TEHNOLOGIÝA

“Huawei” kompaniýasynyň üstünlikli ýollary

Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy ABŞ-nyň “Apple” hem-de Günorta Koreýanyň “Samsung” ýaly dürli kompýuter we beýleki tehnolgik enjamlary öndürýän dünýäniň iri şereketidir.

Bu telekommunikasiýa ägirdiniň geçen ägirt uly ýoly ony häzirki wagtda dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň birine öwürdi.

Kompaniýa haçan döredi?

“Huawei” kompaniýasy (terjime edilende “Hytaýyň üstünligi” manysyny berýär) 1987-nji ýylda Hytaýyň goşunynda inžener bolup işlän Žen Çženfeý tarapyndan döredildi. Ol 1983-nji ýylda goşundan çykyp, Şençžen şäherinde nebit kompaniýasynda gysga wagtlyk işledi.

1987-nji ýylda ýurduň hökümeti fiziki şahslaryň ýokary tehnologiýa ulgamynda hususy kompaniýalary döredip bilýändigi barada karar kabul etdi. Şol ýyl 43 ýaşyndkay Žen Çženfeý “Huawei Technologies” kompaniýasyny 21 müň ýuan (şol ýyldaky walýuta hasabynda takmynan 6 müň dollar) esaslyk maýasy bilen döretdi.

Ilki ýyllaryna nämeler bilen meşgullandy?

Kompaniýa başlangyç ýyllarynda Gonkongdan satyn alan awtomatiki telefon beketleirniň gaýtadan satuwyny amala aşyrdy. Ol hem kompaniýanyň ösüşiniň başlangyjy boldy. Žen Çženfeý soňky ýyllarda beren beýanatynda gaýtadan satuwy özüniň işewürlik maksady hökmünde görmändigini, şonuň üçin daşary ýrutly telekommunikasiýa kompaniýalary bilen bäsleşip biljek Hytaýyň telekommunikasiýa bazarynda öz markasynyň, ýagny brendiniň döredilmegi ugrunda tagalla edendigini mälim etdi.

Kompaniýanyň ilkinji gazanan üstünligi näme?

Kompaniýa döredilenden soňra geçen 3 ýyldan soňra işgärleriň sany 500-e ýetirildi. Kompaniýa signallary alyp bermegiň hilini ýokarlandyrak üçin özüniň ylmy-barlag işini ýola goýdy.

1993-nji ýylda “Huawei” öz ylmy-barlaglarynyň netijesinde, tora birikdirilen 10 müňe çenli enjama hyzmat edip bilýän “C&C08” komutatoryny döretdi. Enjam şol wagt Hytaýda iň güýçli enjam bolany üçin derrew ünsi özüne çekdi.

“C&C08” komutatoryň döremegi kompaniýanyň telefon ulgamynda girdejili şertnamalar baglaşmagyna kömek etdi. “Huawei” kompaniýasy Hytaýyň kiçi şäherlerine we oba ýerlerine enjamlar bilen üpjün edip başlady we bu işlerini tutuş ýurt boýunça ýaýbaňlandyrdy.

Haçan kompaniýa daşary ýurt bazarlaryna çykdy?

1997-nji ýylda Žen Çženfeý daşary ýurt bazarlaryna çykmagy maksat edindi. 1999-njy ýylda Gonkongda ilkinji ylmy-barlag merkezini döretdi. 2000-nji ýylda Şwesiýada innowasion merkezi, 2001-nji ýylda ABŞ-nyň birbada 4 sebitinde merkezleirni gurdy. Kompaniýanyň daşary ýurt bazaryndaky girdejisi 552 million dollara ýetdi.

2008-nji ýylda Awstraliýanyň Sidneý şäherinde “Huawei” kompaniýasynyň wekilhanasy açyldy.

2010-njy ýylda “Huawei Technologies” kompaniýasy 8 sebitleýin bölümini, dünýäde 100 şahamçasyny açyp, ABŞ-da, Aziýada we Ýewropa ýurtlarda 20 ylmy-barlag merkezini döretdi.

Deňeşdirmek üçin: 1990-njy ýylda kompaniýada bary-ýogy 500 adam işleýän bolsa, 2020-nji ýylda işgärleriň sany 190 müňden gowrak boldy.

Haçan kompaniýa noutbuk öndürip başlady?

Kompaniýa 2016-njy ýylda dünýäniň noutbuk bazaryna aralaşdy. Şondan ozal, dünýäniň ägirt uly telekommunikasiýa agirdi we smartfon öndüriji hökmünde tanalýardy. noutbuk önümçiliginde özüniň smartfon önümçiligindäki tejribelerinden peýdalandy. Şonuň netijesinde “MateBook” atly ilkinji noutbuklaryny öndürip başlady. Ol özüniň ýeňil hem-de güýçliligi bilen tapawutlandy.

Kompaniýa adamlara diňe bir ykjam däl, eýsem beýleki tehnologik enjamlar bilen ýeňil aragatnaşyk saklap bilýän noutbuk öndürmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, “Huawei OneHop” noutbugyny öndürdi.

Noutbuk önümçiligine innowasion çemeleşmeler kompaniýa bu işde 5 ýylda Hytaýda ikinji orny eýelemegine mümkinçilik berdi.

“Huawei” başga näme öndürýär?
Tehnologiýa ägirdi diňe bir noutbuklary we kompýuter enjamlaryny däl, eýsem smartfonlary, nauşnikleri, akylly ekranlary, akylly sagatlary, akylly gürleýjileri, akylly äýnekleri we başga tehnologik enjamlary öndürýär.

Kompaniýanyň girdejisi nähili?
“Huawei”-iň maliýe görkezijileri ýylsaýyn ösýär. Şeýlelikde, 2016-njy ýylda kompaniýanyň girdejisi 75,103 milliard dollara ýetdi, 139 million smartfon satyldy. 2018-nji ýylda girdeji 107 milliard dollar boldy we dünýäde 200 milliondan gowrak smartfon satyldy.

Iki ýyldan soň, 2020-nji ýylda satuw girdejisi 136,7 milliard dollar, arassa girdeji bolsa geçen ýylky görkezijilerden 3,2 göterim ýokary bolup, 9,9 milliard dollara ýetdi.

Kompaniýa häzir nämeler bilen meşgullanýar?
“Huawei” häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyny we akylly enjamlary üpjün edýän öňdebaryjy global üpjünçi bolmagy maksat edinýär. Häzirki wagtda 170-den gowrak ýurtda kompaniýanyň 194 müňden gowrak işgäri bar.

Kompaniýa dünýädäki 3 milliarddan gowrak adamy sanly tehnologiýa bilen püjün edýär. Häzirki wagtda “Huawei” dünýädäki iň bir innowasion ösüşli markalaryň biridir. Kompaniýa her ýyl dünýä ilatynyň aglaba bölegini ýokary hilli aragatnaşyk, ýokary tizlikli internet we ösen enjamlar bilen üpjün edip, köp sanly täze önümler hödürleýär.

 

“Porsche” iň ýyndam ulagyny tanyÅŸdyrdy

Ýene-de okaň

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler

Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy