MEDENIÝET

“Gladiator-2” filmi 2024-nji ýylda görkeziler

24 ýyldan soňra meşhur “Gladiator” filminiň 2-nji bölümi kino tomaşaçylarynyň dykgatyna ýetiriler. Awstraliýaly ady belli aktýor Rassel Krounyň baş keşpde oýnan “Gladiator” filminiň 2-nji bölümi 2024-nji ýylyň 22-nji noýabrynda görkeziler.

“Paramount Pictures” kino kompaniýasynyň beren maglumatyna görä, tomaşaçylar ýene-de bir ýyldan “Gladiator-2” filmina tomaşa etmek mümkinçiligine eýe bolar.

Täze filmde baş keşpde irlandiýaly aktýor Pol Meskalyň oýnamagyna garaşylýar.

Täze filmiň ssenariýasy entek doly tamamlanmady. Ýöne ol Rassel Krou tarapyndan baş keşpde oýnan general Maksimusyň aradan çykandan soňky döwri öz içine alar. Filmiň ikinji bölüminde Rim imperiýasynyň imperatory ogly Kommodyň ýegeni Lukasyň durmuşy janlandyrylar.

“Gladiator” filminiň ilkinjisi 2000-nji ýylda görkezilipdi. Bu film dünýä prokatlarynda 460 million dollar möçberinde girdeji getiripdi.

Ýene-de okaň

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär