HEKAÝALAR

 Gije ýene öz ertekisini otardy

                                                                               Hekaýa

         Indi biziň obamyzda-da hemişekileri ýaly awam galmady, awanam. Öňler adamlar topar-topar bolup awa çykardylar. Ýöne olar awyň keýpine däl-de, ata-baba gelýän kesbiň ýitip gitmezligi üçin şeýle ederdiler. Hat-da adamlar uzak ýaşar ýaly bürgüt guşuny obamyzyň gyrasyna getirip daňardylar.

Bu gumlularyň ata-babagelýän ýörelgesidi. Jüýten kempir şeýle etseň bürgüdiň ruhy obamyza geçip, adamlar edil bürgüt ýaly uzakdan-uzak ýaşarlar diýýär. Ol hut şeýle hem bolupdyr. Eneler ak gyňaja bürenipdir, gojalar bolsa, müňen garry bolupdyrlar.

Indi bolsa o zatlardan nam-nyşan galmady. Bürgüt guşy – gär bürgüt Gyzyrgany iň soňky ýola gola salan Ogullanyň kakasy bolly. Ondan bärem gör näçeme çarşenbeler geçip gitdi.

Şu gün bolsa Ogulla şo teklibi orta atdy. Bi ýöne-möne teklip däldi. Gyz onda-da, obamyzyň iň owadan gyzynyň teklibidi. Bi görnüp duran zat kimde-kim bürgüt guşy gola salsa Taňryýalkasyna garaşybermeli. Ýöne kakasynyň ornuny tutan oglana Ogulla-da perwaýsyz garamasa gerek.

Gärbürgüt Gyzyrgany golan salmak üçin obamyzyň gyzyleňek jahyllarynyň barysy diýen ýaly uly umyt bilen gara daglara tarap ýöneldi. Hemmäniň pikiri ýeke bir pikir – Ogullany ýekeje ýola, gyz bakyşy bilen özüne seretdirmek.

O döwürler söýgi ownamaýardy. Tenini bilýän ýigitler gyzyň, onda-da gum gyzynyň ýekeje bakyşyny bütin ömrüne ýoldaş edinerdi. Ýöne ol bakyşam hakyky gyz bakyşydy. Şo inçejik tama bilen Üpük mergenem şu gün ýola düşdi. Bi begençlidi. Ýöne Ogullanyň gulagyma pyşyrdap aýdan sözi has begençlidi: “Mergene aýdaweri, birden awuny kişä aldyraýmawersin…”.

Bi söz meni awa barýanymyzdanam beter begendirdi.

Dag ýurdy biziň sähralarymyz ýaly däl. Bar sat saňa dözümli garaýyş bilen seredýär. Göwnüňe bolmasa dünýäniň bar ýerini gara daşlar eýelän ýaly. Ýalňyz ýüregiňe teselli berýän zat olaryň biri-birine kölegesini düşürip, söýenişip oturýandyklary. Hemem bürgütleriň şoň göwsüni özlerine mekan edip  saýlandyklary.

Biz gidip otyrys. Käwagt bir uçup geçýän owunjak guşlary hasaba almasaň töwerekde yns-jyns ýok. Meniň göwnümi göterýän ýeke-täk zat Üpük mergeniň burnuna salyp bürgütler hakynda aýdýan aýdymy. Ýöne o-da şähdiňi açjak aýdym däl. Onda-da, diňläýesiňi getirýär. Sebäp ol köneden gelýän aýdym. Köne aýdymlar bolsa seni hemişe diňledýär.

Ganatym gyryldy, çüňküm sürüldi,

Onda-da diýmerin eý bende aman.

Bürgüdem men, bürgüt bolup öterin,

Kysmatym ne hal bolsa-da, ýaman…

 

Bürgütleň ýaman kysmaty bolmaýar. Ýöne näme üçindir aýdymda şeýle diýilýär. Şu aýdymy diňlänimden soň azajygam bolsa bürgüt bolup ýaşasym gelýär. Kişi minnetsizlik, erkinlik o döwürler oglan ýüregimiň arzuwydy…

***

Ertesi Üpük mergen meni aşakda galdyryp, özi ýokaryk – heniz keýikleriňem toýnaklarynyň sekmedik ýerine –  bürgütleriň mekanyna tarap ýöneldi. Ana şol gündenem, bujurygy çykan günleriň gapysy giňden açyldy. Ilki güýz ýüňüni ýada salyp duran iýmeşik bulutlar birinden gaçýan ýaly gyssanmaç geçip başlady. Soňam ýagyş iri damjalaryny gysganyp geçip gitdi. Agşama golaýam töwerek çaýkanan çal ýaly bolly. Bu görnüş ýüregiňe howp salýardy. Sebäp goluňy uzatsaň ýetjek bolup duran gara daşlaram indi görnenokdy. Men öň gara zatlardan gorkýardym. Indi bolsa aklykdan gorkýan. Özem gaty gorkýan. Garalyga adam öwrenişýän eken. Aklyga bolsa öwrenişmek kyn. Sebäp olar öz aklygy bilen üstüňe howp salýarlar.

Ertesem şeýle ýagdaý dowam etdi, birigünem. Töwerek urba sepilen ýalydy. Bi dag ýurdunyň oýnudy. Men onuň her-hili ýowuz oýunlarynyň bardygy barada eşidipdim. Şeýle ýagdaýyň – aklygyň, ümür-dumana öwrülip birnäçe güne çenli dowam edýändigi barada-da gürrüň ederdiler.

Bir gezek şeýle bir waka bolýar. Awçy gara üstüni basdyrmajak bolup gowaga girýär. Ertesem gowagyň agzy buz bilen örtülýär. Soňam ol ebedi buzluga öwrülýär.

Birden gulagyma bir ses gelen ýaly bolly. Bu Üpük mergeniň sesidi. Adam ýalňyzka uçup barýan siňegem özüne höwür boljak eken. Men begenip üç-dört ýola Üpük mergeniň adyny tutup gygyrdym. Ýöne hiç-hili ses çykmady.

Meniň muňa lapym keç bolly. Ýöne edip biljek çäräm ýokdy. Ýalňyz göwnüme teselli berýän zat Üpük mergeniň heniz dünýede barlygydy. Daş-töwerek bosa henizem dymmak bilen haýbat atýardy.

Uzakly günüň ýadawlygyndanmy ýa agyr pikirlerdenmi ýatyp galypdyryn. Adam şeýle ýagdaýdaka onuň ýalňyz guwanjy düýşi boljak eken. Düýşüme Ogulla girdi. Ol hemişekisi ýaly owadan gözlerini süzüp şeýle diýýär.

“Mergene aýtgyn, awuny kişä aldyraýmasyn…”.

Men zähräm ýarylan ýaly bolup hiç zat görünmese-de garadaglara bakyp gygyrdym.

  • Men Ogullanyň kimi gowy görýänini bilýän!..

Şeý diýip men laýyk üç ýola gygyrdym. Soňam hiç kimiň köşeşdirmejegini bilsemem agladym. Soňam ýene agladym. Soňam ýene-de… Bi meniň oglanlykdan saýlananymdan soňky ilkinji ýola aglaýşymdy.

Birhaýukdan soň Üpük mergeniň boguljyrap çykýan gyryljak sesi eşidildi.

  • Kimi?!.

Men sesimi çykarmadym. Üpük mergen ýene gygyrdy.

– Men saňa diýýän, ol kimi gowy görýä!?.

Men ýene sesimi çykarmadym. Inni Üpük mergen gyzyň kimi gowy görýänligini biljek bolup hem ýalbarýardy hemem haýbat atýardy.

– Aýdaýsana jan Öwekge, Ogulla kimi halaýar?..

Men şu ýerde şeýle ýowuz günde söýgüniň, onda-da çyn söýgüniň adamzat ýaşasa ýaşajakdygyna oglanam bolsam akyl ýetirdim. Söýgi ýaşasa, adamam ýaşar, Üpük mergenem ýaşar.

Hawa, soň näme bolly?

Soňmy…

Men gözümi açsam ümür-dumanlar sowlupdyr. Üpük mergeniňem ýüzi gaharlam bolsa, garaz ýylgyrýardy.

***

Ýalançy diýilýän uly dünýäniň ýalançy şowhuny ýene meni özüniň ýumşak aýasy bilen özüne çekdi. Ogulla-da abraý bilen Üpük mergene gowuşdy. Ýöne imi-salalykda dünýä guwanyp ýaşap ýörmek nesip etmedi.

Gumlularyň däbine görä ýedi ýyl saklanyňdan soň Bürgüt guşuny başyňdan üç ýola aýlap uçuryp goýbermelidi. Ol edilmedi. Özem bilmän däl-de, bilip edilmedi. Jüýten kempir ata-baba ýörelge bolup gelýän däp bozulýar diýip kän agzady. Ýöne oňa-da gulak gabardan bolmady.

Gärbürgüt – Gyzyrgany uçuryp goýbermezliginiň ilkinji sebäbi Göwher gelnejemiň inni öňräkden bäri başyndan bürenjeginiň aýrylmaýanlygydy. Oňa hemmeleriň nebsi agyrýardy. Şonuň üçinem ol elindäkijesem gider öýdüp, ene bürgüdi uçurman saklaýardylar. Ene bürgüt bolsa hut olaryň gapysynda örklenen.

Meň Göwher gelnejemede nebsim agyrýar. Ýöne bürgüt guşa-da dözemok. O ýerde üç gulaç tanapyň aşagynda ene bürgüt ýygrylyp otyr. Bu ýerde-de çagajygyň aglaýan sesi gatlyşyp Göwher gelnejemiň zaryndan-zaryn sesi dynman ýaňlanýar. O ses hüwdi bolup hüwdi däl, suwda gark bolup barýan adamyň kijijek gamyşa elini ýetirip şondan delalat isleýşi ýaly bir zat. Şonuň üçinem ol has gamgyn eşidilýär.

Öň telim ýola durmuşdan awunan adamyň sesi hasam zaryn eşidilýän eken. Men o sesi eşitmejek bolýardym, ýöne barybir eşidýärdim. Ana, bu günem şeýle bolly.

Bürgüt guşum, söwer guşum,

Goragyn sen balamy meň.

Algyr guşum, gara başym,

Uzak ýaşat çagamy meň…

Göwher gelnejemiň bu sesi gulgymda hemişe ýaňlanyp duran ýaly bolup sähralara uzalyp gidýärdi. Göwnüme bolmasa sähralaryň ot-çöplerem başlaryny egip, garabagyr enä ezmayşlyk edýän ýalydylar.

Ene bürgüdem inni geçmişini ýatlaýan ýaly töwerege otlukly nazaryny aýlaman, hesret ümeziniň aňyrsyndan uly dünýä seredýärdi. Şeýdip bişeýkel günleriň şaýady bolup ýaşap ýördük. Gündizlerine nähilem bolsa, ol-bi bilen günüň geçýärdi. Gijelerine bolsa, çaltrak daňyň ataryna howlukdyrýardy.

Bürgüt guşuň hasratam ýetik bolarly. Olam gijesine düwdek bolup ýatardy. Men şonda onuň özüniň gowy geçiren günlerini ýatlaýandyr diýip pikir ederdim. Ol şeýledirem. Sebäp adam garran mahaly diňe süýji günlerini ýatlaýar. Asla oň gowy güni bollymyka? Erkinlikde ýaşamagyň özi gowy gün-ä…

Agşam men bet hyýala mündüm. Bi meniň özümi bilelim bäri ilkinji ýola bet iş etjek bolşumdy. Niýetim ene bürgüdi boşatmak. Gijäniň näwagtdygyny bilemok. Ýöne wagtyň birçene baranyny bilýän. Durmuşyň iň soňky demi – Baltagyň haýbatly sesinden başga hiç zat eşidilenokdy. Biraz salymdan olam ýatdy. Diňe Göwher gelnejemleriň öýünden iglije Nonatjygyň aglaýan sesi gelýärdi.

Hemişeler ene bürgüdiň golaýyna barsaň, ol gaharly topulýardy. Häzir bolsa mejalsyz halla çugutdyryp otyr. Özem aglaýan ýaly. Gijeligem bolsa men Aýyň ýagtysyna onuň gözlerindäki bir bulaşyklygy syzdym. Men bürgütleriň öz maslygyny ejizlere görkezmejek bolup, daglaryň çür başynda – hiç kimiň görüp bilmejek ýerinde ýagty dünýe bilen hoşlaşýandygyny bilýärdim. Ýöne olar aglaýandyr öýütmeýärdim. Häzir bolsa meniň oglan gözlerim dünýäniň iň mert haýwanynyň umytsyzlygyny görýär. Merdiň ejizligini görmek… Eý-ho, beýle zuluma şaýat bolmak hiç kime miýesser etmesin…

Men soňuny saýman tanapy kesjek bolamda, ilki Nonatjygyň kimdir biri çümmükleýän ýaly, jägillisi eşidildi, soňam garaja öýüň eňsisi syrylyp gitdi.

– Öwekge, gijäniň bir wagty näme işleýäň?..

Ogurlykda tutulan ýaly bolup men büs-bütin aljyradym. Özem gaty aljyradym. Dilime gelen sözem şü bolly.

– Geçip barýadym, görsem Nonatjyk gaty aglaýan ýaly, bürgüt guş boşanandyr öýütdüm…

Men öz dilimden özüm bela gallym.

– Nonatjyk soňky döwür has kän aglaýar, menem ene bürgüt boşanandyr öýdüpdirin… Şujagazym bir aman galaýsa…

Göwher gelnejemem şeý diýip, bary-ýogy üç gulaç örüsi bolan ene bürgüdiň tanapyny üç garyş edip goýdy. Indi ol ne garanjaklap bilýärdi, ne-de daranyp. Bir döwürler ol asamanyň soltan bolan ene bürgüdiň kysmaty inni üç garyş ýüpe diräpdi. Gör pelegiň oýnuny…

***

Men özümiň heniz merez ýaşym bolmasa-da durmuşyň äpet tabagyndan zäher datmaly bolanyma gynanýardym. Hiç kimiň görmeýän, bilmeýän ýerine – ýitirim çöle tutduryberesim gelýärdi. Ýöne onam edip bilemokdym. Ýalňyz hossarym Ýerbendiň gamly ýelleridi. Diňe ol meniň kararsyz kalbyma düşünýän ýaly birsyhly gamgynlyk bilen öwüsýärdi.

Şeýdip günler bişeýkellik bilen aýlanyp durdy. Hiç bir zat, hat-da möhüm waka-da ýadyňda galanokdy. Maksatsyz ýaşamak iň erbedidi. Aý-gün bolsa aýlanyp durdy. Ýöne şol bir görülýän, eşidilýän zatlardy. Nonatjygyň jägillsi, Göwher gelnejemiň “Ýet Öwekge, bürgüt boşan bolaýmasyn” diýýän sözleri  hemem ene bürgüdiň alaçsyz gamgyn gözleri. Inni meň oglan göwnüme dünýe üç sany ýowuzlyga dirän ýalydy.

Men o wagtlar has ýaş bolamsoň, Allanyň guran dünýäsini bendesi düzedäýer öýderdim. Ýöne ol beýle bolmaýan eken. Men oňa soň-soňlar düşündim. Ýöne eýýäm ömrüň ýarysy geçiberipdi. Ynsan balasynyň ýaradylyşy şeýled-ä. Hemişe ahmyrda ýaşap ýörmeli…

***

Agşam meň kalbyma ýene dälilik aralaşdy. Men ertekileriň döreýän ýerine barýan ýaly ümsüm barýardym. Şol gijäni – symgylt ýyldyzlaryň şöhlesi düşýän ajaýyp gijäni men hiç haçan ýadymdan çykarman. Ýyldyzlar asmanda petreşýärdi. Nurly Aý ene bürgüdiň ýüzüni ýagtyltjak bolýan ýaly çaltlyk bilen oňa tarap süýşýärdi.

Soňky bolan zatlar meň ýadymda däl. Bir-ä Göwher gelnejemiň: “Goragyn sen balamy meň” diýýän sesini bilýän, birem ene bürgüdiň pasyrdap asmana galanyny. Ýene bir bilýän zadym Üpük mergeniň: “Bi seň işiňmi?” diýýän sözüne sesimi çykarmanymy.

Men Nonatjyga dözmedigem bolsam, obamyzyň öňünde ýüzüm gara-da bolsa öz eden işimden ýüregim razydy. Haçanam bolsa bir wagt, “Eý ynsan balasy, sen ýaşan ömrüňde, sogap iş edipmidiň?” diýip soralaýsa, men utanman: “Şo-ol bir wagt Ýerbendiň gamgyn ýelleri öwüsýän gijede Ene bürgüdi bendilikden halas edip asmana uçurypdym” diýerin.

***

Gije ýene öz ertekisini otardy…

                                                                                           Öwezmyrat ÝERBENDI.

 

 

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri