SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Gyzykly maglumat: hyýar nerw ulgamyny köşeşdirýär

Hyýar düzüminde iň köp mukdarda suw bolan gök önüm hasaplanylýar. Has takygy, suw onuň düzüminiň 90 göterimden hem gowragyny tutýar. Hyýaryň düzüminde krahmal, şeker, belok, organiki kislotalar, efir ýagy, A, W, S, RR, E, N witaminleri we kaliý, kalsiý, natriý, magniý, demir, fosfor, ýod, kükürt, galaýy, mis, ftor, hrom, alýumin maddalary bar.

Hyýaryň düzümindäki ýod bedene aňsatlyk bilen siňýär. Şunuň bilen bile hyýar iýmit siňdiriş agzalarynyň işjeňligini we tüýküligiň bölünip çykmagyny kadalaşdyrýar. Belogyň has gowy siňmegini üpjün edýär.

Şonuň üçin hyýaryň suwly bölekleri diňe bir tagamy owadan we lezzetli etmek bilen çäklenmän, iýmit siňdiriş işini hem gowulandyrýar.

Hyýardan taýýarlanan şerbet  üsgülewükde, bogun kesellerinde, ýürek bilen bagly çişlerde peýdalydyr. Ol nerw ulgamyny köşeşdirýär, maňzy bolsa içiňi ýumşadýar, ýüzüň reňkini we aýdyňlygyny saklaýar. Deriniň ýanmagynyň we çişleriň döremeginiň öňüni alýar.

Hyýaryň gabygynyň guradyp ezileni deri kesellerine we bedende emele gelen düwürtikleriň öňüni almakda maslahat berilýär. Hyýar diňe bir iýmit üçin däl, eýsem gözelligi we saglygy saklamakda peýdalanylýar.

 

Azerbaýjanda käbir çäklendirmeler ýatyrylýar

 

 

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy