Diýarymyzyň telekeçileri halk hojalygynyň dürli pudaklarynda toplumlaýyn işleri alyp barmak bilen birlikde islegli harytlaryň, hil nyşanly önümleriň bolçulygyny döretmekde hem-de işleriň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda görnükli hyzmatlary bitirýärler.
Şeýle kärhanalaryň arasynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän “Senagat plastik” hojalyk jemgyýeti hem mynasyp orun tutýar. Indi ençeme ýyldan bäri hereket edip, sarp edijileriň arasynda öz öndürýän ýokary hilli önümleri bilen giňden tanalýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hojalyk jemgyýeti ummasyz gorlara daýanýan ýerli uglewodorod çig mal serişdesini senagat taýdan gaýtadan işlemek arkaly alynýan polietilendir polipropilenden birnäçe görnüşli önümleri öndürýär.
Bu ýerde köp möçberde öndürilýän plastmassa ýükasty tekjeler toplumlaýyn gaplanylýan dürli önümleridir harytlary ýüklemekde we düşürmekde giňden peýdalanylýar. Olar harytlaryň ammarlarda talabalaýyk ýerleşdirilip, uzak wagtlap saklanylmagy üçin juda oňaýlydyr. Şeýle-de hususy kärhananyň öndürýän önümleri agaç tekjelerine garanyňda, önümçilik maksatlary üçin juda ygtybarly bolup durýar. Has takygy, howply we ýiti himiki serişdeleriň täsirlerine durnuklydyr. Plastmassa tekjeler gyzgyn suw bilen ýuwulanda hem hapalardan tiz we aňsat arassalanýar. Şonuň ýaly-da ýakymsyz yslary özüne siňdirmeýär, çyglylyk saklamaýar. Munuň özi, ýükasty tekjeleriň önümleriň ähli görnüşlerini daşamak üçin amatlydygyna, olary netijeli ulanyp bolýandygyna şaýatlyk edýär.
Ýeri gelende aýtsak, gürrüňi edilýän hususy kärhanada sarp edijileriň yzygiderli ösýän isleglerine baglylykda öndürilýän önümleriň möçberleri hem-de görnüşleri has-da artdyryldy. Muňa bolsa kärhananyň önümçilik kuwwatyna laýyklykda, ýylda 240 müň plastmassa tekjesine derek onuň çykarylýan möçberiniň iki esse ýokarlandyrylmagam doly güwä geçýär. Öndürilýän dürli ölçegdäki ýükasty tekjeleriň täze görnüşleriniň ýola goýulmagy hem diňe bähbitli netijeleri berdi.