JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy zähmet haklaryny ýokarlandyrylmagyny bes etmegi teklip etdi

Düýn paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Şonda  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy, Hormatly il ýaşulusy Ýazmyrat Atamyradow çykyş etdi. Ol Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy bilen bu taryhy foruma gatnaşýan ýaşulularyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, parahat durmuşymyz, eşretli zamanamyz Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, ýadawsyz zähmetiniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gündelik aladalarynyň ajaýyp miweleridir. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar. Bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda ýakynda Arkadag şäherinde, Ahal welaýatynda, Daşoguz welaýatynda ulanmaga berlen döwrebap şäherçede, obalarda maşgalalaryň müňlerçesiniň täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp barmaklary, täze iş orunlarynyň döredilmegi halkymyz baradaky aladanyň nyşanydyr. Bu işler dünýä nusgalyk işlerdir.
“Şeýle eşretleri Siz mähriban halkymyza eçilýärsiňiz, Gahryman Arkadagymyz! Şeýle beýik işleri diňe gurply döwletde amala aşyryp bolar. Siziň belleýşiňiz ýaly, gurýan döwlet gurpludyr” diýip, Ý.Atamyradow sözüni dowam etdi hem-de Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen köp ýyllardan bäri ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň yzygiderli ýokarlandyrylýandygyny, adamlar üçin döredilýän şeýle ýeňillikleriň dünýäniň hiç bir ýurdunda-da ýokdugyny, bu gün her bir maşgalanyň eliniň uzadan ýerine ýetýändigini aýtdy. “Agzybir halkymyz parahat, asuda, bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Ogul-gyzlarymyz, agtyk-çowluklarymyz okuwa, işe arkaýyn gidip-gelýärler. Parahat, asuda durmuşyň özi bahasyna ýetip bolmajak uly baýlykdyr hem gymmatlykdyr” diýip, Ý.Atamyradow belledi we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejä ýetendigini göz öňünde tutup, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagyny bes etmegi teklip etdi hem-de şu teklibi goldamagy Gahryman Arkadagymyzdan tüýs ýürekden haýyş etdi.
Ý.Atamyradow tygşytlanyljak serişdeleriň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, beýleki wajyp ugurlara gönükdirilmeginiň has-da talabalaýyk boljakdygyny nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň hem-de ýaş nesillerimiziň nurana geljegi ugrunda alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Gahryman Arkadagymyz Ý.Atamyradowa çykyşy we maslahaty üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýene-de okaň

“Makul sözlük” indi Google Books katalogynda!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisine gatnaşar

Türkmenistanda täze saglyk merkezleriniň düýbi tutular

Türkmenistanda täze etraplar döredildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady

TIF 2025: Türkmenistanyň ulag strategiýasy – iri taslamalar meýilleşdirilýär