SÖHBETDEŞLIK

“Artist tomaşaçy bilen artist”

Günleri biri-birinden zyýada ajaýyp ýurdumyzda medeniýet hepdeligi uly şatlyk-şowhun bilen bellenip geçilýär. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz medeniýet we sungat işgärlerine uly üns berip, olara Şa serpaýlaryny ýapýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet işgärlerine uly üns berlip, ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde medeniýet öýleri açylyp ulanylmaga berilýär. Biz hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet ulgamynda zähmet çekýän artist, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşat TAHYROWA bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty üçin söhbetdeş bolduk.

-Ilki bilen, bize wagt aýryp, söhbetdeş bolmaga razy bolandygyňyz üçin köp sag bolsun aýdýarys. Söhbetdeşligimiziň başynda siz özüňiziň teatr dünýäsine girip gelşiňiz barada gürrüň beräýseňiz.

Meniň kiçilik döwrümde teatra hiç hili höwesim ýokdy. Ýöne, umuman sungat ugruna bardy weli, edil artistlik ugruna höwesim ýokdy. Ilki bilen tansçy bolasym geldi, soň biriniň aýdym aýdyp duranyny görüp, aýdymçy bolasym geldi. Soň ulalanymdan soň, ejemiň özüniň isleýändigi üçinmi ýa-da oňa höwes edýändigim üçinmi, artistlige hormatym uludy. Ejemiň özi Aşgabatda mugallymçylyk mekdebini okan wagtynda teatra gaty kän gelýän eken. Şonuň üçin ejem meniň ýanymda artistler hakda kän gürrüň edip oturardy. Öýde teatrlarda oýnaýan artistler hakda kän aýdardy. Şondan soň men sungata has üýtgeşik göz bilen seredip başladym. Soň kinofilmler, multfilmler görenimde şolara daşyndan ses berip, sesimi üýtgeden bolup, güjüjek, pişijek, oglanjyk bolan bolup, şolaryň yzyndan sözlerini gaýtalaýardym. Şeýdip bir gün ejeme: “Men sungaty gowy gördüm. Men indi artistlik ugrundan gidäýsem, nähili bolarka?” diýdim. Şonda ejem öz ak ýüregi bilen, uly höwes bilen meni goldady. Ejem: “Meniň özümem bir wagtlar artist bolmagymy arzuw edipdim. Ýöne nesibäm çekip, mugallymçylyk mekdebine girmeli boldum” diýdi. Men, ine, şeýdibem artistlik ýoluny saýladym. Şol ugurdan Medeniýet institutynda okadym. Okuwy gutaranymdan soň ilki Mollanepes adyndaky Talyplar teatryna, soňra Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryna artist bolup işe girdim. Şeýdibem, şu ýerde birnäçe ýyllardan bäri zähmet çekip gelýärin.

-Siz teatra geleniňizde size öz maslahatlaryny berip, ýakyndan kömek eden kimler?

-“Teatr” diýlende meniň göz öňüme Liza Karaýewa gelýär. Sebäbi şol döwürde nusgawy oýunlar goýulýardy. Ispan ýazyjysy Garsiýa Lorkanyň “Bernardo Albanyň öýi” diýen oýny bardy. Şondaky rolam gaty agyr keşp. Sebäbi nusgawy keşpler hemişe agyr bolýar. Häzirki döwür bilen bagly oýunlar goýanymyzda, şol rollary öz gözümiz bilen görýäris. Nusgawy keşpleri bolsa göremizok. Şolary biz halypalardan öwrenmeli bolýarys. Olar köp zadyň üstüni açmaly bolýar. Liza Karaýewa maňa: “Bu oýun näçe ýyllardan bäri bu ýerde goýulýar. Bu keşbi näçe artistler oýnady. Gülşat, senem näçenji aktrisa bolýarsyň” diýdi. Ol bizi kulise alyp gidip, ispanlaryň medeniýeti, eşikleri, milliligi barada aýdyp bererdi. Sebäbi her milletiň öz milliligi bar. Sahnadaky keşpleriň her biriniň öz gürleýiş äheňi bar. Şol oýundaky keşbimiň üstünlikli çykmagy üçin Liza Karaýewa maňa uly kömek berdi. Эксклюзивность и утонченность, которую предлагают зрелые проститутки Санкт-Петербурга , превосходят все ваши ожидания и представления о настоящем удовольствии.

Soňam režissýorlaryň islegi boýunça gülkünç keşplerde hem özümi barlap gördüm. Gülkünç keşpleri janlandyrmagymda maňa ýakyndan kömek eden Orazgül Abbasowa. Ol ozaldan gülküli keşplerde oýnansoň, onuň ýanyna maslahatlaşmaga barýardyk. Ol hem bu ugurda birnäçe gyzykly gürrüňler berýärdi. Öňki artistleriň gülküli keşpleri barada gürrüň berýärdi. Şeýdibem Orazgül Abbasowa wäşilik ýolunda dogry gitmegime uly kömek etdi.

-Şu ýerde ilkinji janlandyran keşbiňiz barada gürrüň beräýseňiz.

-Ilkinji janlandyran keşbim Medeniýet institutynda okaýarkam Aýnazar Batyrow “Karma” atly hindi oýnuny goýdy. (Artistlik ýolumda dürli halklaryň adamlarynyň keşplerini janlandyranym üçin özümi bagtly saýýaryn). Şonda ilkinji gezek tansçynyň keşbini janlandyrdym. Şeýle oýunlaryň kömegi bilen beýleki halklaryňam edähedini, häsiýetini, medeniýetini öwrenýärsiň.

-Artistlik durmuşyňyzda başyňyzdan geçiren gyzykly wakaňyz barada gürrüň beräýseňiz.

-Ilki bilen, halk seni tanajak bolsa, halka belli adam boljak bolsaň, artistlik ýoluny saýlamaly. Sebäbi artistiň özi adamlaryň öňünde çykyş edýär. Sahnada yzda durup, maňa kiçi oýunlary janlandyrjak bolsaň, onda artistlik kärini saýlamaly däl. Artistlik kärinde sen belli adam bolmaly. Sebäbi sen keşp bilen tanalmaly. Şonuň üçin munda seniň özüňe, gapdalyňdaky kärdeşleriňe ynamyň bolmasa, artistlik kärinde işläp bolanok. Şonuň üçin ilki bilen mende özüme uly ynam döredi. Şu işde işläp, öz ýurduma gerekli adamdygyma özümde ynam döredi. Şu zatlaryň özi gaty uly zatlar diýip oýlaýaryn. Umuman, sen halk arasynda tanalýan adam bolmajak bolsaň, halk saňa “sen ol oýunda şu keşbi, bu oýunda şu keşbi janlandyrdyňyz” diýmejek bolsa, artistlik ýoluny saýlamaly däl.

Bir gezek Arçmana gidenimizde, bir aýal meniň ýanyma gelip, gözleri ýaşa doly edip, meniň iki egnimden tutdy-da, “Bernardo Albanyň öýi” oýnunda siz şeýle täsirli keşbi oýnadyňyz, sag boluň!” diýip, meni gujaklady. Şol oýun onda şeýle uly täsir galdyrypdyr. Bu zatlar seni, elbetde, buýsandyrýar.

-Teatrda oýun oýnamak kynmy ýa-da teleýaýlymda?

-Olaryň ikisem ýeňil zat däl. Näme üçin? Teatrda biz bir aýlap taýýarlanýarys, şonda oýnajak keşbiň bütin süňňüňe siňip gidýär, sözleri aňyňda galýar. Ýöne sen oýna bir aýlap taýýarlansaňam, ony bir pursatda oýnap görkezmeli. Şonda ýalňyşyňy düzeltme mümkinçiligi teatrda ýok. Biz tomaşaçynyň öňünde doly taýýar bolup çykyp, bir-iki sagadyň içinde oýny ýerine ýetirmeli. Sen şonda bütinleý ýygnanaýmaly. Biz oýundan çykanymyzdan soň öz-özümize baha berýäris, kemçiliklerimiziň üstünde işleýäris. Ýa-da tomaşaçy oýna tomaşa edeninden soň aýdýar. Teatra kän gezek gelýän tomaşaçylaram bar. Şonda olar “öňki oýunda şeýleräk boldy, beýleräk boldy” diýip aýdýar. Bular, elbetde, gowy zat. Emma biz kino düşenimizde bir aýlap söz ýat tutmaga hajat ýok. Saňa ssenariýany bir gün öňündenem, bir sagat öňündenem berip bilýärler. Bular olaryň taýýarlyklaryna bagly. Biz şonda berlen ssenariýany okap, gysga wagtyň içinde ony özleşdirip, keşbe girmeli. Ýöne, eger oýun režissýoryň göwnüne ýaramasa, onda ol oýny kesip bilýär ýa-da men saklap bilýärin. Ine, kinoda şeýle pursatlar bar. Kinoda şol tarap biraz ýeňil düşýän bolaýmasa, bularyň ikisinde-de biz keşp janlandyrmaly. Bularyň ikisinde-de biz biriniň keşbine girmeli. Umuman, bularyň ikisem ýeňil däl.

-Şu wagta çenli janlandyran keşpleriňiziň arasynda özüňize has ýakyn gören keşbiňiz haýsy?

-“Bernardo Albanyň öýi” spektaklynda oýnan keşbim. Sebäbi nusgawy oýunlarda oýnanyňda şol döwürdäki keşpleri janlandyrmak ýeňil däl. Her artistiň ilkinji janlandyran keşbi ýüregine ýakyn bolýar, onuň aňynda galýar, ol saňa has içgin täsir edýär. şonuň üçin ilkinji janlandyran keşbim maňa has ýakyn. Çünki ol oýny halypa Liza Karaýewa işländigi üçinem hiç wagt ýadymdan çykmaýar.

-“Teatr bilen durmuş biri-birinden üzňe däl” diýýärler. Siz bu pikire goşulýarsyňyzmy?

– Elbetde, üzňe däl. Sebäbi durmuş deňiz ýaly zat. Adamyň ömri ullakan zat. Biz bolsa, şol ömri bir-bir ýarym sagadyň içine salýarys. Ýöne teatrda goýulýan zatlar hemişe durmuşdan alynýan zatlar. Ine, häzirki döwürde biziň teatrymyz durmuşy wagyz edýär, bizem şolaryň wagyzçylary. Onsoň hemişe şeýle aýdylýan sözler bar: “Teatr – bu aýnadyr”. Biz ýurdumyzda bolup geçýän wakalary sahnanyň, eseriň üsti bilen halkymyza hödürleýäris. Şonuň üçin bular nesillerimize miras bolup galýar. Şonuň üçin teatr durmuşdan üzňe däl. Biz diňe durmuşda bolýan zatlary görkezýäris.

-Teatryň baş maksady näme?

-Meniň pikirimçe, teatryň baş maksady teatr muşdaklaryna ruhy lezzet bermek bolup durýar. Ýa-da bolmasa, sahna eserleri bilen sahna ussatlaryny görkezmek. Ýa-da ösüp gelýän ýaş nesli ahlak taýdan terbiýelemek, halkymyza, bütin dünýä ruhy gymmatlyklarymyzy açyp görkezmek.

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzda teatr bäsleşigi geçirildi. Şonda biziň teatryň girişinde iki sany ekran goýlupdyr. Şolarda Aman Gulmämmediň, Bazar Amanyň, Sabyr Ataýewanyň bölek-bölek suratlary gidip durdy. Şonda şolary göreniňde ýüregiň birhili bolýar. Sebäbi şolar ýaly beýik adamlary görüp duranyňa buýsanýarsyň. Çünki teatra oýun görmäge geleniňde durmuşda hem şolara meňzäsiň gelýär, käbir artistler ýaly geýnesiň gelýär, käbir artistler ýaly özüňi alyp barasyň gelýär. Şonuň üçin biziň teatrlarymyzda goýulýan oýunlarda hemişe millilik bar, ynsanperwerlik, watansöýüjilik temalary bar. Ine, şu wagtda talyplar bize gelip, köp oýunlarymyzy görýärler. Şolary görüp, mende şeýle umyt döreýär: şol ýaşlarymyz bizden, oýnumyzdan köp zatlary öwrenýärdir, biziň oýnumyz olarda uly täsir galdyrýandyr, geljekde olar hem şolar ýaly bolaslary gelýändir. Ine, Orazbike Jumaýewanyň “Durmuş kyssalary” diýen kinofilmleri bar-a, şol kinofilmlerde men, köplenç, gelinleriň keşbini ýerine ýetirdim. Şonda biriniň öýüne baryp, şu kinofilmleri surata düşürýäris welin, şonda bir daýy şeýle diýdi: “Gyzym, sag boluň! Siziň keşbiňiz ýaly keşplerde şeýle uly terbiýeçilik ähmiýeti bar. Biziň gelinlerimie-de şular örän gerekli zatlar. Siziň janlandyran keşbiňizden köp zady öwrenmek bolýar”. Dogrymy aýtsam, men özümem şeýle kinofilmlerde oýnap, gaty köp zady öwrendim. Şonuň üçin teatr adam haýsy ýaşda bolsa bolsun, ony ähli taraplaýyn terbiýeleýär.

-Ozalky we häzirki wagtda tomaşaçylaryň arasynda teatra berlen ünsde tapawut barmy?

-Teatr gowy görýän adam hemişe teatra gatnaýar. Ine, bizde “Gelinler” diýen oýun goýuldy. Şonda men ilki kiçi gelniň keşbini janlandyrdym, soňabaka bolsa, uly gelinleriň keşplerini janlandyrdym. Şonda tomaşaçylar “Siz ilki ol keşpde oýnaýardyňyz, indi bu keşpde oýnaýarsyňyz” diýip, syn berýärler. Indi, meniň diýjek bolýan zadym, teatry gowy görýän adamlar hemişe-de, yzyny üzmän teatra gatnaýarlar. Şonuň üçin tomaşaçylar bize şeýle uly üns berendikleri üçin onuň tapawudyny kän bilemizok. Teatra, artiste hormat goýýan adamlar teatrdan üzňe bolup bilmeýärler.

-Sahnada ähli işiň oňuna bolmagy üçin näme etmeli?

-Biz institutda okaýarkak mugallymlar şeýle diýerdi: “Sen sungada ak ýüregiň bilen ýapyşmaly. Sungada ikilik etmeli däl. Eger sen sungada ikilik edip, ony aldajak bolsaň, ol hem seni aldar. Şonda seniň işiň oňuna-da bolmaz, tomaşaçylaram seni kabul etmez”. Olaryň aýdýanlaryny biz teatrda göre-göre gelýäris. Käte adamyň ýaltalyk edýän ýerleri bolýar. Režissýor öňüňde otyrka ssenariýany okap otyrsyň welin, sen şol keşbi birnäçe gezek okanyňdan soň şol keşbi özüňe siňdirmeli. Şondaky okalyşda hiç hili keşbe girip däl-de, özüň bolup oka diýilýär. Soňra birnäçe gezek okanyňdan soň saňa ýuwaşlyk bilen düşündirip başlanyndan soň režissýora şu zady sahnada ýerine ýetiräýerin diýilýär. Ýöne käbir ýerde ýaltalygam, ejizligem, gowşaklygam edilýär. Eger şonuň ýaly ýalňyşlyk goýberip, gowşaklyk etdigiň sahna çykanyňda eden niýetiňe ýetip bilmän duransyň. Sebäbi sen işiňi päk, arassa ýüregiň bilen etmeli. Artistde göriplik diýlen zat bolmaly däl. Gapdalyňdaky adama hökman goldaw bermeli. Sahnada diňe öz keşbiňi gowy ýerine ýetirip, diňe özüňi oýlasaň bolanok. Sebäbi seniň gapdalyndaky saňa nähili hyjuw berýän bolsa, senem şoňa iki esse hyjuw beresiň gelýär. Sebäbi sen sahnada keşbi ýeke özüň ýerine ýetireňok. Sen keşbi sahnada hökman bir ýoldaş bilen ýerine ýetirýärsiň. Işiňe ak ýüregiň bilen, ynam bilen ýapyşmaly. Sen şeýdeniňde seniň ähli işiň oňuna bolar.

-Teatrda başyňyzdan geçen gyzykly wakaňyz bar bolsa gürrüň beräýseňiz.

-Meniň iň gowy görýän režissýorym Aman Kömekow. Men ony režissýor hökmünde ýüregime ýakyn kabul edýän. Režissýor haýsy keşbi kimiň ýerine ýetirip biljekdigini öňünden duýýar. Onuň aýdan sözleri göni jüpüne düşýär-dä. Özem şol oýun “ýüzlüge urýar”. Aman Kömekow işleşmek şeýlebir ýeňil, ol saňa seniň oýnamaly keşbiňi düşündirende özüňi suwuň ýüzünde akyp barýan ýaly duýýarsyň. Aman Kömekow “Bazar aganyň nesli” atly oýny sahnalaşdyrdy. Onda 1948-nji ýylda bolup geçen ýertitremeden soňky wakalar janlandyrylýar. Men şonda Akgül atly keşbi ýerine ýetirdim. Oýunda Akgülüň tutuş maşgalasy wepat bolýar. Beýleki maşgalaňam aýaly wepat bolýar. Akgülem ýetim galan gyzy gyzlyk edip alýar. Akgülüň öýündäkileriniň birem şol gyza gyzlyga alnandygyny bildirenok. Soň ol adam öýlenýär welin, bu gyzjagazam ulalýar, mekdebi tamamlaýar, ýokary okuw jaýyna girmäge taýýarlanýar. Ýöne ol gyz ejeligi bilen oňuşmaýar. Hemişe ony ýaňsylap, oňa “eje” diýip gaçyp gidýär. Şonda sahnada şol gyzyň ejeliginiň keşbini janlandyrýan aýal gyzjagaz “eje” diýjek bolanda ol gaharyna oňa “Ýetimçe, sen bu gyzyň öz gyzy däl. Sen bu öýe gyzlyk edilip alyndyň” diýip gygyryp, ähli zady äşgär edýär. şonda tomaşaçylaryň arasynda oýna tomaşa edip oturan ýaşuly aýal “Hi-i-i-i, waý aýdaýdy-da” diýip goýberdi. Şonda ony eşidip, ýüregim sogrulyp gitdi. (Biz oýun oýnan wagtymyz gulagymyz ker, gözümiz kör bolýar. Biz oturan tomaşaçylaram göremizok, hiç zat eşidemizogam. Sebäbi biz oýna girenimizden soň, hiç zada üns bermeýäris). Şol oýunda meniň aglaýan ýerim bar. Şondan soň kulise çykyp, agymy saklap bilemok. Diýmek, şol aýal oýnumyzyň içine girip gidipdir.

Eger artist şonuň ýaly adamlary oýundaky dünýä alyp gidýän bolsa, onda şol artistiň öz wezipesini dogry we laýyk ýerine ýetirenligidir. Ol seni, elbetde, buýsandyrýar. Meniň diýjek bolýanym, şondaky şol aýalyň şol hereketi meniň aňymda çuňňur yz galdyrdy. Sebäbi tomaşaçy bilen artistiň arasy üzňe däl, olar hemişe bile. Tomaşaçylardan bize “ýylylyk” gelýär, bizdenem olara “ýylylyk” barýar. Şeýle aramyz ýakyn bolansoň, biz tomaşaça, tomaşaçam bize kömek edýär.

Ýene bir wakany gürrüň bereýin. Bir gezek men multfilme ses bermeli boldum. Şondan çykyp gelýärdim weli, öňümden bir gelin çykdy. Men onuň bilen tanşyp, gürleşip gitdik. Onsoň ýolda barýarkak ol birden gülüp başlady. Menem oňa haýran galdym. Ol bir-iki agyz söz aýdyp, ýene jak-jaklap gülýär. Menem ondan gülýäniniň sebäbini soradym. Olam: “Sen arada bir kinoda bir keşbi janlandyrypdyň. Şonda öýmä edil bazardaky aýallar ýaly birzatlar diýipdiň. Edil şol bazardaky aýallar ýaly bolaýdyň. Şol ýadyma düşse gülkim gelýär” diýdi. Menem şonda nähili keşp janlandyranymy, ol ýerde näme diýenimi hyýalymda aýlap bardym. Şonda şojagaz ýerde ýerine ýetiren kiçijik keşbim adamlara şeýle uly täsir galdyranyny görüp haýran galdym.

Käte biz keşbe ýüzleý garaýan ýerlerimizem bolýar. Käte käbir keşpler özümizde hem uly täsir galdyrýar, käbir keşpler bolsa ýeňil bolansoň, olaryň üstünden ýüzleý geçip, degşip gidýäris welin, ýöne şol keşpler hem adamlarda şeýle uly täsir galdyrýan eken.

Häzirki wagtda adamy güldürmek örän kyn. Mysal üçin, adama durmuşyňdan bir gynançly zat gürrüň bereniňde adam eýýäm aglamak bilen bolýar. Adamy aglatmak güldürmäge garanyňda ýeňil ýaly. Ýöne oturan adamy güldürmek gaty kyn. Şol iň agyr zat. Şonuň üçin men janlandyran keşplerim bilen bir adamam güldürip bilen bolsam, onda meniň çeken zähmedim ýerine düşdi diýip oýlaýaryn.

-Halk arasynda “Artist hemişe ähli taraplaýyn bolmaly” diýen düşünje bar. Siz muňa goşulýarsyňyzmy?

-Artist ähli taraplaýyn bolmaly. Ýöne, bu hemme babatda hemme artiste degişli däl. Artist aýdymam aýdym bilýär, tansam edip bilýär, keşplerimem ýerine ýetirip bilýär. Aktýor bolsa, diňe keşpleri ýerine ýetirýär. Ol aýdymam aýdyp bilenok, tansam edip bilenok. Şeýle artistlerem bar. Edil seniň ýaňky diýşiň ýaly, ähli taraplaýyn artistlerem bar. Belli-belli komediýada oýnan artistler bar, olar tragediýada oýnamadyk. Ýöne şolar adamlaryň aňyndan hiç haçan çykmaýar. Käbir artistler bar, bütin ömründe tragediýa, drama oýnan, ýöne, gülküli sahnalarda oýnamadyk. Olaram adamlaryň aňynda galan, olaram hiç wagt ýatdan çykmaýar. Ähli taraplaýyn artistler diňe saýlama bolýar. Gülküli keşplerde-de her dürli häsiýetler bar. Gülküli oýunlaram ençeme böleklere bölünýär ahyry. Onuň üçinem ähli taraplaýyn bolmak gerek. Sen diňe  bir tragediýa, komediýa, drama oýnanyň bilen ähli taraplaýyn däl. Men şu wagta çenli gaty kän wäşi keşpleri ýerine ýetirdim, ýöne, dramanam, tragediýanam oýnadym. Ýaňy-ýakynda Gülälek Akmyradowa Gowşutgeldi Daňatarowyň eseri boýunça “Yşgyň gämisi” atly oýun goýdy. Şol oýunda dogumly, her kime pert-pert jogap berýän gyz bar. Ol öz dünýäsi bilen ýaşaýar. Ol durmuşa çykmadyk ýaş gyz bolsa-da, özüni uly adamlar ýaly alyp barýar. Şonda Gülälek maňa şol keşbi tabşyrdy. Men ol oýunda dublýor boldum. Asyl keşbi Selbinýaz atly aktrisa ýerine ýetirdi. Şol oýun ýakynlanda bir sebäp bilen oňa bir zat boldy. Şonda Gülälek maňa şol keşbi ýerine ýetirmegimi aýtdy. Men şonda şol roldan ýüz öwürjek boldum. Sebäbi men şol keşbi kabul edip bilmedim. Şonda Gülälek maňa ynanýandygyny aýtdy. Şeýdip Gülälegiň maňa bildiren ynamy şol keşbi talabalaýyk janlandyrmagymda uly kömek etdi. Şol oýun goýlan güni başga teatrlardaky tanyş artistlerime şol janlandyran keşbimi görüp, şoňa baha bermeklerini aýtdym. Olaram ony görüp, maňa ýokary baha berdiler. Şol oýundan soň Gowşutgeldi Daňatarowyň özem oýundaky keşbi meniň janlandyrmagymyň jüpüne düşendigini aýtdy. Umuman diýjek bolýanym, eger sen diňe bir ýoldan gitjek bolsaňam, onda-da ählitaraplylyk bar.

-Teatryň geljegi barada siz näme aýdyp bilersiňiz?

-Teatryň geljegi gaty gowy. Sebäbi tomaşaçy sahnada özüni göresi gelýär. Ýa-da oýundan soň tomaşaçylar kime meňzejekdigi barada, kimlere höwes edýändigi barada biri-birine gürrüň berýärler ýa-da okuwy gutaranymdan soň artist boljakdygyny aýdýar. Eger adamlar oýundan şeýle gowy arzuw bilen, şeýle gowy niýet bilen çykyp gidýän bolsa, oýunlardan ganatlanyp, ruhlanyp gidýän bolsalar, soň ýene-de şol oýny görmäge gelýän bolsalar, diýmek, teatr dogry ýol bilen barýar. Meniň pikirimçe, bu zatlaryň ählisiniň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň medeniýete, sungata berýän ünsi ýatyr. Şeýle ajaýyp mümkinçilikler döredilendigi üçin biz şu ýerde ganatlanyp, ruhlanyp işleýäris.

Bilşimiz ýaly, her ýyl biziň ýurdumyzda medeniýet günleri bellenilýär. Biz şol ýerde ähli ukybymyzy, ussatlygymyzy görkezip bilýäris. Ýa-da medeniýet ulgamynda, sungat ulgamynda zähmet çekýän adamlar bilen görşüp, olar bilen pikir alşyp bilýärsiň. Ine, şunuň üçin teatryň geljegi ýagty. Men şony her gezek tomaşaçylardan soraýaryn. Adamlar eger teatrdan gowy arzuw-niýet bilen çykyp gidýän bolsalar, onda teatr “diri”. Teatr adamlary ganatlandyrýar, höweslendirýär. Men şonuň üçin teatr ömürlik diýip pikir edýärin.

-Siz öz janlandyran keşpleriňizi göreniňizde özüňize nähili baha berýärsiňiz?

-Men tomaşaçylary ruhy taýdan lezzet berýändigime begenýärin. Meniň şu edýän işlerimiň azajygam bolsa şolaryň aňynda galýandygyna begenýärin.

Men örän tankytçy adam. Men özümi teleýaýlymda özümi göresim gelmeýär. Sebäbi, teleýaýlymda özümi teleýaýlymda görenimde özümde kän kemçilik tapýaryn. Men şolaryň üstünde işlemek üçin özümi görýärin. Elbetde, tankytçylyk hem bizi taplaýar. Tankytçylyk maňa indiki keşplerimi has gowy ýerine ýetirmegime kömek edýär. ýöne, käte özümiň gaty tankytçylygymy ýigrenýänem. Ýöne, her gezek tomaşaçylara gabat gelenimde olar maňa janlandyran keşplerimi sanap başlaýarlar welin, şonda men birazajygam bolsa ynjalýaryn. Diýmek, men käri dogry saýlapdyryn. Diýmek, men dogry ýolda barýaryn. Ine, şu duýgulary döredýändigi üçin şu kär gymmatly kär. Sebäbi, biz tomaşaçylar bilen, tomaşaçynyň pikiri, olaryň bahasy bilen artist. Eger sen ýolda barýarkaň seni görenler seni tanaman, ýanyňdakyny tanasalar, diýmek, seniň käriň artistlik däl, onda sen bu kärden gitmeli. Ýöne, men muny şöhratparazlyk diýjek bolamok. Çünki artist sözüniň manysy şol. Ýagny sen tomaşaçynyň öňüne çykýarsyň, şonuň üçinem sen tanalmaly.

-Artistleriň arasynda hem özüni badyhowa alyp barýanlara käte duş gelýäris. Siz olara nähili garaýarsyňyz?

-Men şolara gynanýaryn. Käte olaryň şöhratparaz bolandyklaryna özleri sebäp bolýar. Käte durmuşda men-men, gödek artistler bolýar. Eger tomaşaçy onuň bilen surata düşjek bolanda, onuň ýüzüni alyp goýberýär. Şonda hakyky artist özüniň häsiýeti nähili bolanda-da, özüni ele alaýmaly. Çünki tomaşaçy seni diňe bir pursatlyk görüp gidýär welin, öýünde seni maşgalasyna, dost-ýarlaryna gürrüň berýär. şonuň üçin artist hökman özüni ele almaly.

Türkmen, esasan sadalygy, halallygy bilen tanalýar. Şolar ýaly häsiýet, esasan zenan maşgalalarda hökman bolaýmaly. Ol köpçülikde özüni alyp baranda, gürleşende özüni ele almaly ýatdan çykarmaly däl. Adamlar artistleri gaty öwseler, oňa gaty üns berseler şeýle ýagdaýa düşüp bilýär. Şonda bu öwgüleri onuň “injigi götermejek” bolýar, onuň häsiýeti üýtgäp, özdiýenli bolup başlaýar. Şonuň üçin, sen-senligem, men-menligem gowy zat däl. Artist hemişe sadalygy ýatdan çykarmaly däl. Artist hiç haçan tomaşaçydan üzňe bolmaly däl.

-Siz özüňizi halypa hasaplaýarsyňyzmy?

-Ýok. Sebäbi “halypa” sözi gaty beýik at. Birwagtky halypalar şägirt taýýarlanlarynda şägirtlerini ýüregi bilen taýýarlaýan ekenler. Halypa bolmak üçin, ilki bilen pedagog bolmaly, ähli bilýän zatlaryňy şägirtleriňe berip bilmeli. Olara artist bolmagyň inçe tärlerini öwredip bilmeli. Meň özüm häzir wagtda köp zatlary öwrenýärin. Käbir artistler, mysal üçin Orazgül Abbasowa ýaly köp zady başdan geçiren artistler halypa sözüni hak edýärler. Sen şolary göreniňde oňa halypa diýeniňi özüňem bilmän galýarsyň. Şonuň üçin beýleki halypalar barka biz entek ýaş, halypalyk entek bize irräk. Ýöne, ýaşlar kömek sorap gelenlerinde olara özümiň maslahatlarymy berip, kömek edýärin.

-Teatra ilkinji gadam basan ýaş artistlere nähili maslahatlaryňyz bar?

-Ilki bilen, özüňe ynamyň bolmaly, käriňi söýmeli. Eger sen käriňi söýmeseň, ejizlän ýeriň kän bolýar. Şonuň üçin, eger käriňi söýseň, öňüňdäki ähli kynçylyklary ýeňillik bilen geçýärsiň. Şol sebäpden hökman käriňi söýmeli. Şonuň üçin men ýaşlara kärini söýmeklerini, özlerine berk ynanmaklaryny, hemişe sada bolmaklaryny maslahat berýärin. Artist eger men-men bolsa, onda ol ýarym ýolda galar. Sen hemişe özüňi ele alsaň, işiňe, käriňe ynamyň we söýgiň bolsa, ýüregiňde-de sadalyk bolsa, onda ähli kynçylyklary aňsatlyk bilen ýeňip bolýar. Şonda käriňem seni söýýär we öz akymy bilen senem alyp gidýär.

-Söhbetdeşligimizi tomaşaçylara edýän arzuw-islegleriňiz bilen jemläýsek.

-Tomaşaçylara biziň teatra gelip, oýunlardan ruhy lezzet alyp, bize ak ýürekden baha berip,  gowy arzuw-niýet bilen çykyp gitmeklerini arzuw edýän. Bize şeýle ajaýyp döwürde işlemäge uly mümkinçilik döredip berýän, medeniýete, sungata uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýaryn. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Kärdeşlerimiňem geçen hünär baýramyny tüýs ýürekden gutlaýaryn!

-Bizem size ajaýyp käriňizde uly üstünlikler gazanmagyňyzy tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

         Söhbetdeşligi geçiren: Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

    

Ýewro-2020: Çärýek final duşuşyklary

 

 

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda