HEKAÝALAR

Gökdepe  Nowella (hekaýa)

Gökdepe  Nowella

Gürrüň sungat – söweş sungaty hakda. Täsin ýeri, şol sungaty türkmen gyzynyň çölde gezip ýören gorkak towşandan öwrenişi barada. Onuň öz garabaşyny aman saklaman il-günüň aladasyny edişi barada. Rehim… Gyz namysy… Ýene-ýeneler…

               ***

Ýaş oglan ikimizi tutup getirenlerinde bu ýerde – ýerdölä meňzeş darajyk çukuryň içinde, başga-da iki adam bar eken. Olar biri-birine juda meňzeş, agyr elli, agzy giň adamlardy. Zyndan – çukur howul-hara gazylan borly, özem täze gazylypdyr. Sebäp heniz doly basgylanyp ýetişmedik toprakdan güýz howasynyň ysy gelýärdi.

Çukur dar bolansoň biz gysylyşyp otyrdyk. Iň ýaman ýeri hiç kimden hiç hili ses çykanokdy. Hat-da olar uly adamlar bolsalaram maňa – on bir ýaşly oglana nebislerem agyrman, kemterisinden adymam soranokdylar. Bu görnüş, biziň oturan garymymyzy hasam hasratly edip görkezýärdi. Ýöne biziň görme-görşe gelmändigimizem düşnüklidi.

Oňa derek ýowuz ýaraglaryň şakyrdysy, ýeňişlerine ynamy bolan duşmanyň öň eşidilmedik süwümsiz gykylyklary eşidilýärdi. Haçan-da gülki sesleri has gaty çykanda, ýaş oglan dodaklaryny müňkülledip, gaşlaryny ünjüli birleşdirdi. Şonda oň gaharly ap-ak üýzi hasam owadan görnüşe girýärdi. Gaýrylar – soraşman gelen myhmanlar bolsa, kişiniň topragyndadyklaryna sähelçe-de müýnürgemän barha beterini çykaryp wahahaýlaşýardylar.

Biz uzak oturmaly bolmadyk. Olardan birisi – garry urşujy agyr elli adamlaryň ikisinem alyp gitdi. Soňam biziň edýänimizi görüň diýýän ýaly, ýaş oglan ikimizem şo ýere südenekletdi.

Biz baramyzda gaýry halkyň urşujylary halka gurap durdy. Keýpleriniň aşa kökdüginden ortarada, som-saýak bolup duran agyr elli adama öz dilerinde birzatlar diýip pitjiň atýardylar. Kimdir biriniň salan daşy eýýäm oň maňlaýyny çilik ýaly çişiribem ýetişipdir. Oň bolsa ýeke bir aýaklary däl, budlaryna çenli saňňyllaýardy.

Olardan bykyny kiçi kelteräk urşujy orta çykdy. Olaryň göreşleri göreş bolup göreş däldi. It urşuna meňzeş birzatdy. Keseki urşujy ýapyşanda sakyrtga ýaly ýapyşýardy, agyr elli adam bolsa, ýöwseljiräp çemeleşýärdi. Ýogsam ol özüniň agyr eleri bilen garşydaşynyň hereketlerinden aňsatlyk bilen sowlup biljekdi.

Töweregiň bolsa gykylygy köpelmese köşeşerli däldi. Hat-da, olaryň tomaşany synlamaga alyp gelen zenanlaryna çenli ellerini çarpyp gülýärdi.

Ahyry agyr elli adam doňuz ýaly güýjüniň barlygyna garamazdan özüniň güýjüniň pesligini boýun ally. Gaýrylar muňa öňküdenem beter gygyryşdylar. Ýene kimdir biriniň salan kesegi agyr elli adamyň kellesine degip pytrady.

Ikinji ýoldaşymyzyňam ýagdaýy şoňkydan enaýy bolmady. Olam az-owlak çörňeleşen bolup bahymam bir gyra çekildi.  Bu ýagdaýlaryň hemmesini ak ýüzli oglanam görüp durdy. Her gezek olaryň emelsiz çekeleşenini görübem gaharyna ýumruklaryny düwýärdi. Men ony görüp hem begenýärdim, hemem heder edýärdim. Birden yrsaraşyp duran gaýrylaryň biri göräýse…

Agşam çukura gelemizde ak ýüzli oglan bilen agyr elli adamlaryň arasynda şeýle gürrüň bolly.

– Siz türkmenmi?

Ýaş oglanyň bu sowalyna olar ýöwseljiräp jogap berdiler.

– Türkmen bolamyzda näme?

  • Ýaňkylaň näme üçin petigulysyny bermediňiz?
  • Ýok ederler öýdýäs…
  • Näme indi sylap goýarlar diýip pikir edýäňizmi. Içiňizi bir sowatmaly ekeniňiz!
  • ?..

Daňa golaý olaryň ikisinem alyp gitdiler. Soň biz olary gaýdyp görmedik. Ertesi bizi ýene şo ýere alyp äkitdiler. Men ýene iturşy ýaly göreş bolar öýütdim. Ýöne beýle bolmady. Ak ýüzli oglany orta çykaranlarynda oň garşysyna eli göni gylyçly biri çykdy. Ol özüniň gylyjy bilen her-hili söweş sungatyny görkezip, epeýsireýärdi. Käte-de gylyjynyň ujyny ýaş oglana degirip ony aç-açan söweşe çagyrýardy.

Bu adalatsyzlykdy, onda-da baryp ýatan adalatsyzlykdy. Heýem bir eli ýaragly bilen ýaragsyzam deň bolarmy. Meniň janym çykara gelli. Ýöne haraý soramaga adam ýokdy. Töweregiň bolsa gykylygy asmana galýardy. Ýöne birden garaşmaýan ýagdaýym ýüze çykdy. Ak ýüzli oglan arkasyndan – donunyň iç ýüzünden türkmen gelin-gyzlarymynyň haly dokaýan daragyny çykardy. Hamala ol ony hut şeýle ýagdaý bolar diýip göterip ýören ýaly. Elbet-de, ýok ýerinde daragam ýaragdy. Ýöne ol sungat döretmek üçin ýasalypdy. Bu ýerde bolsa ol adamyň garabaşyny goramalydy. Onda-da gylyç gylyç bolýar, darak darak bolýar. Olaryň oýny deň gelermikä?

Indi töweregiň mähellesi gygyryşman ak ýüzli oglanyň elindäki daraga – keltejik ýaraga seredişýärdiler. Hat-da uly serkerdäniň özem boýy iki garyşdan uly bolmadyk täsin “ýaraga’ gözüni gyrpman seredýärdi.

Ak ýüzli oglan garşydaşyna otlukly ýaly topulýardy. Onda bürgüt çeýeligi ýaly çeýelik, aç syrtlanyňky ýaly çakganlyk aç-açan duýulýardy. Garşydaşam ondan howatyr edip, hernä gylyjyny bulaýlasa-da, bir üýtgeşiklik ýüze çykanokdy.

Birdenem ak ýüzli oglan bir öwrüm etdi-de, elindäki daragy garşydaşynyň göni ýeňsesinden urdy. Men o emele beletdim. Biziň ilimizde oňa “Towşansapy” diýýärler. Beýle diýilmeginiň sebäbi, awçy ejizje towşany yzarlap barýar. Towşan bolsa awçyň demine düşmeli däl. Onsoň ol çöpe garap busmazyndan öň gaçyp barýarka bir gyra, saga ýa çepe üç-dört ädim böküp, yzyny ýitirýär. Şeýdibem ol köplenç halas bolýar. Ak ýüzli oglanam şol emeli ulandy.

Dokmanyň ýiti daragy garşydaşynyň ýeňseden gelýän boýun damaryny üzen borly. Han-ha indi urşujy ýerde çabalanyp ýatyr. Gany gyzan ak ýüzli oglanam indi gezek kimiňki diýýän ýaly gelmişeklere ýaragyny çeneýär. Bu uly hasratyň öňündäki kiçijigem bolsa ýeňişdi. Sebäp indi ony sylap goýmajaklary görnüp durdy.

Daşy gallap duran urşujylar uly gowurda öwrüldi. Olar öz dillerinde birzatlar diýip gygyryşýardylar. Ak ýüzli oglana haýbat atýardylar. Ana-da, olaryň biri gylyjynyň baljygyny ýazdyryp orta çykdy. Ýöne ak ýüzli oglan per bererli däldi. Indi oň bütinleý garagy gapylyp, diňe garşydaşyndan üstün çykmak maksady bilen darkaş gurýardy. Ol şeýle hem boly. Ikinji garşydaşam şol emele uçrady.

Haçan-da ak ýüzli oglan üçünji urşujy bilen garpyşanda onuň başyndaky telpegi sypyp, oň gyzdygy, onda-da owadan gyzdygy aýan bolly…

Märeke muňa aňk bolup durdy. Kimdir bir urşujy oňa tüpeňini çenedi. Şol wagtam çykan çasly ses hemmeleri butnamazlyga sezewar etdi.

– Saklanyň!!!

Bu ses uly serkerdäniň sesidi. Ol oturan ýerinden göni gyza tarap gaýtdy. Meniň kelläme onuň hut özi urşaýjakmyka diýen pikir gelli. Ýöne oň gelşi gaharly däldi.

– Men öňem türkmenleriň gözsüz batyrlygy hakynda eşidýärdim. Ýöne ol meň çak edişimdenem has beter eken. Eger türkmeniň gyzy şeýle söweşýän bolsa, onda ýigitleri nähili söweşýärkä…

Gyýtmak gözli dilmaç özüniň çalgyrt dili bilen bu sözüň baryny gyza düşündirdi. O sözeri gyz bilen bile menem diňleýärdim. Öz halkyň hakynda başga bir halkyň ýakymly söz aýtmagy elbetde gowydy. Ýöne häzir, kim ýeňse şoňky dogrudy.

Gyz sesini çykarmady. O bolsa ýene sözüni süýndürip dowam etdi.

– Ýöne siziň merdana top-tophanasyz nähili urşup biler. Hat-da akylada sygjak zat däl!

Bu gezek gyz saklanyp bilmedi.

– Ýaraglary bolmasa-da, olaň ýürekleri bar…

Serkerde indi düýbünden başga hörpden gopdy.

– Gyz, mertligiň üçin men seň gara başyňy özüňe goýýan. Ýöne bir şert bilen…

Gyz sesini çykarmady. Serkerdebaşy sözüni dowam etdi.

– Seň täsin söweş sungatyň bar eken. Sen şol emeli biziň nökerlerimize-de öwret. Onsoň sen azat…

Men pikire gitdim. Indi näme borka. Ol garabaşyny azat edermikä… Ýa…

Türkmen gyzy pert jogap berdi.

– Ýok, ol hiç haçanam bolmaz. Sen öwreneňsaň şol söweş sungaty bilen ilimi-günümi gyrmakçymyzsyňyz? Ýok!!!

Uzak pikirlerden soň Serkerdebaşy şeý diýdi.

– Sen gyz, hakykatdanam türkmeniň gyzy ekeniň. Ol şeýle-de bolmaly. Öz garabaşyňdan topragyňy, il-günüňi belentde goýmaly… Özüm bolsamam şeýle ederdim. Mert namardyň golundan dünýeden gitmeli däldir. Sen boş, bar gidiber… O sümüklinem ýanyň bilen alyp git…

Biz gidip otyrdyk. Gyz – Gubagyz indi hiç zat geplemän diňe aglaýardy. Azat bolmak, erkinlige çykmak gowudy. Men ol azat bolanyna begenip aglaýandyr öýütdim. Ýöne ýalňyşan ekenim. Haçan-da biz galany alkymlanymyzda ol şu sözleri aglaman aýtdy.

– Jigim, mundan aňryk seň ýeke özüň git. Men üç günläp öýümden ýabany ýatamsoň, iliň-günüň gözüne göni seredip bilmen… Men türkmeniň gyzy…

Ol şu sözleri aýdyp menden daşlaşdy. Indi Gubagyza derek men aglaýardym. Hemem sesimiň ýetmejegini bilsemem oň yzyndan gygyrýardym.

– Dolan Gubagyz, sen  ak çägelerdenem päksiň!..

Soň näme bolly?

Soňmy…

Men gaýdyp merdana gyzy görmedim. Ýöne kimdir biri oňa goşgy goşupdyr diýip eşitdim. Ol şeýle hem bolaýmaly. Mertlik ýerde ýatmaýar ahyry. Şol goşulan goşgyň barysy bolmasa-da, üzlem-saplam meň gulagyna ýetdi.

Gubagyzyň dodagyndan,

Günüň nurly çogy öpdi.

Gum gyzyznyň bedenini,

Gök sazagyň püri ýapdy.

Ak çägeler gözün sürtdi,

Çyn mertligiň tozuny,

Agyr ýyllar ýitirmedi,

Naçar gyzyň yzyny…

         Goşgyň soňky setirlerini men näçe gözlesemem tapyp bilmedim. Ýöne düýn bir habar gelli. Gum etegindäki obalaryň birinde Gökdepe barada bir topar goşgy tapylypdyr diýdiler. Megerem şolaryň içinde bardyr…

                                                                                   Öwezmyrat ÝERBENDI.

 

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri