TEHNOLOGIÝA

«Netflix» dokumental filmleri «YouTube» kanalynda mugt goýýar

Häzirki wagtda öýde işleýän hem-de okaýan adamlar üçin «Netflix» özüniň döreden dokumental filmlerini «YouTube» kanalynda tölegsiz şekilde ulanyjylara hödürleýär. Bu bolsa okuwçylara hem-de mugallymlara öýde wagtlaryny sarpaly geçirmekleri üçin amatly mümkinçilik berýär. Häzire çenli bu kanalda 10-dan gowrak film ýerleşdirildi. «Netflix» bu kanalynda sorag-jogap üçin ýörite bir sahypa açmagy meýilleşdirýär. Bu kanal Ýer ýüzündäki ähli adama tölegsiz halda hyzmat eder. Sanly görnüşde döredilen bu şert öýde oturan okuwçylary we mugallymlary begendirdi.

Related posts

Kömürturşy gazyny özüne siňdirýän awtoulag öndürildi

Ata Watan Eserleri

Hyzmatdaşlyga täze saýtlar goşulýar: www.br.com.tm we www.iirmfa.edu.tm

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti “Kazan Digital Week 2023” forumyna gatnaşdy