DÜNÝÄ

Halkara guramalaryndan Türkmenistana ýokary baha

Şu gün açylan Türkmenistanyň Maslahatlar Merkezinde dabaraly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen maslahata Mejlisiň Başlygy, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň hem-de halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem gatnaşan dabaraly maslahatynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan 2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly yglan edilmegi halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma eýe boldy. Halkara guramalar ýurdumyzyň döwrüň wajyp meseleleriniň çözülmegi babatda öňe süren halkara başlangyçlarynyň örän möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny mälim edýärler.

Hormatly Prezidentimiz dabaraly maslahatda eden çykyşynda ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň dünýäniň möhüm meselelerini parahatçylyk we ynanyşmak esasynda çözülmegine möhüm orun eýeleýändigini belläp, Türkmenistanyň halkara syýasatynyň işjeň agzasy bolup, BMG-niň gatnaşmagynda ählumumy ösüşi nazarlaýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny belledi.

Maslahatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş Sekretary Helga Şmidt, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew, BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa, dagy maslahatda wideoýüzlenme bilen gatnaşdy.

ÝHHG TÜRKMENISTANYŇ IKI PALATALY ULGAMYNA ÝOKARY BAHA

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş Sekretary Helga Şmidt özüniň wideoýüzlenmesinde dabara gatnaşyjylary Türkmenistanyň Maslahatlar Merkeziniň açylmagy bilen gutlady. ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary depginde alnyp barylýandygyny bellän Helga Şmidt ÝHHG-niň Ýewropa sebitindäki iri hyzmatdaşlyk platformasynyň bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistan bilen dürli ugurlarda, ýagny durnukly ösüşiň gazanylmagy babatda işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýandygyny bellän Helga Şmidt Türkmenistanyň iki palataly kanun çykaryjy organynyň işe başlamagyna ýokary baha berdi. Türkmenistan bilen kanun çykaryjylyk ulgamynda, gender deňligi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigini belledi.

BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bolsa, öz wideoýüzlenmesinde Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde möhüm başlangyçlary öňe sürýändigini, hususan-da, energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa babatdaky başlangyçlarynyň ähmiýetiniň uludygyny belledi.

Olga Algaýerowa Türkmenistanyň Ženewa şäherindäki hemişelik wekilhanasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýandygyny, Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky öňe süren başlangyçlary esasynda birnäçe möhüm Kararnamalaryň kabul edilmegi, Aşgabatda durnukly ulag ulgamyna degişli halkara maslahatyň geçirilmegi, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň häzirki döwürde hem täzeçil usullar bilen dowam etdirilmeginiň ähmiýetini nygtady.

Şeýle hem maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň işlerini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Kristin Weýgand, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Natalýa Drozd, Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu S. Klimow we Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso dagy çykyş etdiler.

Olar hem öz çykyşlarynda Türkmenistanyň öňe süren halkara ähmiýetli başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtap, parahatçylyk we ynanyşmagyň häzirki wagtda halkara syýasatda möhüm ähmiýete eýe bolan iki gural bolup durýandygyny bellediler.

Hususan-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu S. Klimow çykyşynda dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegi üçin ynanyşmagyň möhüm bolup durýandygyny belledi. Ol bu babatda Türkmenistanyň öňe süren başlangyjy esasynda BMG tarapyndan 2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň wajyp ähmiýete eýedigini belledi.

 

Otly gatnawlary barada täzelik

 

 “Google” we “Atavatan” saýty bäsleşýär: häzirlikçe “Google” öňde

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi

Yrak Türkmenistana hemişelik ilçi bellär

Ata Watan Eserleri