HEKAÝALAR

Gurbanlykda (hekaýa)

Her-nä Gurbanlyk golaýlanda obamyz jahyl ýigitlerdir uly gyzlary synagdan geçirýär. Bi ata-baba gelýän çarwa ýörelgesini dowam edip biljeklerimi ýa… Bu şonuň üçin.

Gyzlaryň öňünde şeýle şert goýulýar. Guýudan suw çekip, iki gapdalyňa suw degirmän suwly bedreleri öýüňe eltmek.

Ikinji şert legende kir ýuwaňda töweregiňe suw dökmezlik.

Üçünji şert tamdyrda süýji çörek bişirmek.

Bu şerti eşidenden Gubagyz maňa bir arka gury ýowşany getirmegi haýyş etdi. Men o ýumşy mähetdel etmän ýerine ýetirdim. Uly gyzlaryň Gubagyzdan galany üçünji şertde azajyk asgynlyk çekdiler. Gubagyz bolsa, ikinji şerti ýerine ýetirip, üçünji şerte gelende ol heniz asmanda ýyldyz barka, elini una garyp, hamyr ýugurmaga başlady.

Asmanda ýyldyzlar petreşip durdy. “Akmaýanyň ýolam” edil çarwawalaryň bilguşagy ýaly ýaýylyp ýatyrdy.

Babyr bilekler hamyr jamynyň içinde iki-baka “gezmelänsoň” barha ýumrumy ýetip, güžžüldäp ses edýärdi. Meniň oglan göwnüme tüýnükden “Akmaýanyň” süýdi hamyrly jamyň içine damyp, ol süýde ýugrulýan ýaly bolýardy. Gubagyzam begendikli ýaly bolup, barha ýylmanýan hamyry iki-baka agdaryşdyrýardy. Käte-de gyz barmaklary bilen ony sypalaşdyrýardy. Basymam ol boldum edip, hamyry basyrmak bilen boldy.

Heniz säher gijäniň elinden sypanokdy. Wagtyndan öň goňşy öýüň horazy gygyrdy. Muňa gahar edýän ýaly Baltagyň haýbatly sesi eşidildi. Ynha-da lowurdap tamdyra ot goýberildi. Ilki howadan ajy ýowşanyň – oduň ysy geldi. Basymam oduň labyrdysy töweregi ýagtylandyrdy. Gubagyzyň aýtmagyna görä, ýowşan ody ýalynly bolup, ol tamdyry basym agardýar.

Ynha-da ilkinji Gün bilen bilelikde tamdyrdan bäş barmagyň – gyz barmagyň yzy çykan çörekler ýalypldap çykyp ugrady. Onuň ysy özünden ýakymly, özünden gowudy. Men şeýle çöregiň ysyny alyp ulalýanyma begenýärdim.

Gubagyz çöregiň gyrasyndan döwdi-de, maňa uzatdy.

– Öwekge, al jigim. Bismillany sen et, seňem bi çörege uly goşandyň bar.

Çörek süýjüdi. Edil hurş bilen iýen ýaly özlüdi. Ertesi adamlar Gunagyzyň bişiren çöregini elden-ele geçirip, ilki maňlaýyna degirýärdiler. Soňam kentgilwügi sürlen agyzlaryna çöregiň bir bölejigini salyp, uzak gäwşemeden soň onuň süýjüdigini-üýtgeşikdigini tassyklap, başyny atýardylar.

Hemmeler begenýärdi. Hemmeler bilen bilelikde ýene biri – Annagam begenýärdi. Gubagyz bolsa heniz arzuw-hyýalyndan saplanmansoň uýaljaňlyk bilen töweregine garaýardy.

Jahyllaryň synagy şeýledi. Olar gazan görmän ojak gazmaly. Erkeji etine gyl ýokuşdyrman soýmaly. Hemem goşgy-gazal aýtmaly.

Goşga gezek gelende, Annakdan galanynyň hemmesi kürtdürdi. Annak bolsa, söýgüniň ýolunda ýöräp ýörensoň ol mähetdel etmän şu setirleri aýtdy.

Gubagyzyň dodagyndan,

Günüň çogly nury öpdi.

Gubagyzyň gül keşbini,

Gök sazagyň püri ýapdy.

 

Aşyk Annak ýüzün sürtdi,

Magşugynyň tozuny.

Ak çägeler ýitirmedi,

Gum gyzynyň yzyny.

 

         Ynha bu gün Gurbanlyk. Men Gurbanlykda alnyp berlen täze köwşüme begensemem bendim weli, ýöne meni begendiren zat has başga boldy. Gum depeleriniň arasynda täze bir syr peýda boldy. Gubagyz Annaga “sawçy ugradaýyň” diýenmişin diýlen gürrüň ýeke meni däl, hemmäni begendirdi.

 

                                                                                         Öwezmyrat ÝERBENDI.

Ýene-de okaň

Ýowuz gözellik (hekaýa)

Erkek adamyň ysy (hekaýa)

Kitjin (hekaýa)

Gökdepe  Nowella (hekaýa)

Obamyň ysy (hekaýa)

Ýeňiş (hekaýa)