SIZDEN GELENLER

Halkara sowatlylyk güni

Halkara sowatlylyk gününiň taryhyna gysgaça nazar salalyň. 1965-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO tarapyndan Tähranda “Sowatsyzlygy ýok etmek” atly konferensiýa geçirilýär. Bu konferensiýada “Halkara sowatlylyk güni” atly halkara gününi döretmek hakynda teklip öňe sürülýär. Halkara sowatlylyk güni ilkinji gezek 1867-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda bellenilip geçilýär. Şondan bäri her ýylyň 8-nji sentýabry Halkara sowatlylyk güni hökmünde dünýä ýüzünde bellenilip geçilýär.

Häzirki wagtda ýer ýüzünde sowatsyzlygy ýok etmek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Dünýäde ilatyň sowatsyzlygyny peseltmek, esasanam ýaşlaryň sowatlylygyny ýokarlandyrmak esasy amala aşyrylýan işleriň biri bolup durýar. BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň biri hem “Ýokary hilli bilim” diýlip atlandyrylýar.

Bilim ulgamyny kämilleşdirmek biziň ýurdumyzda hem ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ylymly-bilimli, sagdyn ruhly ýaş nesilleri ösdürip ýetişdirmek ugrunda bimöçber işler alnyp barylýar. Her ýyl 1-nji synpa gelýän körpejelere hormatly Prezidentimiziň adyndan ýörite kompýuter sowgatlary gowşurylýar. Orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen häzirkizaman innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen sanly bilimiň öwredilmegi bolsa gelejekde öz işine ökde hünärmenleri ýetişdirmäge ýardam edýär.

 Aýlar Atajykowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Türkmenistan-Özbegistan: täze ylalaşyklar gazanylar

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi