JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gijeki yşyklandyryşyny synlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde alnyp barylýan işleriň görnüşleri bilen tanyşdy.

Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň aragatnaşyk müdirligine bardy we bu ýerde şäheri sanlylaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde zähmet çekýän hünärmenler bilen söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri bilen gyzyklandy.
Mundan başga-da, Milli Liderimiz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gijeki görnüşlerini synlady. Şäheriň agşamky görnüşlerini  guş uçar belentlikden synlanyňda, bu ýerde adam eli bilen döredilen gözelligiň şaýady bolýarsyň. Munuň özi Halk Maslahatynyň Başlygynyň yhlasy bilen gurlan häzirki zaman şäheriniň bezeg aýratynlyklaryna we abadanlaşdyrylyşyna hem-de yşyklandyryş ulgamynyň özboluşly gözelliginiň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilendigini görkezýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda gurlan ilkinji «Gadamly» gury ýük gämisiniň Baku şäherine bardy

Malaýziýa «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegine gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan bilen “Petronas” täze önümi paýlaşmak hakynda ähtnama gol çeker

“Agro Pack Turkmenistan-2026” sergisi geçirilýär

«Gadamly» gury ýük gämisi Azerbaýjanda dabaraly garşylandy

Türkmenistanyň Prezidenti “Petronas” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi