TEHNOLOGIÝA

Howadan iýmit öndürdiler

Finlýandiýanyň alymlary diňe howa we suw ulanyp, ýokumly belok poroşogy öndürmegi başardylar. Gözlegçiler “howadan iýmit öndürýändiklerini” aýdýarlar. Bu täze madda geljekde adamzadyň iýmit zerurlyklaryny kanagatlandyryp biler.

Finlýandiýaly telekeçiler “diňe howa we suw ulanyp, ýokumly iýmit öndürdik” diýip düşündirdiler. Düýbi Helsinkide ýerleşýän kompaniýanyň hünärmenleri howadaky kömürturşy gazyny suwdaky wodorod bilen birleşdirýärler. Poroşok görnüşindäki bir belok, bir mikrobdan başlaýan fermentasiýa prosesi bilen alynýar.

Gözlegçiler “Bir öýjügiň gaz fermentasiýasy tehnologiýasy bilen ösmegi üçin şert döredýärler. Amalyň ahyrynda ýokumly poroşok peýda bolýar” diýip düşündirdiler. Belok poroşogy öndürmek prosesinde ulanylýan elektrik energiýasy hem gün energiýasy bilen üpjün edilýär.

Onuň tagamy barada teswir berildi: Bitarap tagamy bar. Şeýle hem birneme umumy duýgusyny berýär. Onuň reňki beta karotinden gelýär. Bu madda käşiriň reňkini hem berýär. Birazajyk käşir hem dadyp gören ýaly bolýar. “Solein” atly belok poroşogy, bitarap tagamy sebäpli duzly we süýji iýmit önümçiliginde ulanylyp bilner. Gözlegçileriň pikiriçe, bu madda geljekde adamzadyň iýmit zerurlyklaryny hem kanagatlandyryp biler.

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, 2050-nji ýyla çenli dünýädäki azyk zerurlygy 60 bilen 100 göterim aralygynda ýokarlanmagyna garaşylýar. 2050-nji ýylda 10 milliard töweregi dünýä ilatyny iýmitlendirmek üçin alternatiw iýmit çeşmelerine zerurlyk bolýar.

Dünýädäki iň uly kesilen göwher “Enigma” sergide görkezilýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär

“Bitdeer Technologies Group” Türkmenistanda ilkinji maglumat merkezini gurar

Russiýa Federasiýasy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny guramaga taýýar

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler