SIZDEN GELENLER

Gymmatly azyk önümi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň azyk önümçiligine degişli pudaklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrylýar, halkymyzyň özümizde öndürilýän ýokary hilli, ekologik taýdan arassa azyk önümlerine islegini kanagatlandyrmak babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Degişli tehnologiýalaryň, täzeçil çemeleşmeleriň peýdalanylmagy bilen şaly önümçiligini ýokarlandyrmaga oňaýly şertleri döredýän toplumlaýyn çäreler geçirilýär.

Ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmegi üpjün etmek maksady bilen gol çeken Kararyna laýyklykda, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Daşoguz we Lebap welaýatlarynda jemi 18 müň 300 gektar meýdana şaly ekilip, ondan 82 müň 400 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.

Şaly iň gadymy hem meşhur dänelik ösümlikleriň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda dünýäde bu birýyllyk dänelik ösümligiň ýüz elliden gowrak görnüşi bar. Ekerançylyk medeniýetiniň gülläp ösen gadymy mekanlarynyň biri bolan bereketli türkmen topragynda öndürilýän tylla öwüşginli tüwi uzak ýüzýyllyklardan bäri uly meşhurlyga eýedir. Ýurdumyzda zer öwüşginli, altyn reňkli şalynyň öndürilişi ýylsaýyn artdyrylýar.

Ak bazarlarymyzda, söwda nokatlarynda bu süýji nygmatyň dürli görnüşleri bolup, olar ýokumlylygy, şireliligi, ynsan saglygy üçin zerur maddalara baýlygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Ýurdumyzyň Daşoguz hem Lebap welaýatlarynyň tebigy aýratynlyklary, ýaramly toprak-howa şertleri, hatda Günüň şuglasynyň düşüşi, iň esasy-da, şaly ösdürip ýetişdirmekde ýerli daýhanlaryň käbir özboluşly usullary bu nygmata süýjülik hem şirinlik eçilýär.

Lebap welaýatynda şalyçylyga aýratyn üns berilýär, onuň ekilýän meýdanlarynyň möçberi artdyrylyp, her gektaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Şu ýyl welaýatyň Darganata, Çärjew, Farap, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli hem Köýtendag etraplarynda şalynyň ekiljek ýerleri kesgitlenildi. Daşoguz welaýaty boýunça şalynyň ýarysyna golaýy S.Türkmenbaşy etrabynyň S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde öndürilýär.

Şalydan alynýan tüwi hem adam saglygy üçin peýdaly bolup, gymmatly azyk önümidir. Tüwi beýleki galla önümlerine seredeniňde ýokary iýmit gymmatlygyna eýedir. Onuň düzüminde beden üçin zerur bolan maddalar, ýagny beloklar, witaminler, mikroelementler, biotin, sink saklanýar. Tüwiniň görnüşleri sanardan köp. Ol ak, sarymtylrak, gyzylymtyl-goňur, togalak, süýnmegräk, uzyn däneli. Tüwiniň her bir görnüşi  saglyk üçin örän peýdaly. Tüwi witaminleriň B toparyna girýär. Ol witaminleriň egsilmez çeşmesi bolansoň, nerw ulgamyny pugtalandyrýar, ýagny pikirlenmek, ünsüňi jemlemek ukybyňy, ýatkeşligiňi berkidýär.

Onuň düzüminde aşgazanyň nemli bardasynyň ýüzüni goraýjy örtük bilen örtmäge ukyply maddalar saklanýandygy sebäpli tüwi ýeňil siňýän, ýokumly, doly özleşýän önümdir. Ol aşgazan şiresiniň turşulygy ýokarlanan ýa-da aşgazanyň we onki barmak içegäniň başly ýaralaryndan ejir çekýän adamlara has peýdalydyr.

Tüwiniň düzüminde natriý we holesterin ýoklugy üçin gan basyşynyň kadalaşmagyna, ýürek-damar ulgamynyň näsazlyklarynda, böwrek kesellerinde, semizlikde bu önüm ýaramlydyr. Mundan başga-da, tüwi bedene täze öýjükleri döretmäge ukyply.

Sähet Gazakow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/dokma-senagaty-osus-yolunda/

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti