SIZDEN GELENLER

   Himiki elementleriň  peýdaly   häsiýetleri

 Sink – aminoturşularyň sintezi we ganyň emele gelmegi üçin jogapkär fermentleriň funksiýasyny sazlaşdyrmak üçin gerek. Bu mikroelement çarşak şekilli mäziň bölüp çykarýan gormonynyň sintezine gatnaşmak bilen immun ulgamynyň ýagdaýyna oňyn täsir edýär. Sinkiň ýetmezçiligi dem alyş, ösüş, köpeliş prosesleriniň, süňk we kekirdewük dokumalarynyň emele gelmeginiň bozulmagyna, süyjüli diabetiň ýüze çykmagyna getirip bilýär. Sink elementine baý elementler: şüle, nohut, noýba, balyk, ýumurtga, goýun we sygyr eti, sygryň bagyr-öýkenidir böwrekleri, towugyň  daşlygy, kädi we günebakar çigidi.

Magniý -ähli öýjükleriň we dokumalaryň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Beýleki elementleriň ionlary bilen bilelikde organizmiň suwuk gurşawlarynyň ion deňeçerligini (balans) saklamaga täsir edýär. Fermentleriň 300-e golaýynyň düzümine girýär, ganyň suwuk böleginiň, süňkleririň fosfatazasyna gatnaşýar. Nerw-myşsa gyjynyjylygyny goldaýan bu makroelement nerw dokumasynyň öz funksiýasynyň kadaly ýerine ýetirmegi, skelet myşsalarynyş we miokardyň işini goldamak hem-de bedeniň erkin radikallaryň täsirinden goraglylygyny üpjün etmek üçin zerur gerekdir.

Magniý elementine baý elementler: soýa önümleri, grçka noýba, goňur tüwi, süýt, kartoşka, şugundur, deňiz kelemi, kakao, ajy şokolad, banan, et, ysmanak, kelem we beýleki gök önümler.

Marganes – merkezi nerw ulgamynyň kadaly işi üçin zerur gerekdir. Nesil öndürijilige, süňk we kekirdewük dokumalarynyň emele gelmeine täsir edýär,organizmi erkin radikallaryň täsirinden goraýar.Bedende marganes azalanda osteoporoz keseli döräp bilýär, nesil öndüriş funksiýasy bozulýar.  Marganes elementine baý bolan önümler: nohut, noýba, mäş, hozuň dürli görnüşleri, ýumurtganuň sarysy,  şugundyr, ter gök otlar.

Kalsiý – süňkleriň, dişleriň pugta bolmagy üçin bedende bu makroelementiň ýeterlk mukdarda saklanmagy möhümdir. Ol süňk dokumasynyň mineral esasyny emele getirýär. Kalsiý myşsalaryň ýygrylmagyna, nerw impulsynyň geçirilmegine, beloklardyr ýaglaryň dargamagyna, ganyň lagtalanmagyna gatnaşýar. Uýan ganda(sywarotka) bu elementiň ýokary derejesiniň saklanmagy galkan şekilli mäziň we süňk dokumasynyň täze döremelerine, miýeloma, limfoma, sarkoma sary getirme, peritonit ýaly kesellere, dokumalaryň irňläp çüýremegi bilen häsiýetlendirilýän gengrena mahsusdyr. D witaminiň ýetmezçiligi ýüze çykanda, dowamly böwrek ýetmezçiliginde, bagryň we öt akabalarynyň näsazlyklarynda hem-de başga-da birnäçe kesellerde bu elementiň azalýandygy mälimdir. Kalsiý elementine baý önümler: süýt we süýt önümler(aýratyn hem peýnir dorag), mal we guş eti, balyk künji we onuň ýagy, nohut, noýba, hozlar, ýogurt.

Kaliý – bu makroelementiň98%-e golaýy öýjükleriň içinde saklanýar. Ol arterial gan basyşynyň kadaly ýagdaly ýagdaýda saklanmagyna ýardam edýär, insultyň döremek howpuny azaldýar. Kalsiý bilen bilelikde myşsalaryň, nerw ulgamynyň işine gatnaşýar, bedende suwuklygyň, elektroitleriň, turşularyň deňeçerliginiň saklanmagyna jogap berýär. Kaliý elementiniň we beloklaryň alyş-çalyşy özara baglanyşyklydyr. Şoňa görä bu element ýetmezçilik edende beloklaryň dargamagy tizleşýär. Netijede ýürek ritmi bozulýar, ýadawlyk, myşsalaryň gowşaklygy ýüze çykýar.Kaliý elementine baý önümler: kakadyla miwelwer, çaý, kofe, kakao, hozuň dürli görnüşleri, kartoşka (aýratn hem gabygy) we ter gök otlar, banan, sitrus, gawun, bagyr, süýt.

Hlor – hemişelik suw deňeçerligini (balans) goldaýar. Agyr böwrek näklarynda we ýiti böwrek ýetmezçiliginde, süýjüsiz diabetde, böwregüsti mäzleriň funksiýasy peselende, bu makroelementiň gandaky derejesi ýokarlanýar, gusma alamaty uzak wagtlap dowam edendenefritde tikilom tekozda bolsa, tersine peselýär.Hlor elementine baý önümler: banan, kelem, petruşka, çogdary uny.

Demir – demir alşa, ganyň emele gelmegine gatnaşýar, fermentleriň 100-den gowragynyňdüzümine giýär, gemoglobiniň ornuny tutup bolmajak düzüm bolegi bolup durýar. Demir beýnide we ýürekde ganaýlanyşy gowylandyrýar,akyl zähmetine ukyby ýokrlandyrýar. Bedendedemir ýetmezçiliginiň ýüze çykmagy demir ýetmezçilikli ganazlygyň, dowa,ly böwrek ýetmezçiliginiň, howply çiňleriň döremegine getirip bilýär. Demriň gandaky derejesiniň ýokarlanmagy ýiti gepatiti, bagyr sirrozyny, ýag gepatozyny, nefriti güman etmage esas bolýar.Demir elementine baý önümler: malyň bagrydyr böwrekler, sygyr eti erik şetdaly, çowdary uny, pertuşka, alma, ýumurtga, hurma injir.

Ýod – galkan şekilli mäziň gormonlarynyň: tiroksiniň we triyodtironiniň düzümine girýän bu element alyş –çalyşy işjeňleşdirýär, akyl taýdan ösüşe oňyn täsir edýär, aň ýetirmek we pikir ýetirmek ukybyny ösdürýär. Adamyň nesil öndürmek ukyby, beden dokumalarynyň ösüşi ýoda baglydyr.Ýod elementine baý önümler: deňiz balyklary, kelemi we beýleki deňiz önümleri, almanyň çigdi, ýod bilen baýlaşdyrylan nahar duzy.

Mis – immun we nesil öndüriş ulgamlaryň işine oňyn täsir edýär. Demriň özleşmegine, gyzyl gan bedenjikleriniň emele gelmegine gatnaşýar.Mis elementine baý önümler: Hozlar we deňiz önümleri.

Molibde – puriniň we ýaglaryň alyş-çalşyny kadalaşdyrýar, ftoryň diş syrçasyna siňmegine itergi berip diş çüýremäniň öňüni almaga ýardam edýär.        Molibdene baý önümler: kelem, ysmanak, smorodina.

Ftor – süňk dokumasynyň we diş syrçasynyň düzümine girýär. Ganyň, süňkleriň emele gelmegine itergi berýär, immun ulgamynyň işine oňyn täsir edýär. Bu mikroelementiň artykmaçlygy osteoporozyň döremegine, diş syrçasynyň owranmagyna, onuň ýetmezçiligi bolsa dişlerin çüýremegine getirip bilýär. Ftor elementine baý önümleri: suw, ösümlik önümleri.

Kükürt – bu makroelementiň atomlary ornuny çalşyp bolmaýan sistin, sistein, metionin aminoturşularynyň, insulin gormonynyň, biotin we tiamin witaminleriniň düzüm bölegi bolup durýar. Ol gemoglobiniň, gepariniň, fibrinogeniň düzümine girýär. Bedeni toksinlerden arassalaýar, saçlaryň gür we pugta bolmagyna, allergiýanyň, süýjüli diabetiň öňüni almaga ýardam edýär.Kukurt elementine baý önümler: kryžownik iýmişi, kelem, alma, nohut, sogan.

Kobalt – B12 witaminiň düzümine girýär, uglewodlaryň, beloklaryň madda çalşygyna gatnaşýar. Bu element ýetmezçilik edende beden guraýar, ganazlyk ýüze çykýar, tagamy duýuş ýoýulýar.Kobalt elementine baý önümler: ýertudana, şugundyr.

 

 

                                   Allaýewa Aýjeren,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Ýeke özi 250 gektar tokaýlygy ýetişdirdi

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty