SIZDEN GELENLER

Hemişelik Bitaraplyk – ösüşleriň binýady

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge işjeň girişen ýurdumyz, häzirki zaman şertlerinde bolsa halkara giňişligindäki ornuny üstünlikli pugtalandyrýar. Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ählumumy ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen oňyn häsiýetli başlangyçlary bu abraýly gurama tarapyndan uly goldawa eýe bolýar we berkidilýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen, möhüm halkara meseleleriň çözülmeginde uly ähmiýete eýe bolan Kararnamalar hem doly subut edýär.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk ýurt bolan ata Watanymyz häzirki wagtda dünýäniň ençeme döwleti bilen diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýdy hem-de halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy boldy. Munuň özi Ýer ýüzünde ählumumy ykdysady ösüşde durnuklylygy gazanmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýän ýurdumyzyň daşary syýasatda öňe sürýän oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dabaralanmagydyr we dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegidir. Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe süren başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolup, häzirki wagtda bolsa Arkadagly Serdarymyz bu başlangyçlary dowam edip, ýurdumyzy halkara derejesinde täze belent sepgitlere alyp barýar.

Häzirki wagtda ýurdumyz özüniň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllyk halkara baýramçylygyny toýlamaga taýýarlanýar. Mälim bolşy ýaly, 12-nji dekabr BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kabul eden taryhy kararnamasy bilen dünýä jemgyýetçiliginde Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenýär.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasyna agzalygynyň 30 ýyllygy bellenýän şu ýylda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy giňden dabaralandyrylar. Bu waka mynasybetli Türkmenistanda birnäçe çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk mejlisi bar. Bu çäre Aşgabatda ýokarda agzalan köptaraplaýyn dialogda ýurdumyzyň ýolbaşçylyk etmeginiň çäklerinde geçiriler.

Mundan başga-da, paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň Strategik barlag institutlarynyň nobatdaky duşuşygyny, Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şanly sene mynasybetli geçiriljek esasy çäreleriň biri «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahat bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda bu foruma taýýarlyk işleri alnyp barylýar, degişli Konsepsiýanyň taslamasy işlenip taýýarlandy.

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ýyllyk duşuşygy geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çäre şu ýyl döredilmeginiň 15 ýyllygyny belleýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň howandarlygynda geçiriler. Şunuň bilen birlikde, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň we ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda däp bolan sport ýaryşlaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Bitaraplygy halkara giňişliginde ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň daşary syýasy we daşary ykdysady işiniň binýatlaýyn ýörelgesi bolmak bilen, sebitde hem-de bütin dünýäde oňyn parahatçylygy dörediji orny eýelemäge, bu wezipeler ýerine ýetirilende Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryna ýardam etmäge ýurdumyza mümkinçilik berýär.

Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara derejesinde abraý-mertebesiniň belende galmagynda alyp barýan belent maksatly işlerinde rowaçlyklary arzuw edýäris!

Handurdy Begjanow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy