanlun Hytaýyň Türkmenistanyň 13-nji ýyl bäri iň uly söwda hyzmatdaşy hökmünde öz ornuny dowam etdirýändigini, ikitaraplaýyn söwda mukdarynyň 2024-nji ýylda 10,65 milliard dollara ýetendigini aýtdy. Ol bu barada Aşgabatda hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda (IFT 2025) eden çykyşynda belläp geçdi.

Ol iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlykda uly üstünliklere ýetilendigini belläp, Hytaý-Merkezi Aziýa gaz geçirijisi arkaly berilýän türkmen tebigy gazynyň müňlerçe hytaý maşgalasyny tebigy gaz bilen üpjün edýändigini, Hytaýyň sarp ediş harytlaryna, awtoulaglaryna we beýleki önümlerine türkmen alyjylarynyň isleginiň ýokarydygyny aýtdy.

2024-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň Türkmenistana ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna göni maýa goýumlarynyň mukdary 260 million dollar boldy. Iki ýurduň kompaniýalary infrastruktura, energetika we logistika ýaly ugurlar boýunça birnäçe taslamany üstünlikli durmuşa geçirdiler.

Forumyň çäginde energetika, söwda, oba hojalygy, binagärlik, logistika we maşyn gurluşygy ýaly pudaklara wekilçilik edýän onlarça hytaý kompaniýasynyň wekiliýeti Aşgabada geldi.

 

Related posts

Türkmenistan Azerbaýjana tebigy gaz eksportuny artdyrdy

Ata Watan Eserleri

Erdoğan ve dünya liderleri, Türkmen Lideri’ni doğum gününü kutladı

vepa

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi

Ata Watan Eserleri