MEDENIÝET

“Gyzyl kürte” filmi Täjigistandaky halkara kinofestiwalda görkezilýär

Şu günler Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde «Toji Somon» halkara film festiwaly geçirilýär. Täjigistanyň Kino gününe bagyşlanan festiwala Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşýar. Halkara döredijilik çäresinde «Gyzyl kürte» çeper filmi görkezilýär.

Täjigistanda ilkinji gezke geçirilýän halkara kinofestiwala Türkmenistandan, Eýrandan, Belarusdan, Wengriýadan, Özbegistandan, Pakistandan, Gazagystandan, Russiýadan, Ermenistandan, Hindistandan we Hytaýdna filmleriniň 25-den gowragy gatnaşdyrylýar.

Sahysalyh Baýramowyň režissýorlygynda surata düşürilen «Gyzyl kürte» çeper filmi hem bu festiwalda täjik kino muşdaklaryna görkezildi. Şeýle hem bu film halkara kinofestiwalyň çäklerindäki bäsleşige hem hödürlendi.

«Gyzyl kürte» filmi dünýäniň birnäçe künjeginde Medeniýet günlerinde, film festiwallarynda görkezilip, Ýer ýüzüniň kino muşdaklarynyň söýgüsine mynasyp boldy.

Film Merkezi Aziýanyň Kinematografiýa sungat akademiýasy bolan «Ak Ilbirs» «Merkezi Aziýanyň iň gowy filmi» baýragyna dalaşgärlige hödürlendi. 2022-nji ýylda «Gorkut ata» türk dünýäsiniň film festiwalynda görkezildi.

Täjigistandaky kinofestiwalda iň gowy çeper film üçin Gran-Pri baýragy goýuldy. Şeýle hem “Iň gowy režissýor”, “Iň gowy operator”, “Iň gowy erkek keşp”, “Iň gowy zenan keşp”, “Iň gowy gysga metražly çeper film”, eminleriň ýörite baýragy, kino muşdaklarynyň baýragy, “Kinematografiýanyň ösüşine goşan goşandy üçin” Duşanbe şäheriniň Başlygynyň ýörite baýragy ýaly baýraklar hem gowşurylar.

Ilkinji gezek geçirilýän «Toji Somon» halkara film festiwaly 19-njy oktýabra çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy