BIZNES

Gümrük babatda türkmen-rus bilelikdäki işçi toparyň nobatdaky duşuşygy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasynyň) arasynda 2023–2024-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäginde bilelikdäki işçi toparyň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Döwlet gümrük gullugy habar berýär.

Duşuşygyň maksady 2023-nji ýylda özara hereketiň netijelerini jemlemek we 2024-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň esasy maksatlaryny kesgitlemekden ybarat boldy.

Duşuşygyň dowamynda kärdeşler ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesini döretmek, deslapky maglumat alyşmagy guramak we Ygtyýarly Ykdysady operatorlary özara ykrar etmek boýunça ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibinde taraplaryň okuw edaralarynyň işgärleriniň duşuşygyny hem-de okuw çärelerini ýakyn wagtda guramak meselesi, şonuň ýaly-da birek-birek bilen tejribe alyşmak maksady bilen iki tarapyň wekiýetleriniň özara saparlaryny guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar, duşuşygy jemläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek barada ynamyny bildirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar