BIZNES

Halkara Sergiler Býurosynyň Baş Sekretarynyň duşuşygy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda edaranyň başlygy Mergen Gurdowyň Halkara Sergiler Býurosynyň Baş Sekretary Dmitriý Kerkentzes bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda jenap D.Kerkentzes bilen TSSE-niň ýolbaşçysy we wekilleri bilen tanyşlyk boldy. Şeýle hem «EKSPO-2023 Doha» halkara sergisiniň dabaraly ýagdaýda açylyp, işe başlandygy bilen bagly gutlag sözler aýdyldy. Myhman hem öz gezeginde, «EKSPO-2023 Doha» halkara sergisindäki Türkmenistanyň pawilýonynyň gurluşyk işleriniň wagtynda tamamlanandygy bilen bagly gutlag sözlerini aýtdy we bu pawilýonyň özboluşly owadanlygy bilen tapawutlanýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Halkara Sergiler Býurosynyň käbir ýygnaklarynyň TSSE-niň binasynda hem geçirmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy