ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Hojadurdy Narlyýew: Watan hakda başlanan söhbet

  Arada režissýor gelinleriň biri şu wakany gürrüň berdi. Ol:

— Ir wagt neberelerimizden agalarymyzyň biri harby gulluga alynýar. Onuň yzynda-da ýaş gelni bilen on sekiz günlük gyzjagazy galýar. Ol gullukdaka 1941-1945-nji ýylyň urşy turýar-da, şol ýerden urşa gidýär. Ykbalyň emri bilen ol uruşdan soňam ýat ýurtda galmaly bolýar. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny alandan soň, ýollar açylyp, bir gün şol agamyzyň ataýurdumyza gelýändigini eşitdik. Şonda ony ähli hossarlarymyz bolup garşylamak üçin uçar menziline çykdyk. Uçar gelip gonandan, onuň 50 ýyl öň doglan gyz perzendini bagryna basyp gujaklaryna garaşýardyk. Emma ol uçardan düşüşine hol bir gyrada ösüp oturan arçanyň düýbüne baryp, bir gysym topragy eline aldy-da, gözlerini ýaşlap topragy ogşady. Ählimiz agladyk. Şonda Watan mukaddesliginiň zaryny ýat illerde aýralyk derdini çekeniň has-da gowy bilýändigine göz ýetirdik. Şu pursady irde-giçde kinofilm edäýmesem hiç undup bilemok — diýip, tolgunyp-tolgunyp gürrüň berdi.

Bu gürrüň ussat artist, kinorežissýor, ssenarist, Türkmenistanyň at gazanan artisti Hojadurdy Narlyýewiň aýdan bir gürrüňini ýadyma saldy. Kino sungatynyň daşary ýurtly wekilleri bilen ençeme filmlerde surata düşen, birnäçe kinolaryň režissýory, ildeşimiz Hojadurdy Narlyýewiň döredijiligi bilen içgin tanyşmagy ýüregime düwüp, ýaşuly artistiň telefon belgisini kärdeşleriniň birinden aldym-da, jaň edip, «Mümkin bolsa şenbe güni söhbetdeşlige barmakçy welin, öý salgyňyzy berip bilmersiňizmi? — diýip haýyş etdim. Ýaşuly kiçigöwünlik bilen: —Bolýa jigim, ýöne şenbe güni öýüme myhman geljek. Kyn görmäň, siz dynç güni geläýiň! — diýip, ýagdaýyny düşündirdi. Olaryň öýlerine geçen ýyl barypdym. Şol wagt onuň saglygynyň ugry ýok eken. Onda-da, güler ýüz bilen garşy alyp ýadyna düşdüginden käbir zatlary gürrüň berdi.

Döredijilige ömrüni bagyşlan sowatly adamlar diýseň päli pes bolýar. Olaryň ählisiniň häsiýeti, ýaşaýşy, durmuşa garaýşy birmeňzeş ýaly duýulýar. Onuň öýüniň täsiri agam Aşyrberdi Kürtüň ýaşaýyş durmuşyny hakydama getirdi.    Teleýaýlymdan pessaýja ses bilen halk sazlaryny diňläp oturşyna halypa artist:

— Milli halk sazlarymyz asyl nusgasynda, ýoýulman çalnanda owazyndan ganyp bolmaýar — diýip sazyň dünýäsine berlip diňşirgendi. Soňra-da:

— Jigim, şol saz çalyp oturan sazanda bilen Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde bile okadym. Türkmenistanyň halk artistleri Ýolaman Nurymow, Akmyrat Çaryýew dagy ýyllykdaşlarym — diýip gürrüňe başlady.

— Ilki ýörite sazçylyk mekdebi tamamlap, Mylly Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasynda işledim hem-de «fagot» saz guralyny çalýardym— diýdi.

— Hojadurdy aga, kyn görmeseňiz söhbetdeşligimizi terjimehalyňyzdan başlaýaly — diýip ýüzlendim. Ol:

— Men 1945-nji ýylyň 20-nji awgustynda häzirki Serdar etrabynyň Sarp obasynda doglan. Üç oglan, üç gyz dogandyk. On ýaşymda ejem ýogalyp, on bir ýaşymda-da Aşgabada göçüp geldik. Mal bakyp, samandan, ýandakdan tirt edip ýören oba çagalary bolamyzsoň paýtagta gelenimde diňe salam sözüne rusça «drasty» diýilýändigini bilýärdim. Çagalar öýünde terbiýelendim. Paýtagtymyzdaky 29-njy orta mekdepde Dina Borisowna diýen mugallymymyz bardy. Şol jan edip sapak geçýärdi. Sport komentatory Amanmuhammet Çaryýew ikimiz 5-likçidik. Ol menden bir synp aşakda okady. Maňa köp kişi: «Türkmenistanyň halk artisti Rejep Rejebow obadaşyň bolansoň öňden tanyşsyňyz» diýýärler. Ol hem Gyzylarbatly eken, ýöne biz biri-birimiz bilen internatda bolanymyzda tanyşdyk. Ozal men dogduk obamdan uzakda bolmasa-da, Gyzylarbat baryp gören şäherim däldi. Soň biz Rejep bilen dostlaşdyk. Rejep truba saz guralyny çalýardy. Özi-de kompozisiýa bilen türgenleşýärdi. Onuň ilkinji sazlarynyň döreýşiniň şaýady boldum. Rejebi Bulat Mansurow bilen tanyşdyrdym. Soň ol meni Nury Halmämmet bilen tanyşdyrdy. Moskwada okaýan döwrümizde ýetim oglanlar bolamyzsoň, aç hor bolan wagtlarymyz Rejebiň ýanyna barardyk. Oňa ejesi Annatäç daýza, kakasy Juma aga köplenç pul ugradýardy. Rejep bolsa kösenen ýerimizde kömek bererdi.       — Men Bulat Mansurow bilen «Şükür bagşy» filmi surata düşürilýärkä tanyş boldum. Mansurowyň özi skripka çalýardy. Ol maňa nähili kitaplary okamalydygymy öwretdi. Wagt tapsam öňki Karl Marks adyndaky kitaphana baryp uzakly gün diýen ýaly kitap okardym. Kitaphananyň golaýynda kakamyň dogany Sona bibimler ýaşaýardy. Diňe günortan nahar wagty şolara  naharlanmaga giderdim. Bulat Mansurow her gezek okan kitabym barada sorap, soň ýene-de indiki okamaly kitabymy salgy bererdi.

Halypa kinorežissýor Osman Saparowyň surata düşüren bir filminde döreden keşbimi ýatlap Artyk Jallyýew maňa: «Hojadurdy ýekeje şarpygym bilen artist bolandyr» diýip degerdi. Bulat Mansurowyň surata düşüren «Gyrnak» filminde, «Teşneligiň gandyrylyşy», «Ölüm ýokdur oglanlar» filmlerinde döreden kiçiräk keşplerim kino üçin uly işlerimiň başlangyjy boldy.

17 ýaşymda häzirki Oguzhan adyndaky«Türkmenfilm» birleşiginde işe başladym. Ýaş bolamsoň ähli kino enjamlary egnimde götererdim. Hem-ä agyrdy hemem her 60 metrden şol ehjamlara zarýad berilerdi — diýdi-de, el telefonuny uzatdy. Telefonyň ekranyndaky bäbejigiň göbejiginden byk-byk edip ogşap, çagajygynyň jykyr-jykyr gülküsinden lezzet alyp oturan ýaş enäniň keşbi şeýlebir ýakymly täsir etdi. Hojadurdy aga: «Bu meniň körpe agtygym» diýip, soňra ol dürli oýunjaklar bilen bezelen arabada ýylgyrypjyk ýatan ýene bir bäbegiň suratyny görkezdi. «Ynha, şular meniň iň uly buýsanjym. Üç oglum, bir gyzym, alty sany agtygym bar» diýip, gaýta-gaýta mähir bilen surata seretdi. Ol biraz dymyp oturdy-da, ýene-de gürrüňini dowam etdi.

— Maňa täjik, özbek, gyrgyz, rus, gazak, hindi we başga-da birnäçe daşary ýurt filmlerinde-de keşp döretmek miýesser etdi. Fransiýada-da kino surata düşüpdik. Rus kinolarynda döreden keşplerim 20-den gowrak bardyr. Kän ýyl bäri orsýetde ýaşaýardym. Öňräk gaty erbet ýaramadym. Düýşüme gaýta-gaýta dogduk obam girýärdi. Onsoň birden pelek işidir— diýip, dogrymy aýdaýyn öz ýurdumda ölmek üçin geldim, jigim — diýdi. Onuň şu sözleri aýdandaky bolup oturşyny synlamak şeýlebir bir täsir etdi, gözüme ýaş aýlananyny-da duýmandyryn. Ykbal nesibesi çekip, daşary ýurtda ýaşap ýören agasy dünýeden öten 90 ýaşlaryndaky enäniň daň bilen namaz okap otyrka birden pessaýja ses bilen balasyny hüwdüleýän ýaly owazda: «Ýat illerde şirin janyň üzlende, kimi gözüň gözledi, şirin diliň nämeleri sözledi, jan dogan» diýip aglap oturan keşbi göz öňüme geldi.

75 ýaşy arka atan halypa artistiň aýdan gürrüňlerini kagyza bellik edip goýupdym.Şol söhbetdeşligimizden öňem Hojadurdy aga käte Aşgabat kinoteatryna baranymda sataşýardy. Ençeme kinolarda dürli häsiýetdäki keşpleri döredip, kino muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsini gazanan ussat artisti gaýybana tanaýardym. Ol ilki bilen «Şükür bagşy» filminde döreden Şüküriň ýesir düşen agasynyň keşbi bilen hakydamda galypdyr. Bir mahal 30 ýyl töweregi mundan öň metbugat neşirleriniň birinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň Hojadurdy aganyň döredijiligi barada ýazan makalasyny okapdym. Şol makalasynda awtor : «Hojadurdynyň kinolaryny goşgy ýaly okabermeli» diýip baha beripdir. Bu juda ýerine düşen jümle, ol hakykatdan-da şeýle. Belki ol, bu artistiň «Şükür bagşy» filminde döreden keşbi barada aýdandyr. Onuň bu filmdäki döreden keşbi uzak wagtlygam däl ahyry. Emma, onuň şol keşpdäki duýgy bilen bakýan gözleri, aýdýan sözleri, Şüküriň täsin hereket bilen çalýan sazyna bir, iki, üç… diýip sanap oturyşy goşgy ýat tutan ýaly köpimiziň ýadymyzdadyr.

Arada teleýaýlymy görüp, daşary ýurt kanallaryna geçirip otyrkam onuň täjik filminde surata düşen keşbini gördüm. Bir-iki gün geçensoň bolsa, «Miras» teleýaýlymynda «Aly-baba we kyrk garakçylar» atly çeper filminde oýnan keşbine tomaşa etdim. Daşary ýurt filmlerinde keşp döreden ildeşlerimizi görenimde milli kino sungatymyzyň äleme ýaýylmagynda uly işler bitiren ägirtlerimize buýsanjyň artýar — diýenimde, kino sungatynda kän işler bitiren halypalaryň biri Gurbanjeren Meredowa: «Hojadurdynyň «Naryň tagamy», «Söýgi uçgunlary», «Brigada», «Ýermak » we başga-da ençeme daşary ýurt çeper filmlerinde döreden keşpleri kändir. Özem onuň döreden keşpleriniň köpüsi baş keşplerdir. Onuň türkmen diline terjime edilen filmlere ses bermekde-de bitiren hyzmaty az däldir — diýdi.

Iki-üç hepdelikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Rejep Rejebowyň kino sazlarynyň dünýäsi» atly aýdym-sazly dabara boldy. Konsert ýurdumyzyň milli professional saz sungatynyň taryhynda görnükli yz goýan meşhur kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti Rejep Rejebowyň kinofilmler üçin döreden sazlaryna bagyşlandy. Konsertde ýaňlanan  eserleri Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri ýerine ýetirdi. Ol eserleriň aglabasy ilkinji gezek ýaňlandy.

Kompozitor Rejep Rejebow ömrüniň dowamynda jemi 60-a golaý kinofilmlere saz ýazypdyr. Ol kino sazlaryny döredende ençeme tanymal kinorežissýorlar bilen işleşipdir. Onuň Hojaguly Narlyýewiň «Gelin», «Ýok diýmegi başar», «Jemalyň daragty»  «Mankurt», «Bagtyndan jyda düşen Pyragy», Halmämmet Kakabaýewiň «Altynyň reňki», «Laçyn», Kerim we Baba Annanowlar bilen bilelikdäki «Zöhre-Tahyr», Saparmuhammet Jallyýewiň «Çüýşedäki jyn», «Lukman Hekim», Myrat Orazowyň «Watan ogly», «Mährem çynar», Hojadurdy Narlyýewiň «Öz obamyň adamlary», «Ak duman»,Hojadurdy Narlyýewiň Meret Atahanow bilen surata düşüren «Ykbal» we başga-da ençeme sazlaryny ýazan türkmen kinofilmlerinden parçalar konsertiň dowamynda görkezildi we konserwatoriýanyň talyplarynyň, mugallymlarynyň ýerine ýetirmeginde kinofilmlerdäki aýdymlardyr sazlar tomaşaçylara ýetirildi. Şol konsertde Hojadurdy Narlyýewiň surata düşüren hem dürli keşpler döreden çeper filmlerinden bölekler görkezildi. Şeýle-de şol konsertde uly hormat bilen Hojadurdy aga-da söz berildi. Konsert örän täsirli, hem-de tomaşaçysy diýseň köp boldy. Konsert tamamlanansoň tomaşaçylaryň söýgüli artisti Hojadurdy aga bilen gezek-gezegine ýadygärlik surata düşmekleri, konsertiň dowamynda ekranda görkezilen gadymy kinolarymyzy telefona ýazgy edip oturyşlary diýseň begendirdi.

Häzir aramyzda bar wagtlary bu halypalaryň döredijiligi, durmuşy hakynda maglumatlary toplamaga şeýlebir howlukdym. Ertesi Hojadurdy aganyň aýal dogany Amanbibi ejelere ýazga gitdim. Amanbibi eje düşekde ýatan eken. Onuň bilen bir mahal Aşgabat haly fabriginde bile işleşipdik. Ot ýaly dogumly zenandan nämüçin şol wagtlar doganlary barada hiç hili maglumat almandygyma diýseň ökündim. (Aý, ol wagtlar öz güzeranymy dikeltjek bolup başga zada elimem degmedi-dä).

Amanbibi ejäniň şol mähribanlygy, ýöne ýatkeşligi halys kütelipdir eken. Onda-da beren sowallaryma ýagdaýynyň ýetdiginden jogap berdi.

— Doganoglanym Amanmuhammet sport komentatorydy. Bir gezek ol Hojadurdynyň oýnan täjik kinosyny görkezmek üçin öňki «Bahar» kinoteatryna äkitdi. Oglum Guwanjyň kiçi wagtydy. Kinoda daýysyny tanap: — Näme üçin aýdaňyzok, häzir daýymy atarlar ahyry — diýip aglapdy.

Bir gezegem kinorežissýor Ilmyrat Bekmiýewiň aýaly Gözel jan, ogly Annamyrat hemem oglum Guwanç dagymyzy «Gämiçiniň jany bir» kinosy surata düşürilýärkä, «Biraz dynjyňyzy alyň» diýip Ýalta äkitdiler. Meýdanda çadyrda ýaşadyk. Hiç ýadymdan çykanok. Kinoda Hojadurdyny surata düşürilende sowuk howada üstüne nasos işledip suw sepip kino düşürdiler. Şonda ol gaty erbet ýaramady. Uzakly gije saklap oturdyk. «Aýgytly ädim» kinosynda Aýnanyň kakasy bolup oýnaýan artiste Hojam aga diýerdik. Hojam aga:

— Gyzym, Hojadurdy bir, gözüni açyp özüne gelse gyzgynjak unaş bişirip bereweri — diýip alada galdy. Şonda Hojadurdy ertesi gün gözüni açdy. — Gözüňiz aýdyň, bolsa-da, sag-aman özüne geldi — diýip, Hojam aga bizden beter begendi. Gazet ýazyp unaş kesipdim — diýip biraz ýassyga gyşardy. Soňra-da:

— Meni «mikroinsult» urdy, balam. Indi biraz gowulandym. Keselhanada ýatyrkam agam Hojaguly yzymdan bardy welin, dogan seni gördüm, indi ölsemem armanym ýok diýipdirin. Hojaguly «Kakaňmy ýa doganyňmy?» diýdiren , hemmä deň doganymdyr — diýip gürrüňini dowam etdi. Ol:

—Iň uly doganym Mama 1933 –nji ýylyň fewralynda, ikinjimiz Hojaguly 1937-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda, men 1943-nji ýylyň fewralynda,  Hojadurdy 1945-nji ýylyň awgustynda,  Hojaberdi 1948-nji ýylyň iýulynda, Ýazjemal 1953-nji ýylyň fewralynda doglan. 1955-nji ýylda ejemiz ýaş üstünden ýogaldy. Ejemiň ady — Gurbanjemal. Hojagulynyň surata düşüren «Jemalyň daragty» kinosy ejemiň ykbaly, «Gelin» kinosy goňşymyz Ogulkeýik ejäniň ykbaly. Kino surata düşürilenden soň Ogulkeýik eje: «Meniň gören kynçylyklarymy diňe öz obam bilýärdi, ýöne Hojaguly kino düşürip meni dünýä tanatdy — diýipdi. Ogulkeýik ejäniň, Maýa Aýmedowa bilen Hojaguly üçüsiniň bile düşen suratlary bar. Ejemiz ýogalanda körpe jigim iki ýaşyndady. Men on iki ýaşymdadym. Kakam demirýol işgäridi, onuňam bir aýagyny otly kesip maýyp galypdy. Hojaguly Moskwa okuwa gidende kakam: «Ýetim galan jigileriniň egninden galdyryşman gitdi» diýip gaty kyn gördi. Günümiz pesdi, ejemiň yzyndan otuz manat ýöreýärdi. Hojagula her wagt 100 manat pul ibermelidi. 12 ýaşdan haly dokap, sygyr sagyp, şol puly jemleýärdik. Hojagulynyň 50 ýaş toýuna haly portretini dokapdym. Hojaguly paýtagtymyzdaky 20-nji orta mekdepde okady. Ol soňky jaň dabarasynda otyrka, synpdaşlaryna gutlag, Hojagula bolsa, «Ejeň ýogaldy» diýen telegramma gelýär. Ýogsa ejem pahyr: «Hojaguly okuwyny gutaryp dostlary bilen gelende palaw bişirerin» diýip sanaja guýup tüwi ýygnap goýupdy.

Kakam ýogalandan soň durmuşa çykdym. «Şükür bagşy» kinosy surata düşürilýärdi. Kinoda öwülýaň başynda: «Adamlar…», diýip aglaýan oglanjyk bardyr. Şol oglany Kakadan kino düşürmäge getirdiler. Ondan kinoda näme üçin  şoň ýaly surata düşýäň? — diýip soradym. Ol: — Ony, kinony surata düşürýänlerden sora — diýipdi.

Ýaşym 80-e golaýlady. Ýatan ýerimde doganlarymyň didaryny görmek üçin telefonda IMO girmegi öwrendim. Alty dogan bolup bileje düşen suratymyz bardy, häzir albomdan gözlemäge ýarajak däl-dä. Başga-da gyzyklanýan sowallaryňyz bolsa körpämiz Ýazjemal käbir zatlary aýdar — diýip onuň telefon belgisini berdi. Onsoň Ýazjemal gelneje bilenem jaňlaşdyk. Ol:

— «Ýok diýmegi başar» atly kino surata düşürilende tanymal artistleriň köpüsi öýümize gelipdiler. Bu kino häzirki Serdar etrabynyň Goç obasynda surata düşürildi.Oba adamlarynyň saman kümelerini boşadyp, artistler kän wagt şoň içinde ýaşadylar. Maňa artistleriň kino düşende geýmeli eşiklerini tikdirýärdiler. Uly aýal doganym sygyr saklaýardy. Her gün onuň sygrynyň süýdüni bişirip, gatyk basyryp artistlere paýlap bererdik. Naharlaryny köplenç men taýýarlardym. Aýal doganym her gün tamdyrda çöreklerini bişirip berýärdi. Filmiň kartina direktory Hojaberdidi. Bir gün oňa:

— Maňa-da kömek edenim üçin pul ýazaýyň-da, diýdim. Şol wagt olaň her iş üçin öz nyrhy bar eken. Kime 3 manat, kime 7 manat ýaly pul ýazypdyr. Hojaberdi maňa-da 3 manat ýazypdyr. Men oňa nägilelik bildirip:

— Iň bolmanda 7 manat bir ýazaýmaly ekeniň-dä, diýdim.  Ol:

— Sen-ä gabyrda ýatan ejeme-de pul ýaz — diýersiň diýip,  şeýlebir utandyrdy.  Eje jan, ynjydan bolsam, meni bagyşla diýipdim.

Bir gezegem üsti çadyrly ulagda halypa artistler bilen oba barýardyk. Sabyr Ataýewa gaty ýadan bolmaly: «Arçman bilen Bäherdeniň arasam ajy içege ýaly uzyn» diýýäni ýadymda. Ýolda ol köneje kümeleri görkezip, «Ynha, şu ýerde «Japbaklar» kinosyna surata düşüpdik» diýip gürrüň beripdi.

Çaga wagtlarym Hojadurdy meni köplenç boýnunda götererdi. «Beýgelýän» diýip begenerdim. Agalarymyň sungatda gazanan at-abraýy üçin indi buýsanjym beýgelýär. Köplenç saçak başyna üýşsek «Sizi küýsämde suratyňyza serederin» diýip, Hojadurdy dädem hökman el telefonuna suratymyzy alýar — diýip gürrüň berdi.

Bu gürrüňleri diňläp oturkam näme üçindir şahyryň: «Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler» diýen setirleri öwran-öwran kalbymda ýaňlandy.

Akgül SAPAROWA.

 

Aşyrberdi Kürt diňe satiraçy ýazyjymydy?

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri