TEHNOLOGIÝA

Hazar deňzi boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk kabeli çekiler

Hazar deňziniň aşagyndan optiki-süýümli aragatnaşyk kabelini geçirmek boýunça gurluşyk işlerine 2025-nji ýylda girişiler. Bu barada Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow habar berdi.

– Üstümizdäki ýylda Hazar deňziniň aşagyndan optiki-süýümli aragatnaşyk kabelibiniň gurluşygyna başlanar – diýip, ol belledi.

Kabeliň uzynlygy 380 kilometr bolup, onuň maglumat geçirijilik kuwwaty sekuntda 400 terabite deň bolar. Taslamanyň maýa goýumynyň möçberi 50 million dollardan geçer.

2023-nji ýylda “Azertelekom” bilen “Gazaktelekom” telekommunikasiýa operatorlarynyň arasynda Hazar deňziniň aşagyndan Azerbaýjan-Gazagystan ugry boýunça Transhazar optiki-süýümli aragatnaşyk kabelini gurmak babatda bilelikdäki kärhanany döretmek şertnamasyna gol çekilipdi.

Related posts

“Galaxy S22” seriýasy “Samsung” web sahypasynda ýerleşdirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy

Russiýa 70 sany ýolagçy uçar öndürer

Ata Watan Eserleri