SIZDEN GELENLER

Halkara sport güni

2013-nji ýylyň 23-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biragyzdan karar kabul etmegi bilen 6-njy aprel Halkara sport güni hökmünde bellenýär. Bu baýramçylyk resmi taýdan Ösüş we parahatçylyk üçin halkara sport güni diýlip atlandyrylýar.

BMG-niň bu kararnamasynyň awtordaşlary bolup, Belarus, Gruziýa, Gazagystan, Rumyniýa, Russiýa, Serbiýa we Makedoniýa ýaly ýurtlar bolup durýar.

Halkara Olimpiýa komiteti bilen BMG-niň arasynda sport ulgamynda hyzmatdaşlyk irki ýyllardan bäri dowam edýär. 1952-nji ýylda bu hyzmatdaşlygyň düýbi tutuldy. Şondna ÝUNESKO tarapyndan bilim guraly hökmünde sporty ýaýbaňlaşdyrmak üçin başlangyç hödürlendi.

Oýunlar, sport bäsleşikleri we bedenterbiýe bilen meşgullanmak adamzadyň ösüşiniň möhüm orun eýeläp gelýär. Sport bilimiň, parahatçylygyň we ösüşiň möhüm guraly bolup hyzmat edip, milli we halkara derejede hyzmatdaşlygy, raýdaşlygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Toparlaýyn işlemek, adalatlylyk, tertip-düzgün, garşydaşa hormat goýmak we oýnuň düzgünleri ýaly gymmatlyklar dünýäde raýdaşlygy, jemgyýetiň agzybirligini we asuda ýaşamagyny ösdürmek üçin ulanylyp bilner.

Şol sebäpli Birleşen Milletler Guramasy ähli döwletleri, BMG ulgamynyň guramalaryny, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş we Parahatçylyk Býurosyny, şeýle hem halkara, sebit we milli sport guramalaryny, raýat jemgyýetini, şol sanda hökümete degişli bolmadyk guramalary halkara sport gününi bellemäge we wagyz etmäge çagyrýar.

Mundan başga-da, Baş Assambleýa Halkara Paralimpiýa Komitetiniň maýyp türgenleriň gazananlaryny dünýä görkezmekde we jemgyýetiň maýyplaryň sporty baradaky pikirini üýtgetmekde aýgytly kömek bermekde oýnan roluny ykrar etdi.

Döredijiler tarapyndan göz öňünde tutulyşy ýaly, Halkara sport güni her ýyl 23-nji iýunda bellenilýän Halkara Olimpiýa gününe üstünlikli goşant goşmalydyr. Sport gününde 10 kilometrlik ýaryşlardan we marafonlardan başlap, toparlaýyn sport, welosiped ýaryşlary we okuw çäreleri guralyp, dürli ýaşdaky adamlaryň bu çärelere işjeň gatnaşdyrylmagy guralýar.

Biziň ýurdumyzda hem sporta uly üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» sport bilen meşgullanmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak üçin, şeýle hem bedenterbiýe we sport ulgamyna maýa goýumlary çekmek üçin şertleri döretmek, bedenterbiýe we sport edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etdirmek, işgärleri taýýarlamak meselelerini kämilleşdirmek, şu ugurda işleýan hünarmenleriň durmuş goraglylygyny güýçlendirmek ýaly çäreler göz öňünde tutulýar hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sport ulgamyny ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär, ulgamyň düzümine ylmyň täze gazananlary we öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Diňe Diýarymyzyň şäherlerinde däl-de, eýsem, obalarda hem dünýä ölçeglerine kybap gelýän köpugurly stadionlar we sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri guruldy.

Düzümine sport zallary, futbol, basketbol we woleýbol meýdançalary, howuzlar, tennis meýdançalary girýän bilim hem-de mekdebe çenli edaralary gurmak hökmany şert bolup, bu ýurdumyzda sportuň esasyny düzýär.

Mähri Sopyýewa, TOHU-nyñ talyby.

 

 

“Real Madridiň” transfer maksady: Mbappe, Holand we Gnabri

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty